Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 28 January 2018 19:37

Türkmenistanda üç sany täze wise-premýer-ministr bellenildi

Türkmenistanda üç sany täze wise-premýer-ministr bellenildi
26-ny ýanwarda Türkmenistanda Ministrler kabinetiniň 2017-nji ýyldaky işleriniň netijelerine bagyşlanan giňişleýin hökümet mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow üç sany wise-premýeri çalşyrdy.

Ministrler kabinetiniň başlygynyň ozalky orunbasary Muhammetmyrat Aýdogdyýew kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk dag magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň baş direktory wezipesine geçirildi. Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, bu kärhana tejribeli ýolbaşçy zerur.

Ministrler kabinetiniň başlygynyň senagat boýunça täze orunbasarynyň wezipesine Kerim Durdymyradow bellendi. Ol bu wezipä bellenmezden öň senagat ministri bolup işleýärdi.

Ylym, bilim, saglygy saklaýyş, sport, ýaşlar syýasaty we jemgyýetçilik meseleleri boýunça wise-premýeriň wezipesine ozal bilim ministri wezipesinde işlän Pürli Agamyradow bellendi.

Döwlet baştutany täze bellenen wise-premýerlere ýüzlenip, döwürden yza galmazlyk üçin  täze okuw programmalaryny, maliýe, agrosenagat, elektron senagaty we halkara hukugy ugurlaryndan zerur hünärmenleri taýýarlamaklyga ýokary derejede üns bermäge çagyrdy.

Agamyradow 25-nji ýanwarda Ylymlar Akademiýasynyň prezidentligine bellenen  Sapardurdy Toýlyýewiň ýerine bellendi.

Medeniýet we metbugat boýunça ozalky wise-premýer Annageldi Garajaýew “başga işe” geçirildi we prezidentiň sözlerine görä, täze iş ýerinde ol “türkmen kinosynyň ozalky şöhratyny gaýtadan döretmek” bilen meşgullanar.

Medeniýet we metbugat boýunça wise-premýeriň wezipesine Bahargül Abdyýewa bellendi. Ol ozal Ministrler kabinetiniň medeniýet bölüminiň müdiri bolup işleýärdi.

Prezident Berdimuhamedow Abdyýewa ýüzlenip, ýurtda ýokary hünär taýýarlygy bolan žurnalistleriň ýetmezçilik edýändigini aýtdy we oňa žurnalistika hem-de köpçülik aragatnaşyklary institutyny açmak meseleleri bilen meşgullanmagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde korrupsiýa jenaýatlary barada hem gürrüň berildi

Ýatladýarys, 2017-nji ýylyň başynda ýurtda korrupsiýa garşy göreş yglan edilip, ýokary derejeli ýolbaşçylaryň bir topary wezipesinden boşadyldy we Ykdysady jenaýatlara garşy göreş boýunça döwlet gullugy döredildi.

 

 

Add comment


Security code
Refresh