Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Friday, 26 January 2018 20:32

Türkmenistandan alyp çykyp bolýan walýutany çäklendirdiler

Türkmenistandan alyp çykyp bolýan walýutany çäklendirdiler
Türkmenistandan alyp çykyp bolýan walýutany $3 müňe çenli çäklendirdiler

Indi Türkmenistandan $3 müňden kän walýuta çykaryp bolmaýar, ýanyňdaky puluň $500-den kän bolsa, jarnamada görkezmeli diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary habar berýär.

Soňky çäklendirme girizilmezinden öň ýurtdan çykarylmagyna rugsat berilýän maksimal walýutanyň möçberi $10 müňden ybaratdy. Özem $10.000 möçberindäki walýutany jarnama doldurmazdan çykaryp bolýardy.

Çak edilmegine görä, daşary ýurtlara çykarylýan walýutanyň möçberiniň çäklendirilmegi adamlaryň studentleriň ene-atalaryndan we garyndaşlaryndan pul ýygnap, daşary ýurtlarda okaýan studentlere pul getirip, biznes edip başlamaklary bilen bagly.

Girizilen çäklendirmeler barada resmi bildiriş ýok, emma gümrükçiler aeroportlarda ýurtdan çykýanlaryň ýanyndaky walýutanyň möçberlerini hökmany suratda anyklaýarlar.

Türkmenistanda bank kartlary arkaly daşary ýurtlarda pul nagtlaşdyrmak problemalary dowam edýär. Western Union arkaly pul ibermek zerurýeti çykan adamlaryň köpelmegi bilen banklaryň agzynda uly nobatlar döredi.

Adamlar banka pul geçirmek üçin gelmeli wagty görkezilen žetony almak üçin öňünden nobata durýarlar. Mysal üçin, Daşoguzdaky ofisleriň birinde nobatlar 14-nji fewrala çenli öňünden ýazylan. Nobat üçin žetonlar mugt, emma olary ýer astyndan satýarlar: eger-de olaryň biri ozal 50 manatdan satylan bolsa, häzir bir žetonyň bahasy 100 manada çenli gymmatlady.

Ýatladýarys, dekabryň ortasynda, haçanda nobatdaky resmi çäklendirmeler  girizilende, aýda daşary ýurda iberip bolýan serişde $500-den kän bolmaly däldi, emma banklaryň bölümleriniň işgärleri bir gezekde diňe $200 möçberindäki serişdäni geçirip berýärler. Rugsat edilen möçberdäki puluň hemmesini ibermek üçin aýda žeton üçin üç gezek nobata durmaly, soňra bolsa kassanyň öňünde nobata durmaly.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanyň ýaşaýjylary täze ýylyň başyndan bäri daşary ýurtda pul nagtlaşdyryp bilmeýärler . ABŞ dollarynyň “gara bazardaky” kursy üç esseden hem gowrak gymmatlady.

 

 

Add comment


Security code
Refresh