Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Friday, 26 January 2018 19:55

Ärdoganyň,Amerika etýän tankyty

Ärdoganyň,Amerika etýän tankyty
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýep Ärdogan,Amerikaly resmileriň Türkiýe Siriýanyň demirgazygynda Afrin diýen sebitinde ýola berip başlan harby operasiýasyny zaman taýdan çäklendirmelidir diýip beren isleglerine gaýtawul berip Amerikaň harbylarynyň Owganystanda we Yrakda uzak wagtlap huzurly bolmaklaryndan tankyt etdi

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýep Ärdogan,Amerikaly resmileriň Türkiýe Siriýanyň demirgazygynda  Afrin diýen sebitinde ýola berip başlan harby operasiýasyny zaman taýdan çäklendirmelidir diýip beren isleglerine gaýtawul berip  Amerikaň harbylarynyň Owganystanda we Yrakda uzak wagtlap huzurly bolmaklaryndan tankyt etdi. Türkiýäniň 17 prezidenti Rejep Taýep Ärdogan,Amerika,Owganystanda 17 ýyllap harby taýdan huzurly bolmagynyň sebäbini jahanyň umum pikrine aýtmalydyr diýip beýan etdi. Rejep Taýep Ärdogan Amerika Owganystanda amanlygy üpjün etmek we terrorizm bilen göreşmek bahana bilen bu ýurtda 17 ýyl bäri huzurlydyr we bu ýurdy amanlykdan we durnuklylykdan düşürendir diýip beýan etdi.Türkiýäniň prezidenti şeýlede ABŞ-yň Yrakda amanlygy üpjün etmek we terrorizm bilen göreşmek bahana bilen uzak wagtlap huzurly bolmaklaryndan tankyt etdi.mundan öň Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýep Ärdogan ,Türkiýäniň goşun güýçleri Siriýaň demir gazygynda ýerleşen Efrinde harby operasIýasyny ýola bermekden basym soň Siriýadan çykjakdyr diýip belläpdi. Türkiýäniň prezidenti ,Amerikaň , Siriýaň demirgazygyndaky kürtleri ýarag enjamlara beslemeginden tankyt edip käbir ýurtlar Türkiýäniň günortasynda terroristlere bir geçelgäni aşjak bolýandyrlar diýip beýan etdi. Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýep Ärdogan ýurduň günortasynda ,terroristlere bir geçelgäni gurjak bolýan dimegi şeksiz Amerikadyr.şu hakda Türkiýäniň sagadat partiýasynyň başlygy Temel Karamollogly beren gürrüňlerinde Amerika sebitde öz maksatlaryny yzarlaýandyr we uly orta gündogar planyny durmuşa geçirmek üçin tagalla etýändir diýdi.bu türk syýasatçyň aýtmagyna görä ,Amerikanyň  uly orta gündogarynda diýen planynda ,kürt-türk we başga taýpalar möhüm däldirler. Diňe Ysraýylyň amanlygyny we barlygyny göz öňüne tutýandyrlar. ABŞ-yň sebitde agalyk etjek bolýan tagallalarynyň garşysynda Türkiýäniň hem Siriýada özüne görä  käbir maksatlary belli edendir.Ankara döwletiniň resmileri ýurduň goşununyň Afrinde ýola berýän harby operasiýasy Türkiýäniň kürt işçiler bolan partiýasy PKK güýçüni we DAEŞ-yň agzalaryny ýok etmekdir diýip toslaýandyrlar. Emma Damask bolsa Türkiýäniň ýola berýän harby operasiýalaryna arza bildirip , Türkiýäniň harbylarynyň Siriýanyň topragyna girmegini ýurduň toprak kämilligini  gödek bozmagy hasaplaýarlar.

 

Add comment


Security code
Refresh