Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 11 January 2018 16:56

Eýran yslam respublikasy ,raketa güýçini berkitýär

Eýran yslam respublikasy ,raketa güýçini berkitýär
Eýran yslam respublikasy ,duşmanlaryň atýan haýbatlarynyň garşysynda öz goranyş gudratyny berkitmeginiň şeýlede sebitiň durnuklylygydyr howpsuzlygynyň goralmagy ýolunda belent gadamlary ardandyr .

Eýran yslam respublikasy ,duşmanlaryň atýan haýbatlarynyň garşysynda öz goranyş gudratyny berkitmeginiň şeýlede sebitiň durnuklylygydyr howpsuzlygynyň goralmagy ýolunda belent gadamlary ardandyr .

Eýran sebitde terrorizme garşy göreşilmeginde gazanan ýeňişleri hem ,Aziýanyň günbatar sebitinde bir çende durnuklylyk bolmagynyň,Amerikaň we bu ýurduň sebitdäki ýaraglaryň hemaýatlary bilen sebitde bozgunçylyk we durnuksyzlyk döretmegiň yzynda bolýan akymlaryň garşysynda goranyş gudratyny berkidip berk durýanlygy üçin bolýanlygynyň aýdyň görnüşidir.Amerikaň ,Eýranyň harby gudratyny ,öz agalyk ediji işleriniň garşysynda bir uly gala höküminde bilýändigine hiç bir şek şübhe ýokdyr.şonuň üçin hem,Eýrany howply görkezen bolmagy we sanksiýalar abzalyndan haýyrlanmagy bilen eýranyň goranyş başarjaňlygyny ejizletmek ugurda tagalla etýändir.ABŞ döwleti şeýle maksaty boýunça hem Eýrany sanksiýalara saldy.Amerikaň hazanadarlyk ministrligi,täze işlerinde, Eýran yslam respublikasynyň  sany senagat toparyny eýranyň raketa işlerine goşulmaklary ýazgy bilen halkara maliýe –düzgünden çykarandyr.Amerikaň hazanadarlyk   2017-njy ýylyň iýun aýynyň 18-inde  hem eýranly we daşary ýurtly adamlaryň we toparlaryň  18-syny dürli bahanalar,şol sanda eýranyň raketa işleri bilen baglanşykda sanksiýalar listesinde ýerleşdirdi.elbetde bu hili işler diňe trampyň döwürine çäkli bolan däldir.Amerikaň dürli döwletleri sebit we dünýäde täsir galdyrýan gudratyny ygrar etmekden aýry hemişe eýranyň harby gudratyny hasda raketa gudratyny ejizletmegiň yzynda bolandyrlar.Amerikan inter prise guranjasy 2017-njy ýylyň awgust aýynda hem beren hasabatynda ,Eýranyň gudratynyň birisi balestik raketalary öndermek diýildi.Eýranyň balestik raketalary ,bu  ýurduň gorag gudratynyň üzenidirler we Tähran şu wagta çenli öz gorag senagatynyň beýleki bölümleriniň hiç birisinde balestik raketalar bölümi ýaly maýa goýum eden däldir diýip ýazdy.Eýran ,bütin dünýä gudratlaryň  hemaýat bermekleri bilen başlanan töňkelen uruş zamanynda ,Yragyň Bäes režiminiň Eýranyň şäherlerine we ýaşalýan sebitlerine eden raketa hüjümlerinde köp zor görendir.şeýle ýagdaýda  gorag raketa gudratyň berkidilmeginiň sebäbiniň birisi,mundan ozal gazanylan tejribeler we tönkelen uruşda eýrana döredilýän kynçylyklardyr.şeýlede Eýranyň gorag ministri Admiral Emir Hatemi hem mundan ozal habarçylar bilen geçiren söhbetleşdiginde,Eýranyň gorag senagatynyň  ýerli senagatdygyny nygtap,yslam eýran,hiç bir ýagdaýda haýbat atylmagyň sanksiýalaryň we agramlaryň berilmeginiň täsiri astynda galmaýar we eýranlylar şu ýolyny dowam etjekdirler diýip yglan etdi.

 

Add comment


Security code
Refresh