Thursday, 07 December 2017 10:16

ISESCO-nyň Palestinalylardan hemaýat etmegi.

ISESCO-nyň Palestinalylardan hemaýat etmegi.
Musulman ýurtlaryň öwrediş-ylmy we medeni guramasy bolýan ISESCO gurmasy , BMG-aň umumy ýygnagynyň soňky wagtlarda Beýtolmukaddes barada makullan karar hatyny garşy aldy .

Bu karar hatda Sionist režimiň bir basyp alyjy režim höküminde öz kazyýet we edary kanunlaryny Kudus şäherine her hili tünkelmegi bikanun we batyl wasp edilýändir. ISESCO gurmasynyň baş müdiri Abdolaziz altawijeri  şeýle bir taryhy karar haty we üstünligi Palestinalylara gutlap, bu gurama,Palestinalylaryň hak hukuklaryna hemaýat berýär diýip yglan etdi.BMG-aň umumy ýygnagy ,geçen penşenbe güni Kudus şäheriniň Ýsraýlyň  häkemiýeti astynda däldigi ýerlikdäki karar haty  kop ses bilen makullady.bu karar hat şeýle bir ýagdaýda makullanandyr welin ,sionist režimiň,palestina sebitlerinde hasda Kudusda agalyk ediş işleri köpelendir welin bu režim Palestina sebitlerine doly agalyk etmek  ugurda soňky gadamlaryny artmakçy bolýar.ol bir tarapdan Amerikaň prezidenti Donalt Tramp hem bu ýurduň ilçihanasyny Tel-awiwden Kudusa geçirmek ugurdaky işleriniň gürrüňleri eşdilýändir.bu zatlar bolsa ,Amerikaň ,sionist režimine Kudusa agalyk etmek ugurdaky syýasatlaryny dowam etmegine doly hemaýat berýändigini görkezýändir.şu ýerlikde Amerikaň prezidentiniň orunbasary Maýk Pens ,Amerikaň prezidenti ,Amerikaň ilçihanasynyň  Tel-awiwden Kudusa geçirmegi ýerlikdäki taslamany çynlykaý barlaýar diýendir.şeýle ýagdaýda BMG-nyň umumy ýygnagynyň makullan karar haty ,bütin dünýäde Palestina meselesine ähmiýet goýulýandygyny we sionist režimiň Kudusa agalyk etmegine dünýäde garşylyk görkezilýändigini äşkär edendir.sionist režimiň Kudusda etýän işleri we Amerikaň hem bu režime hemaýat bermegi halkara ylalaşyk namalaryň şolsanda çaknyşyklar we uruş zamanlarynda medeni mekanlara hemaýat berilmegi barada 1954-njy ýylda Lahede bolan ylalaşyk namalaryň äşkär bozulmagy bolýandyr.sionist režimiň Kudusdaky basypalyjylykly işlerini berkidmek üçin edýän işleri ,BMG-nyň howpsuzlyk şuwrasynyň 478-njy karar hatynyň hem tersine bolýandyr o näme şol karar hat hem,dünýe ilatynyň ,Kudusa el gatylmagynyň dowam etmegi ýada onuň dolunan Kudusa birikdirilmegi ýada Kudusyň işlerine her hili dahylçylyk edilmek ýerlikdäki işleri resmiýete tanylmakdan gaça durup şol işlere garşy göreşmeklerini isländir.şu ýerlikde halkara köpçüligi ,umum pikirleriň Palestina ilatyna ýaýbaň hemaýat bermekleriniň yzy bilen soňky ýyllarda Palestinalylara hemaýat bermekde köp gadamlary ardandyr.BMG-nyň umumy ýygnagynyň makullan karar haty şeýlede sionist Kudusa agalyk etmeginiň tersine bir näçe wagt ozal YONESCO-nyň makullan karar haty bolsa şolaryň mysalydyr.her halda halkara örisinde bolýan özgerişler bütin dünýäň ,palestina hemaýat bermekde pikirdeşdigini belli etýändir.

 

 

Add comment


Security code
Refresh