Monday, 02 October 2017 16:12

Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri: “Aşgabat 2017” – Aziýa oýunlarynyň iň gowusy!

Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri: “Aşgabat 2017” – Aziýa oýunlarynyň iň gowusy!

 

 

 “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bu yklym derejesindäki ýaryşlaryň taryhynda iň gowy ýaryşlar boldy!” diýip, dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri “Aşgabat 2017” oýunlaryny häsiýetlendirip, dünýäniň millionlarça adamlarynda şatlykly, ýatdan çykmajak täsirleri galdyran bu ajaýyp sport baýramçylygynyň netijelerini jemlediler. Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň meýdançalarynda geçirilen sport ýaryşlaryny dünýäniň 82 döwletinden žurnalistleriň 500-den gowragy beýan etdiler. Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we beýleki ençeme ýurtlaryň täzelikler agentlikleri öz habarlarynda bu wekilçilikli ýaryşlara aýratyn orun berdiler. Olara Aziýanyň we Okeaniýanyň 64 ýurdundan türgenleriň alty müňe golaýy, şeýle hem bosgunlaryň ýygyndy topary gatnaşdylar.

Bu waka bagyşlanan ähli habarlar Aşgabat şäheriniň üstüne ýüklenen wezipäniň— 5-nji Aziadany geçirmek wezipesiniň hötdesinden abraý bilen gelip, ylalaşdyryjy şäher, medeniýetleriň we halklaryň gatnaşyklarynyň merkezi diýen derejesini örän ajaýyp subut edendigini tassykladylar. Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek bosgunlaryň topary gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň adam hukuklary baradaky Geňeşiniň ýakynda Ženewada geçirilen mejlisinde Parahatçylygyň we adam hukuklarynyň berkidilmegine bosgunlaryň Olimpiýa toparlarynyň gymmatly goşandyny höweslendirmek hakynda Jarnama kabul edildi.

“Oýunlar uly üstünliklere beslendi. Bu bolsa Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjiligi we uly üns bermegi netijesinde mümkin boldy” diýip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahyň Aziadanyň açylyş dabarasynda eden çykyşyndan sözlerini mysal getirýärler. “Bu ýerde, ajaýyp şäherde biz täsin galdyran Oýunlaryň şaýatlary bolduk.

“Türkmenistanyň türgenleri medallaryň jemi 245-sini, şol sanda 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç medallary gazandylar. Ikinji orny Hytaýyň ýygyndy topary eýeläp, onuň türgenleri medallaryň 97-sini, 42 sany altyn, 32 sany kümüş we 23 sany bürünç medallary gazandylar. Eýrandan gelen türgenler hem birinji üçlüge girip, medallaryň 118-sini, 36 sany altyn, 23 sany kümüş we 59 sany bürünç medallaryny gazandylar” diýip, Hytaýyň esasy habarlar agentligi bolan “SINHUA” habar berýär.

“Türkmenistanyň türgenleri milli göreş boýunça Aziýa oýunlarynyň altyn medallarynyň ählisini diýen ýaly—23 medal gazandylar” diýip “MIR 24” teleýaýlymynyň habarçysy habar berdi. Şunda aýratyn bellenilişi ýaly, Aziýa oýunlary üçin Aşgabatda ýörite Olimpiýa toplumyny gurdular. “Bu şäheriň içindäki şäherdir”.

“Türkmenistan ahalteke bedewleri bilen konkury ösdürmekde öňdebaryjy boldy. Türkmen türgeniniň ahalteke bedewinde gazanan ýeňşi—behişdi bedewleriň halkara sport giňişligine üstünlikli gaýdyp gelmegi” diýip, SNGToday täzelikler portaly habar berdi.

Ýewropanyň “Euronews” teleýaýlymy “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň geçirilýän döwründe türkmen paýtagty hem-de biziň gujurly türgenlerimiz hakynda içgin gürrüň berýän filmleri yzygiderli görkezdi. Olaryň gahrymanlarynyň belleýşi ýaly, geçirilen Oýunlar daşary ýurtly türgenleriň ençemesine Aziýanyň sport meýdançasyna ilkinji gezek çykmaga hem-de bu sebitiň, şol sanda Türkmenistanyň güýçli türgenleri bilen bäsleşmäge mümkinçilik döretdi.

Makalalarda we Oýunlara gatnaşyjylar hem-de myhmanlar bilen söhbetdeşliklerde žurnalistler Türkmenistanyň paýtagty, sport düzümleri baradaky täsirleri bilen paýlaşýarlar. “Türkmen topragyna gadam goýan dessimize biz örän haýran galdyk, çünki biz gözelligi boýunça haýran galdyrýan howa menziline düşdik—diýip, SPORT REVIEW (Gazagystan) žurnalynyň redaktory Dmitriý Mostowoý gürrüň berýär. – Olimpiýa şäherjigi aýratyn-da, gijelerine haýran galdyryjy täsir edýär. Men 2014-nji ýylda Braziliýada geçen futbol boýunça dünýä çempionaty, Fransiýada bolan futbol boýunça Ýewropa çempionaty ýaly şeýle uly derejeli ýaryşlarda, ençeme ýurtlarda bolup gördüm, ýöne türgenler we myhmanlar üçin şeýle şertleriň döredilen ýeri az-azdyr”.

Täjigistanyň «Avesta» habarlar agentligi "Aşgabat 2017" oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasynyň gözelligi baradaky täzelikleri ýaýratdy. Bu dabara bütin dünýäden on müňlerçe tomaşaçy ýygnandy. Habarlar agentliginiň habarçylarynyň tassyklaýyşlary ýaly, türkmen türgenleri oýunlarda hemmelerden köp medal gazanyp, ajaýyp netije görkezdiler.

«Tasnim» habarlar agentligi 5-nji Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy barada giňişleýin habar taýýarlady hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Prezidenti Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabahyň sahnadan türkmen Liderine ýüzlenip aýdan sözlerini getirdi: “Jenap Prezident! Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň häzire çenli geçirilenleriniň iň gowusy bolandygy bilen baglylykda, meniň gutlaglarymy kabul ediň!”.

Aziýa oýunlarynda ozal görkezilmedik köpdürli sport ýaryşlary ilkinji gezek ýokary derejede geçirildi. Ukrainanyň wrestlingua.com saýtynyň sport žurnalistleri türkmen milli göreşi, erkin göreş, sambo we göreşiň beýleki görnüşleri boýunça medallar ugrunda ýaryşlary işjeň şöhlelendirdiler. Olar her bir ýeňijini guwanmak bilen agzap geçip, Türkmenistanda sportuň milli görnüşi hökmünde göreşiň “Aşgabat 2017” oýunlarynda ösüşiniň täze itergisine eýe bolandygyny hem-de dünýäde has-da meşhur boljakdygyny nygtadylar.

Prosports.kz elektron gazeti hem dürli görnüşli ýaryşlaryň barşyny ünsli synlap, türkmen sportuny şöhratlandyrýan türgenlerimiziň ajaýyp ýeňişlerini belledi. Sportskeeda.com halkara sport saýty “Aşgabat 2017” oýunlarynyň barşyny uly gyzyklanma bilen synlady hem-de altyn medallary gazanan türgenlerimiziň ýeňişlerini belläp geçip, ýaryşlaryň ýokary guramaçylygyny, şol sanda türgenleriň saglygynyň goragynda duran lukman işgärleriniň üstünlikli işini görkezdi. Ýaryşlaryň geçişini «Inside the Games» halkara habarlar saýty hem ünsli synlady. Bu saýt güýçli türgenleriň ýeňişlerini belläp geçdi hem-de “Aşgabat 2017” oýunlarynyň guramaçylygyna degişli pursatlaryny beýan edip, Merkezi Aziýa sebiti üçin sport wakasynyň örän uly möçberlidigini nygtady.

«BBC» halkara habarlar kompaniýasy öz Internet sahypasynda Aşgabatda V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginiň sportuň dürli görnüşleriniň ösmegine ýardam berendigini, şol sanda şu ýyl görkezme häsiýetli kibersportunyň ösdürilmeginiň garaşylmadyk depgine eýe bolandygyny belledi. Ösüşlere beslenen kompýuter tehnologiýalaryna aýratyn üns berilýän türkmen topragyndaky üstünliklerden soň, indiki Aziadada ýaryşlaryň bu görnüşi eýýäm esasy sanawa girer, kibertürgenler tarapyndan gazanylan medallar bolsa umumy gazanylan medallaryň hasabynda göz öňünde tutular.

Kataryň «Gulf Times» diýen gündelik gazeti hem “Aşgabat 2017” oýunlarynyň geçirilişine uly üns berdi. Bu neşir Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasyny haýran galmak bilen beýan etdi.

“Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen şygar astynda geçen “Aşgabat 2017” oýunlary örän uly jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli waka, halkara sport hereketiniň ösdürilmegine Bitarap Türkmenistanyň anyk goşandyna öwrüldi

 

Add comment


Security code
Refresh