Wednesday, 05 July 2017 23:41

Türkmenistan bilen Owganystanyň hyzmatdaşlyklary

Türkmenistan bilen Owganystanyň hyzmatdaşlyklary

 

Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani resmi sapar bilen Türkmenistana bardy.

Iki goňşy ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde owgan Liderini Türkmenistanyň resmi adamlary garşyladylar. Owganystanyň Baştutanynyň hormatyna uçaryň ýanynda haly düşelen ýodanyň gyrasynda Hormat garawulynyň esgerleri hatara düzüldi. Asylly myhmansöýerlik däbine görä, Prezident Mohammad Aşraf Ganä duz-çörek hödür edildi we gül desseleri gowşuryldy.

Soňra goňşy döwletiň Baştutanynyň ulag kerweni motosikletçileriň toparynyň ugratmagynda “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady.
Köşgüň merkezi girelgesiniň ýanynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Birek-birek bilen mähirli görşüp, iki ýurduň Liderleri köşgüň “Oguzhan” zalyna geçdiler. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylaýyş dabarasy boldy.

Hormat garawulynyň rotasynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Hormat garawulynyň esgerleriniň hatarynyň öňünden geçýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow owgan kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Şeýle hem belent mertebeli myhman daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen tanyşýar. Öz gezeginde Prezident Mohammad Aşraf Gani Berdimuhamedowy Owganystanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Lideri belent mertebeli myhmany ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilýän zalyna çagyrdy. Bu ýerde ikiçäk görnüşdäki ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Mohammad Aşraf Ganini myhmansöýer türkmen topragynda garşylaýandygyna şatdygyny aýdyp, türkmen we owgan halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpasyrlyk medeni-taryhy umumylyga we hoşniýetli goňşuçylyk tejribesine daýanyp, asyrlaryň jümmüşine uzap gidýändigini belledi.

Türkmen-owgan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň özara düşünişmek, hormat goýmak we halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýän beýleki ýörelgeler esasynda depginli ösdürilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Lideri sebitde we tutuş dünýäde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmegine we ösdürilmegine gönükdirilen tagallalary mundan beýläk-de utgaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

«Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň oňyn mümkinçilikleri döredýändigini aýdyp, Türkmenistanyň döwlet Baştutany onuň durmuşa geçirilmegi diňe iki ýurduň we onuň halklarynyň bähbidine däl, eýsem tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşmegine goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda elektrik energetikasy boýunça hem netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistandan Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryna elektrik energiýasy ýeňillikli şertlerde iberilýär we iberilýän elektrik energiýasynyň möçberiniň goşmaça desgalaryň gurluşygynyň tamamlanmagy netijesinde artdyrylmagy hem göz öňünde tutulýar.

Ulag we aragatnaşyk pudagy boýunça hyzmatdaşlyk hem yzygiderli ösdürilýär. Muňa mysal hökmünde golaýda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berlen Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy bolan «Atamyrat–Ymamnazar–Akina» demir ýoluny görkezmek bolar. Şunlukda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany bilelikdäki tagallalar bilen durmuşa geçirilýän düzümleýin taslamalaryň diňe bir sebitleýin däl, eýsem ählumumy ähmiýete eýedigini belledi.

Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda bilelikdäki Hökümetara toparynyň işine möhüm ähmiýet berilýär.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti özüniň owgan kärdeşini ýene bir ýola Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Owganystanyň döwlet Baştutanynyň bu saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Lideri belent mertebeli myhmana, Owganystanyň dostlukly halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Türkmenistana gelip görmäge iberilen çakylyk we mähirli kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Prezident Mohammad Aşraf Gani Owganystanda oňyn Bitaraplyk esaslaryna daýanýan döredijilik syýasatyny alyp barýan we sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň berkidilmeginiň möhüm şertini emele getirýän Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini, halkara giňişliginde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny belledi.

Türkmen tarapynyň ulag we energetika ulgamynda öňe sürýän giň möçberli düzümleýin taslamalarynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Prezident Mohammad Aşraf Gani olaryň durmuşa geçirilmeginiň oňyn netije berýändigini, Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň we TOPH gaz
geçirijisiniň gurluşygynyň diňe bir Owganystanyň däl, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini aýtdy.

Şunuň ýaly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi däp bolan türkmen-owgan gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berdi. Ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklar munuň subutnamasydyr diýip, owgan Lideri belledi.

Ulag ulgamyndaky gatnaşyklar baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, belent mertebeli myhman sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygyň çäklerinde bu ugruň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belledi we Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar möhüm ugurlaryň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň ulag-üstaşyr gatnawlarynyň döwrebap köpugurly düzümini kemala getirmekde ägirt uly goşandynyň bardygyny nygtady.

Prezident Mohammad Aşraf Gani Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna parahatçylykly, abadan durmuşyň üpjün edilmeginde, şol sanda elektroenergetika, şeýle hem durmuş ulgamynda möhüm başlangyçlaryň we taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginde Owganystana netijeli kömek berilýändigi üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýtdy.

Owgan halkynyň bu berilýän kömege ýokary baha berýändigini bildirip, türkmen halkynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gazanýan ägirt uly üstünliklerine we ýeten derejesine tüýs ýürekden begenýändigini aýdyp, Prezident Mohammad Aşraf Gani hoşniýetli goňşuçylyk we taryhy-medeni gatnaşyklaryň pugta binýady esasynda ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygynyň täze mazmun bilen üstüniň ýetirilip, mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň Liderleri ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň we netijeli gatnaşyklary giňeltmek hem-de köpugurly esasda ösdürmek üçin emele gelýän täze mümkinçilikleriň çäklerinde türkmen-owgan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny we onuň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Tutuş sebitiň ýurtlarynyň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ünsi çekip, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we belent mertebeli myhman uzakmöhletleýin, deň hukukly esasda ýola goýulýan we häzirki döwrüň ýagdaýlaryna, bar bolan mümkinçilikleriň derejesine laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdüriljekdigini tassykladylar.

Şeýle hem taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, Türkmenistanyň we Owganystanyň abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan işjeň gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny bellediler.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany we onuň ýanynda bolýan wekiliýetiň agzalaryny ýene bir gezek mübärekläp, Prezident Mohammad Aşraf Ganä iki döwletiň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek hem-de pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana gelmäge iberilen çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, sebitleýin we ählumumy meseleler boýunça özara gatnaşyklar barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Lideri iki ýurduň dünýäniň birnäçe sebitlerinde halkara terrorçylygynyň, ekstremizmiň, radikal ýüze çykmalaryň işjeňleşýändigi bilen bagly ählumumy ynjalyksyzlanma goşulýandygyny, aýratyn-da, neşeleriň ýaýradylmagyna, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga we beýleki bikanun işlere garşy göreşi güýçlendirjekdigini belledi.

Iri sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmäge Owganystanyň gatnaşmagynyň goňşy ýurtlaryň durnukly we yzygiderli ösmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyna ynam bildirip, Prezidentimiz Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Häzirki wagtda Türkmenistan öz çäklerinde bu gaz geçirijiniň gurluşygyny amala aşyrýar.

Şeýle giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe oňa gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem tutuş sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine hem oňyn täsir eder, Merkezi we Günorta Aziýada howpsuzlyk bilen bagly ýagdaýy sagdynlaşdyrmagyň möhüm şertine öwrüler diýip, Türkmenistanyň Lideri belledi we bu taslamany goldandygy hem-de onuň durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge taýýardygy üçin owgan kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistandan Owganystana demir ýoluň gurulmagy beýleki bir möhüm taslamadyr. Onuň Atamyrat–Ymamnazar–Akina ugry boýunça birinji tapgyrynyň gurluşygy geçen ýylyň güýzünde tamamlandy. Häzirki wagtda taraplar bu gurluşygy Owganystanyň çäklerinde dowam etmegiň meseleleri boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Bu demir ýoluny geljekde Täjigistan bilen serhetlere çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Taslama daşarky bazarlara çykmak bilen, sebitleýin ulag üpjünçilik ulgamynyň düzüm bölegi hökmünde Owganystanyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyna gönükdirilendir.

Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň demir ýol üpjünçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak meselesini ösdürmek üçin, Akina demir ýol menzilinde eltiji ýollaryň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmäge hem-de «Serhetabat–Turgundy» demir ýolunyň düýpli durkuny täzelemäge taýýardygyny belledi.

Owgan ugry boýunça goşmaça kuwwatlyklary gurmagyň hasabyna elektrik stansiýalaryny we elektrik geçiriji ulgamlary giňeltmek babatda amala aşyrylýan işler Owganystany ösdürmäge Türkmenistanyň goşýan düýpli goşandy bolup durýar.

Türkmenistandan elektrik energiýasynyň diňe Owganystana däl-de, eýsem onuň çäkleriniň üsti bilen sebitiň beýleki döwletlerine hem iberilip bilinjekdigini bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan hem-de Türkmenistan – Özbegistan – Täjigistan – Owganystan – Pakistan taslamalary hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi uly bolan ugurlary bolup durýar. Bu taslamalar Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň elektrik geçiriji ulgamlaryny birleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 14–15-nji noýabrynda Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji Sebitleýin ykdysady maslahaty geçiriler. Ol sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça geljegi uly bolan gepleşikleri dowam etdirmäge gönükdirilendir.

Ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň türkmen-owgan gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamakda kömek bermegiň göz öňünde tutulýandygyny we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplary okatmagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Şeýle toplumlaýyn goldaw geljekde hem amala aşyrylar, bu işler yzygiderli esasda, şol sanda durmuş maksatly desgalary gurmagy göz öňünde tutýan maksatnamalara laýyklykda ýerine ýetiriler diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany belledi.

Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyň meselelerine ünsi çekip, Gurbanguly Berdimuhamedow özara söwdanyň möçberlerini artdyrmagyň, ony köpugurly esasda ösdürmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegiň maksada laýyk boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň işi güýçlendirilmelidir.
Şoňa görä-de, Ýakyn wagtda Mazari-Şerif şäherinde açylmagy göz öňünde tutulýan «Türkmenistan» türkmen-owgan söwda öýüniň hem bu ugurda möhüm ähmiýeti bolar.

Ynsanperwer ugurdaky döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine degip geçmek bilen, Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Owganystanyň halklaryny medeniýetleriň, diniň, däp-dessurlaryň, ahlak gymmatlyklarynyň umumylygynyň birleşdirýändigini belledi. Iki ýurt bu babatda bar bolan tejribelerini täze mazmun bilen baýlaşdyryp, ony ösdürýär.

Bu ugurda serhetýaka gatnaşyklaryna möhüm orun degişlidir diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz türkmen-owgan serhediniň dostluk we hyzmatdaşlyk serhedidigini, onuň hemişe şeýle bolmalydygyny aýtdy.

Öňde boljak Aziada-2017 barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu oýunlara diňe bir türgenleriň ýaryşlaryna däl, eýsem uly sport baýramçylygyna we ägirt uly jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti bolan waka hökmünde taýýarlyk görýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany owgan kärdeşini Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Lideri ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolýandygyny we onuň döwletara gatnaşyklarynyň tapawutly aýratynlyklaryna we däplerine öwrülendigini kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistan we Owganystan halkara giňişliginde umumy strategik maksatlara eýerýär. Bu maksatlar Merkezi Aziýada we bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmek bolup durýar. Bu maksatlara ýetmek üçin Birleşen Milletler Guramasynda, Goşulyşmazlyk Hereketinde, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda özara işjeň hereket edilýär.

Biziň ýurtlarymyzyň energetika howpsuzlygy we ulag hyzmatdaşlygy ýaly, ählumumy syýasatyň esasy ugurlary boýunça garaýyşlary we çemeleşmeleri meňzeşdir. Iki ýurt hem ähli gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly ýol bilen, syýasy serişdeler arkaly çözmek ugrunda çykyş edýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şu günki geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezdigi tassyklandy we ykdysady taýdan ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge, örän möhüm ulag we energetika taslamalaryny bilelikde amala aşyrmaga taýýardygy beýan edildi.

Geçirilen netijeli gepleşikler üçin, Prezident Mohammad Aşraf Ganä, onuň wekiliýetiniň ähli agzalaryna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Lideri bu gepleşikleriň netijeli bolmagy örän ähmiýetli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegini üpjün edendigini belledi we doganlyk owgan halkyna parahatçylyk, abadançylyk, agzybirlik arzuw etdi hem-de Türkmenistanyň Owganystan üçin ygtybarly we ýakyn dosty bolup durýandygyny belledi.

Soňra Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentine söz berildi. Owgan Lideri bildirilen myhmansöýerlik we bilelikdäki iş boýunça döredilen zerur şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özüniň türkmen kärdeşini ýakyn wagtda Owganystana gelip görmäge çagyrdy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çakylyk üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, owgan Lideri bu şanly waka gatnaşmak üçin Aşgabada geljekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ykdysady we beýleki ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri bilen baglanyşykly başlangyçlaryny we tekliplerini doly goldaýandygyny aýdyp, Prezident Mohammad Aşraf Gani hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryndaky bilelikdäki netijeli işleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, owgan tarapynyň elektroenergetika pudagy boýunça täze geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi tassyklandy. Munuň özi Owganystana elektrik energiýany üstaşyr geçiriji ýurt hökmünde öz kuwwatlyklaryny durmuşa geçirmäge we onuň sebitleýin gatnaşyklara goşulmagyna mümkinçilik berer.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýetine ünsi çekip, belent mertebeli myhman owgan tarapynyň bu möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegine üýtgewsiz ygrarlydygyny hem-de onuň ýerine ýetirilmegi üçin zerur tagallalary etjekdigini nygtady. Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň belleýşi ýaly, bu iri taslamanyň gurluşygyna girişilmegi owgan halkynda uly ruhubelentlik döretdi. Iri halkara işewür we maliýe düzümleriniň uly gyzyklanmalaryna mynasyp bolan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan düýpli özgerdilmegine mümkinçilik berer. Onuň amala aşyrylmagy bilen beýleki sebitleýin taslamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin zerur mümkinçilikler emele geler.

Ulag we aragatnaşyk ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň hem möhüm ähmiýeti bardyr. Owganystan Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara başlangyçlaryny we tekliplerini hemmetaraplaýyn goldaýar.

Owganystanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu gezekki gepleşikleriň dowamynda dürli pudaklar, şol sanda Türkmenistana owgan mermerini ugratmak boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki döwletiň arasyndaky serhediň hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklary serhedine öwrülýändigini kanagatlanma bilen belläp, belent mertebeli myhman Owganystanyň dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürýän Türkmenistany ýakyn goňşy we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtady.

Däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň Lideriniň bu gatnaşyklary, hususan-da, bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň Lideriniň teklibini oňlaýandygyny belledi.

Ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini belläp, owgan Lideri anyk netijelere gönükdirilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini aýtdy.

Şeýle hem owgan tarapynyň Bitarap Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak boýunça edýän tagallalaryna ýokary baha berýändigi, şeýle hem onuň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegini şertlendirýändigi bellenildi.

Sözüniň ahyrynda Prezident Mohammad Aşraf Gani mjhirli kabul edilendigi we gepleşikleriň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soň ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Jowuzjan uniwersitetiniň (Owganystan Yslam Respublikasy) arasynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2018-2019-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna; Owganystan Yslam Respublikasynyň Badhyz we Jowuzjan welaýatlaryna türkmen elektrik energiýasyny ibermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw hojalygy ministrliginiň arasynda Ylalaşyga; Haly senagatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Halkara awtomobil gatnawlary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmen-owgan döwlet serhedinden Ymamnazar-Akina stansiýalarynyň arasynda demir ýol gatnawyny guramagyň Kadalaryna; Türkmen-owgan döwlet serhedinde halkara demir ýol geçiriş ýeri hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Soňra bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekdiler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekilleriniň öňünde çykyş etdiler.

Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň jemini jemläp, Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň owgan kärdeşine geçirilen many-mazmunly gepleşikler we netijeli hyzmatdaşlyga taýýarlyk üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Lideri netijeli gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Gepleşikleriň barşynda sebitdäki ýagdaýlara möhüm ornuň berlendigini aýdyp, Türkmenistanyň döwlet Baştutany taraplaryň sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm ugurlaryna ünsüň çekilendigini belledi. Sebitdäki işleriň ýagdaýyna aýratyn ähmiýet berildi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada we serhetdeş sebitlerde pugta parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy we durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen, bilelikdäki tagallalary yzygiderli artdyrmagyň, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulmagyň zerurdygy bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine habar berşi ýaly, Türkmenistan bilen Owganystan ýüze çykýan ähli jedelleri we gapma-garşylyklary diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly çözmek, Birleşen Milletler Guramasyna, beýleki halkara düzümlerine hemmetaraplaýyn goldaw bermek baradaky garaýyşlaryny tassykladylar. Biziň döwletlerimiz bu ugurda degişli guraly döretmäge bilelikde mynasyp goşant goşarlar.

Halkara terrorçylygyna, ekstremizme, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, serhetüsti jenaýatçylyga garşy göreşmek maksady bilen, taraplar bu ugurda ikitaraplaýyn bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy dowam ederler.

Owganystanyň ykdysadyýetini çalt we netijeli dikeltmek ýurtdaky ýagdaýy durnuklaşdyrmagyň örän möhüm şerti bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Lideri munuň üçin owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny, hususan-da, energetika we ulag ýaly örän möhüm ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Bu ýerde gürrüň, ilkinji nobatda, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy barada barýar. Häzirki döwürde bu taslama iş ýüzünde amala aşyrylýar. Gaz geçirijiniň türkmen bölegini gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu işler ylalaşylan möhletlerde tamamlanar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz TOPH taslamasyny goldandygy we ony amala aşyrmak üçin ähli kömegi bermäge taýýardygy üçin, owgan kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan–Owganystan demir ýolunyň gurluşygynyň alnyp barlyşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçen ýylyň güýzünde bu demir ýoluň Atamyrat–Ymamnazar–Akina ugry boýunça birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda taraplar bu gurluşygy Owganystanyň çäklerinde, Täjigistanyň serhedine çenli dowam etmek meseleleri boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

Türkmen elektrik energiýasyny Owganystana ibermek hem geçirilen gepleşikleriň örän möhüm meselesine öwrüldi. Elektrik stansiýalarynyň we owgan tarapynda goşmaça kuwwatlyklary gurmagyň hasabyna elektrik geçiriji ulgamlary giňeltmek boýunça bilelikdäki işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda gurlan täze energiýa kuwwatlyklaryny göz öňünde tutup, Owganystana iberilýän elektrik energiýasyny birnäçe esse artdyrmaga mümkinçik dörär diýip, Türkmenistanyň Lideri sözüni dowam etdi. Şonuň ýaly-da, biz türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň çäkleriniň üsti bilen aňryk–sebitiň beýleki döwletlerine ibermäge taýýar. Türkmenistan–Owganystan–Pakistan hem-de Türkmenistan–Özbegistan – Täjigistan – Owganystan –Pakistan ugry boýunça bu taslamalar Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň elektrik geçiriji ulgamlaryny birleşdirmäge niýetlenendir.

Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Mohammad Aşraf Ganä Owganystanyň gatnaşmagynda, şol sanda sebitleýin görnüşleriň çäklerinde sebit hem-de halkara üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň ýardam bermegi Türkmenistanyň maksat edinýändigi barada aýdandygyny mälim etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda şu ýylyň noýabrynda Owganystan boýunça nobatdaky 7-nji Sebit ykdysady maslahatyny geçirmäge degişli möhüm meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan talyplary okatmakda, ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlary üçin ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamakda, ýurduň çäklerinde durmuş maksatly desgalary gurmakda goňşy döwlete kömek bermegini geljekde hem dowam eder diýip, Türkmenistanyň Lideri belledi.

Gepleşikleriň dowamynda özara haryt dolanyşygyny giňeltmek boýunça bilelikdäki tagallalary artdyrmak, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmek boýunça bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.

Ynsanperwer ugurda, ýagny ylym, medeniýet, bilim we sport ulgamlarynda hem ysnyşykly hyzmatdaşlyk dowam etdiriler.

Şu ýylyň 17–27-nji sentýabrynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler diýip, bellemek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow owgan kärdeşini onuň dabaraly açylyşyna çagyrdy. Biz bu Oýunlara diňe bir iri halkara ýaryşlary hökmünde garaman, eýsem Aziýa yklymynyň döwletleriniň we halklarynyň arasynda dost-doganlyga, hyzmatdaşlyga we özara düşünişmäge gönükdirilen waka hökmünde hem seredýäris diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany belledi.

Owganystanyň Prezidenti bilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekilmegi bu gezekki duşuşygyň iki doganlyk döwletiň we halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkligini we bozulmazlygyny görkezendigini belledi. Häzirki döwürde bu gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak däpleri esasynda ösdürilýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we tutuş owgan halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Türkmenistanyň Lideri şu günki geçirilen gepleşikleriň dowamynda türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny eksport etmegiň täze halkara ugurlarynyň mümkinçilikleri baradaky teklipleriň öňe sürlendigini belledi. Şunlukda, Türkmenistan özüniň tebigy serişdelerini dünýä ýurtlarynyň we tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmäge taýýardygy baradaky başlangyjy öňe sürýär.

Şunuň bilen baglylykda, halkara gaz geçirijileriniň gurluşygy bilen bir hatarda demir ýol we awtomobil ulaglarynyň gatnawlaryny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek möhümdir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdi. Bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi, elektrik we gaz geçirijileriň täze ulgamlarynyň gurluşygy diňe biziň iki ýurda däl, eýsem, sebitiň döwletlerine ykdysady bähbit getirer.

Duşuşygyň dowamynda Owganystanyň Prezidentiniň owgan halkynyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna ägirt uly gyzyklanma bildirýändigi we onuň ulanmaga berilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygy barada aýdanlaryny ýatlap, döwlet Baştutanymyz halkyň isleginiň amala aşyrylmagynyň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, hususan-da BMG bilen hyzmatdaşlyk meselelerine çynlakaý garaýşy dünýä giňişliginde giň seslenmä eýe bolýandygyny belledi. Munuň özi türkmen tarapynyň halkara derejesinde amala aşyrýan işleriniň möhümdiginiň we ähmiýetlidiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Soňra Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdi. Geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada aýdyp, owgan Lideri onuň çuň many-mazmuna we netijeli häsiýete eýe bolandygynybelledi. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk has netijeli we yzygiderli alnyp barylýar hem-de ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýär. Bilelikdäki birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýokary derejede geçirilen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlarynyň möhümdigini belläp, Mohammad Aşraf Gani olaryň durmuşa geçirilmeginde Owganystanyň üstaşyr geçiriji ýurt hökmündäki ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, owgan Lideri türkmen tarapynyň başlangyjy bilen gurulýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň ähmiýetini, onuň ulanylmaga berilmegi bilen sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine oňyn täsirini belledi. Owganystanyň halky bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegine uly umyt bildirýär we onuň ulanmaga berilmeginiň şaýady boljakdygyna ynanýar diýip, owgan Lideri aýtdy.

Owgan tarapynyň sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan bilelikdäki iri taslamalaryň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, Owganystanyň Prezidenti gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn tagallasyny nygtady.

Üstaşyr geçelgeleri ösdürmekde biziň ýurtlarymyza möhüm ornuň degişlidigini belläp, belent mertebeli myhman bu ugurdaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň wajypdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, owgan Lideri Owganystanyň Türkmenistanyň abraýly halkara guramalarynyň, öňi bilen bolsa BMG-niň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygyny we Aziýa sebitinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan häzirki zamanyň derwaýys meselelerini oňyn çözmek maksady bilen mundan beýläk-de tagalla etjekdigini nygtady.

Elektroenergetika ulgamyndaky türkmen-owgan gatnaşyklarynyň meselelerine degip geçmek bilen, belent mertebeli myhman öz ýurdunyň, öňi bilen bolsa onuň senagatynyň, oba hojalygynyň, ýangyç-energetika pudagynyň ösmegi üçin has-da ähmiýetlidigini nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen sebitara ykdysady gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň geçirilendigini aýdyp, owgan Lideri geljekde türkmen elektroenergiýasyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana ugratmak üçin şertleriň dörediljekdigine, iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň bolsa sebitiň beýleki ýurtlarynyň ykdysady ösüşine oňyn täsir etjekdigine, tebigy serişdeleriň netijeli ulanyljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen-owgan serhediniň netijeli hyzmatdaşlyk we dost-doganlyk gatnaşyklaryň serhedi bolup durýandygyny belläp, Owganystanyň Baştutany öz ýurdunyň bu ugurda, hususan-da, iki ýurduň arasyndaky gümrük geçelgelerini, döwrebap söwda düzümini döretmek meselelerini çözmekde özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň serhetýaka etraplaryna ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberlerini ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Owgan tarapynyň ulag ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge, şol sanda Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklap, belent mertebeli myhman Owganystanyň ulag geçelgelerini döretmekde we ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde ulag geçelgeleriniň döredilmegini üpjün edýän geografiki ýagdaýyny aýratyn belledi.

Owgan tarapynyň ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, Owganystanyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň arasynda ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Aşgabadyň täze Halkara howa menziliniň binagärlik aýratynlyklaryna we döwrebap mümkinçiliklerine, şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň taýýarlyk derejesine haýran galýandygyny belläp, Prezident Mohammad Aşraf Gani iri sport çäresiniň Türkmenistanda ýokary derejede geçiriljekdigine hem-de onuň ýurda dünýä derejesindäki sport şöhratyny getirjekdigine ynam bildirdi.

Jemleri boýunça möhüm resminamalara gol çekilen gepleşikleriň örän netijeli bolandygyny belläp, Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin amatly islendik pursatda Owganystana gelmäge çagyrandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda owgan Lideri özüniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, asylly işinde uly üstünlik, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Şol gün belent mertebeli myhman Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna tarap ugrady.

Ady rowaýata öwrülen, dünýäde beýik şöhratyň eýesi bolan bedewler çeýeligiň, gözelligiň we öz eýesine wepalylygyň nusgasy bolup durýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň täze belent maksatlara bolan ynamly gadamyny alamatlandyrýan bedewler ýurduň ösüşiniň baş nyşanyna öwrüldi.

Prezident Mohammad Aşraf Gani iri atçylyk merkezini uly gyzyklanma bilen synlady. Bu ýerde “Behişdi bedewleri” saklamak, köpeltmek we sport ýaryşlaryna taýýarlamak hem-de nesilleriň, çapyksuwarlaryň täze nesillerini ýetişdirmek üçin ähli zerur şertler döredildi.

Belent mertebeli myhmana ahalteke bedewleriniň iň ajaýyplary görkezildi. Dostlukly ýurduň Lideri bedewleriň çeýeligine, gözelligine, şeýle hem at çapmagyň gadymy sungatynyň ýaş çapyksuwarlar tarapyndan aýawly saklanýandygyna has aýdyňlygy bilen göz ýetirdi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti türkmen atşynaslarynyň yhlasyndan dörän we umumy dünýä medeniýetiniň möhüm bölegine öwrülen bedewleriň gaýtalanmajak gözelligine haýran galýandygyny belledi. Ol at üstündäki milli oýunlary häzirki döwürde kämil derejede ösdürýän atly ýigitleriň çykyşlaryna uly höwes bilen tomaşa etdi.

Günüň ikinji ýarymynda Owganystanyň Prezidenti Aşgabadyň günorta-günbatar künjeginde ýerleşýän we Watan goragçylary bolan milli Gahrymanlaryň ýadygärligine, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde gurban bolanlar hakyndaky hakydany ebedileşdiren “Halk hakydasy” Ýadygärlikler toplumyna geldi. Bu ýerde Prezident Mohwammad Aşraf Gani “Baky Şöhrat” ýadygärligine gül dessesini goýdy we Ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşýän “Watan mukaddesligi” muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdy. Şeýle hem ol şol ýerdäki hormatly myhmanlar üçin niýetlenen Kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Agşam belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki ýurduň döwlet Baştutanlary söz sözlediler.

Agşamlyk nahar tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, şu günki duşuşygyň we onuň netijesi boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn bolşy ýaly, tutuş sebitiň abadançylygynyň bähbidine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistana bolan resmi saparyny tamamlap, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi we Aşgabatdan ugrady.

 

Add comment


Security code
Refresh