Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Friday, 12 August 2016 21:33

Hazarda türkmen goşunynyň görkezme türgenleşigi geçirildi

Hazarda türkmen goşunynyň görkezme türgenleşigi geçirildi

TDH-nyň maglumatyna görä, 10-njy awgustda Kaspi deňzinde “Hazar-2016” görkezme türgenleşigi geçirildi.

Hazar deňziniň günorta-gündogar böleginde «Hazar—2016» atly görkezme harby-taktiki tälimi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň, Harby-howa güýçleriniň we howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, Döwlet serhet gullugynyň harby bölümleriniň, Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministrlikleriniň hem-de beýleki goşun kysymlarynyň şahsy düzümleri gatnaşdylar. Neşiriň maglumatyna görä, “harby-taktiki okuwlaryň çäginde asmana serhet goşunlarynyň we ýurduň harby-how güýçleriniň söweş uçarlary we pilotsyz uçuş aparatlary uçuryldy hem-de olar deňiz giňişigi zonasynyň ýokarsynda aňtaw-gözleg uçuşyny amala aşyryp, hereket edýän nyşanany tapdylar we wideoýazgy edip, operatiw ýagdaýda merkezi ştaba geçirdiler.”

Türkmenistanyň harby resmileriniň aýtmagyna görä ,ýurduň Ýaragly Güýçleriniň   ähli goşun düzümleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleri öz öňlerinde goýlan wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelýärler. Olar umumy uzynlygy 600 kilometre barabar bolan ýurdu ň deňiz çäkleriniň howpsuzlygynyň we bitewiliginiň goragynda eserdeň durýarlar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatynyň we türkmen harby gullukçylarynyň söweşjeň ussatlygynyň özboluşly gözden geçirilişine öwrülen «Hazar—2016» atly görkezme söweşjeň-taktiki tälimiň üstünlikli geçirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny alamatlandyrdy.

 

Okuw türgenleşigi üstünlikli geçdi diýlip hasplanylady.

Ýatladýarys, martyň aýagynda hem Türkmenistanda uly göwrümli harby türgenleşik geçirilipdi.  

 

Add comment


Security code
Refresh