Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 07 August 2016 23:26

Türkmenistan dünýäde iň gymmat internetli ýurt boldy

Türkmenistan dünýäde iň gymmat internetli ýurt boldy

“Mobil bol” internet-proýektiniň analitikleri dünýäniň jemi içerki ykdysady ösüşiniň möçberi boýunça iri 100 ýurdunda simli internetiň tarifleri boýunça (HWF-nyň, BMG-niň we Bütindünýä bankynyň maglumatlary esasynda) anyk derňew geçiripdirler.   

Goşmaça mümkinçilikleri we hyzmatlary goşmazdan, dürli tizlik elýeterligindäki 10, 20, 50, 100 Mbit/s kategoriýaly tariflere üns berildi.

Derňewiň çäginde 10 Mbit/s möçberli tizlik eleýterliginiň çäksiz tarifiniň ortaça bahasy – $37,5 alyndy.

Derňew netijesinde 10 megabitli internetiň gymmatlygy boýunça liderligi Efiopiýa (tas $198) alýar, onuň yzyndan Türkmenistan ($169), Angola ($166), Mýanma ($150) we Özbegistan ($144) gelýär.

TH-nyň belligi. Türkmenistanyň ýeke-täk internet üpjünçisi – Türkmentelekomyň hususy hojalyklary   maksimal 1Mbit/s tizligiginde çäksiz intenete birikdirmek hyzmatyny edýändigini bellemek isleýäris. Bu aýda 950 manada (271$) düşýär.

10 Mbit/s tizligi diňe korporatiw müşderilere  eleýeterli bolup, onuň aýlyk tölegi 4,561$.

Eger bu sanawdaky beýleki ýurtlar barada berlen maglumatlar dogry bolsa, onda Türkmenistan iň gymmat internetli ýurt diýip aýdyp bolar.

 Öň hem Türkmenistan tehnologiýa taýdan ösüşi boýunça ýene-de dünýäniň iň yzagalak ýurtlarynyň arasynda agzaldy.

Internet tehnologiýalary boýunça barlag geçirýän “Ookla” kompaniýasynyň  ýaýradan dünýä boýunça Internet indeksi hasabatynda Internetiň  tizligi boýunça Türkmenistan Demirgazyk Koreýa, Kongo, Somali bilen bir hatarda bu hakda degişli maglumat berilmedik ýurtlaryň biridir.

Hasabatda Internetiň tizligi boýunça yzagalak ýurt diýlip kesgitlenen Özbegistan 193 ýurduň arasynda 174-nji ýerde ýerleşdirilipdir, bu ýurtda Internetiňˆ tizliginiň sekundda 2,7 Mb (megabit) töweregindedigi aýdylýar.

 

Add comment


Security code
Refresh