Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 30 July 2016 18:19

Eýranyň daşary işler ministriniň ,Afrika ýurtlaryna sapary

Eýranyň daşary işler ministriniň ,Afrika ýurtlaryna sapary

Eýran yslam respublikasynyň ,Afrika ýurtlary bilen saklaýan gatnaşyklarynda bir täze ýollary açmak maksat bilen Afrika ýurtlaryna sapar eden Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif ,Tährana dolanyp geldi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif ,Afrika saparynyň soňky tapgyrynda Mali ýurtyna baryp,Eýran bilen mali ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge ykjamdyklaryny aýtdy.

  Muhammet jawad Zarif Eýran bilen mali ýurtlarynyň  ykdysady aktiwistleriniň bilelikdäki maslahatynda beren gürrüňlerinde durmuşda Eýran bilen mali ýurtlary köpugurly hyzmatdaşlyklaryna ylaýtada ykdysady hyzmatdaşlyklaryna badalga bermek barada berk yrada gulluk edýändirler diýip nygtady.

Mali ýurdy Eýran üçin gaty möhümdir we Eýranyň döwleti mali halkyna kömek etmek ugurda elinden gelen kömegini etjekdir diýip zarif sözüne goşdy.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif gananyň paýtagty Akrada hem bu ýurduň daşary işler ministri hanym Hana Sewa Tette bilen duşuşyp gürrüň etdi.

  Gananyň daşary işler ministrliginde Muhammet jawad zarif bilen Hana Serwa tette ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada gürrüň etdiler.

Muhammet jawad Zarif Gana saparynyň iş programmasynyň birinji nobatynda Eýranyň gyzyl ýarym aý jemgyýetiniň Ganadaky merkezini ýakyndan baryp gördi.

Eýranyň ganadaky gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy masud malaki bu merkeziň 25 ýyl bäri Ganada işläp ýöränligini aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministri gananyň prezidenti şeýle-de parlament başlygy bilen hem duşuşyp gürrüň etdi.

Aýtmak ýerli Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şeýlede Nigeriýa ,Gine Konakeri ýurtlaryna hem sapar edipdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bu ýurtlarda gürrüňdeş bolan taraplary bilen terrorizm bilen şeýlede neşe serişdeleri bilen göreşmek hakda gürrüň etdi.

Add comment


Security code
Refresh