Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 21 July 2016 21:47

BMG-nyň baş sekretary , Ban Ki-monyň, Eýran bilen gol çekilen taryhy ýadro ylalaşygy barda aýdan sözleri.

BMG-nyň baş sekretary , Ban Ki-monyň,  Eýran bilen gol çekilen taryhy ýadro ylalaşygy barda aýdan sözleri.

 

 

 

BMG-nyň baş sekretary , Ban Ki-mon , düýn beren gürrüňlerinde , bütin dünýä gudratlaryň , Eýran bilen gol çekilen taryhy ýadro ylalaşygyň , Eýran ilatyna göze ilerli bähbitli bolýanlygyna ýnamly bolmaklaryny isledi.

 ROÝTERZ habar gullugynyň beren habaryna görä , Ban Ki-mon ,bu gürrüňlerini , Eýranyň sanksiýalaryň azaldylmagyndan , doly bähbit görmändigini nygtamagyndan soň  aýdandyr.Ban Ki-mon , BMG-nyň howpsyzlyk şorasyna beren ýadro ylalaşyk baradaky hasabatlarynda , Wiza berilmeginiň çäklendirilmegi , Eýranyň merkezi bankynyň Amerikadaky pollarynyň ýatyrylmagy şeýlede sanksiýalaryň doly ýatyrylmanlygy baradaky arzalaryna yşarat edendir. Emma Amerika , Ban Ki-monyň bu işini tankytlandyr. Amerikanyň BMG daky ilçisi , Samanta Power , howpsyzlyk  şoranyň duşuşygynda beren gürrüňlerinde , Amerika bu hasabatyň dürli bölümlerine doly garşydyr diýdi. Power , BMG-nyň howpsyzlyk şorasy , Ban Ki-monyň , Eýranyň bildirýän arzalary ýaly meselelerinden hasabat bermegine rugsat beren däldir diýip sözlerine goşdy. Emma Ban Ki-mon, düýn neşir edilen beýannamasynda , ýene bir gaýtar  Amerikadan sanksiýalaryň  azaldylan dygynyň  belli edilmegi we Eýran bilen söwda edilmeginde beýleki taraplaryň şowglandyrylmaklary üçin köpräk işleri etmegini isländir. Ýewropa ýurtlaryň banklary şol sanda Eýranyň sanksiýalaryny bozmakda jerime bolan banklar , ýaňadan Eýran bilen söwda etmekden çekinýändirler we ýaňadan jerime bolmajaklaryndan ynamly bolmaklygy isländirler. Emma Amerikanyň içinden eşitilýän gürrüňler, ýadro ylalaşygyň bilelikdäki iş maslahatynyň garşysynda iş bozarlyk edilmeginden hekaýat etýändir. Elbetde bu gürrüňler heniz ýerine ýetirilen däldir we Amerikanyň içindäki syýasy toparlaryň çarçuwasynda ara atylýandyr. Şu ýerlikde , Respublikanlaryň 2016-nji ýyl üçin bolýan taslamasynda ýadro ylalaşygyň bilelikdäki iş maslahatyna yşarat edilendir. Şol taslamada getirilişine görä , Respublikanlar , Amerika döwletiniň halk ara sanksiýalaryň ýatyrylmagy üçin Eýran bilen ylalaşmagy kabul ederli däldir we Amerikanyň indiki prezidenti bu ýurdyň durmuşky prezidenti , Barak Obama we onyň gepleşik geçiren şärikleriniň ylalaşygyna üns bermeli däldir.

Her halda bu hil gürrüňler , Amerikanyň prezident saýlowlarynyň öň ýanynda , Sionist Labiniň berýän agramlaryndan göz baş alýandyr we onyň maksady bolsa , ilatyň köpräk sesini gazanmakdyr.

Bir ýyl mundan ozal BMG-nyň howpsyzlyk şorasy 2231-nji karar haty makullap Eýran bilen bilelikde ýadro meselesinde işlenilmegi tassyklandyr we BMG-nyň baş sekretarynyň hasabatynda getirilişi ýaly bütin taraplar bu ylalaşykdaky borçlarynda tapylmalydyrlar.

Şeýle ýagdaýda Eýran , Ban Ki-monyň  , Amerika we beýleki taraplaryň etýän keýeňliklerini aýtdyň aýtmagyna garaşýandyr. Şu ýerlikde Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary we bu ýurdyň 5+1 toparda gepleşik geçiren wekilli , Sergeýi Riýabkow, düýn beren gürrüňlerinde , Ýewropa bilen Amerikanyň , öz borçlarynda tapylmandyklary  barada Eýranyň bildirýän arzalarynyň çynykýan dygyny habar berendir.Moskwa  , Eýranyň bildirýän tankytlaryny barlajakdyr diýip , Riýabkow , sözlerine goşdy.

Her halda ýadro ylalaşygyň bilelikdäki iş maslahatynyň ýerine ýetirilmegi garşyşykly işdir we Eýran Yslam Respublikasy bolsa , egerde garşydaky taraplar öz borçlarynda tapylmasalar , garşylykly işleri etjekdigini  açyk yglan edendir.

Add comment


Security code
Refresh