Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 21 July 2016 15:14

“Petronas Carigali” türkmenistanda nebit we gaz çykarmagyny çäklendirýär

“Petronas Carigali” türkmenistanda nebit we gaz çykarmagyny çäklendirýär

 

Malaýziýanyň “Petronas Carigali” kompaniýasy — Kaspi deňziniň türkmen ýalpagyndan nebit we gaz çykarýan operatorlaryň biri özüniň alyp barýan işleriniň möçberini birden kemeldýär.

Biziň maglumatlarymyza görä, häzirki wagtda dört platformadan diňe birisi işleýär.

Netijede, iýun aýynda kompaniýanyň işgärleri köpçülikleýin kemeldildi, hususan-da Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky obýektlerde şeýle kemeltme boldy. Şeýle-de, kompaniýanyň işgärleriniň aýlyklarynyň we çykyş tölegleriniň örän gijikdirilýändigi aýdylýar.

Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrligi ýatyrylanyndan  soň, döwlert guramalarynyň we kärhanalarynyň nebit-gaz pudagynda işleýän işgärleriniň sanynyň hem düýpli kemeldilmegine garaşylýar.

Aýtmak ýerli,Türkmenistanda hökümetiň ýurdy durmuş-ykdysady ösdürmek boýunça alty aýda edilen işleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisi geçirilip, Nebit-gaz ministrligi ýatyryldy.  

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow nebit-gaz pudagynda alty aýyň dowamynda edilen işler barada berlen hasabaty diňläp, ozaly «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň başlygy A.Kakaýewi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, wezipesinden boşadýandygyny aýtdy.

Soňra ol ýurduň Nebit-gaz ministrligini ýatyrmak kararyna gelendigini habar berdi.

Türkmen lideriniň sözlerine görä, ol bu karara «nebit-gaz toplumyny dolandyrmagy mundanam beýläk kämilleşdirmek, umuman bu pudagyň işini has-da gowulandyrmak, hem-de maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmagyny aýdyňlaşdyrmak maksady bilen» gelipdir.

Ýatyrylan ministrligiň esasy wezipeleri Ministrler kabinetiniň başlygynyň nebit-gaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň garamagyna berilýär. Şeýle-de, ýatyrylýan ministrligiň käbir edaralary, degişliligi boýunça, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň garamagyna geçiriler.

Mundanam başga, Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Nebit-gaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň hem işini bes etmek karar edildi. Bu agentligiň ähli meselesi, degişliligi boýunça, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernlerine geçiriler.

Bu agentligiň serişdeleriniň bolsa, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen programmalary üpjün etmek üçin, merkezi banka geçirilýändigi aýdyldy.

 

 

Add comment


Security code
Refresh