Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 18 July 2016 14:40

Owganystanyň prezidenti bilen, Pakistanyň premýer ministriniň gürrüňleri

Owganystanyň prezidenti bilen, Pakistanyň premýer ministriniň   gürrüňleri

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gany bilen Pakistanyň premýer ministri Mohammet Nawaz Şerif,telefon arkaly gürrüň etdiler.  Aşraf Gany bu telefon arkaly söhbetdeşlikde Nawaz Şerife beren gürrüňlerinde ,Pakistanyň Pişawar şäherinde goşunyň okuw mekteb jaýyna hüjüm edilmegini taslan Omar Halife ,ýenede 4 adam bilen hemra Owganystanyň Nangarhar welaýatynda Amerikanyň howa hüjümlerinde öldiler diýdi.  Pakistanyň premýer ministri Mohammet Nawaz Şerif hem ,Pakistanyň talyban toparynyň bu serkerdesiniň ölendigini garşy alyp Pakistan ,terrorçylara garşy göreşýär we terrorizmi,yslam abad bilen Kabulyň ikisiniň hem duşmany bilýär diýdi.aýdylşyndan Omar Halife Pakistanda bolan käbir terrorçylykly hüjümlerde ylaýtada 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda Haýbar Pahtunhah eýalatyň Çarsuw şäheriniň Paça han  ýokary okuw jaýynda bolan hüjümde 2015-njy ýylyň sentýabr aýynda Badaber howa bazasyna edilen hüjüminde we Pişawar şäheriniň bir okuw mektep jaýyna hüjüm edilip azyndan 140 adamyň ölmeginde  dahylly bolandyr.Pakistanyň premýer ministri bilen Owganystanyň prezidenti şeýle bir ýagdaýda gürrüň edendirler welin bu iki ýurduň gatnaşyklaryndaky dartgynlylyklar köpelendir. Owganystanyň prezidenti Aşraf Gany soňky wagtlarda Polşanyň paýtagty Warşawda NATO-nyň guramasyna agza ýurtlaryň başlyklarynyň maslahatynda beren gürrüňlerinde ,Pakistan terrorizme garşy göreşilmeginde parh goýýar we talybany erbet we gowy bölümlere bölýär diýipdi.bu gürrüňler bolsa Yslam abad döwletini gazaba çykardy.Pakistanyň daşary işler ministrligi ,Owganystan prezidentiniň aýyplamalaryny kineli gürrüňler wasp etdi.her halda bu dartgynlylyklaryň köpelen zamanynda Owganystanyň prezidenti Aşraf Gany bilen Pakistanyň premýer ministri Mohammet Nawaz Şerif,telefon arkaly gürrüň etmekleri bu iki goňşy ýurduň köşemeklerine sebäp bolup biler.Owganystan ,bu ýurduň ýaraş maslahatlarynda Pakistany,hyzmatdaşlyk etmezlikde gaty aýyplaýar we Yslam Abadyň bu syýasatyny ,Kabulyň ejizledilmegi we Owganystandaky çaknyşyklaryň köpelmegi ugrunda bilýär.

Add comment


Security code
Refresh