Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 16 July 2016 15:19

Bahreýnlileriň , bu ýurdyň ýokary ruhanysy , Şeýh Isa Gasem-iň öýiniň garşysynda protest gecirmeklri heniz hem dowam etýär

Bahreýnlileriň  , bu ýurdyň ýokary ruhanysy , Şeýh Isa Gasem-iň öýiniň garşysynda protest gecirmeklri heniz hem dowam etýär

 

 

 

 

Bahreýnlileriň  , bu ýurdyň ýokary ruhanysy , Şeýh Isa Gasem-iň öýiniň garşysynda best oturmaklary heniz hem dowam etýär.

Bahreýnlileriň ýüzlerçesi Bahreýn ilatynyň  aýaga galmaklarynyň ýolbaşçylaryndan bolýan Şeýh Isa Gasem-iň raýatlygynyň   Ale Halife  režimi tarapyndan ýatyrylmagyna arzaly bolup yzy giderli 23-nji gün hem Mäname Şäheriniň Äl-Draz sebitinde Şeýh Isa Gasem-iň  öýiniň garşysynda best oturdylar. Olar , şeýle halda şygar berip Şeýh Isa Gasem-iň raýatlygynyň ýatyrylmagynyň bozulmagyny islediler. Bahreýn-iň Äl-Mäamir sebtinde hem , Ale Halife režiminiň howpsyzlyk güýçleri best oturan adamlara hüjüm edip olaryň 21 sini tutdylar. Bahreýnyň Äl-Malekiýe we näwidrat  sebtleri hem ilata hüjüm edilmeklerine we olaryň bir toparynyň tutulmaklaryna şaýat bolandyrlar. Bahreýn 2011-nji ýylyň fewral aýynyň 14-inden  bäri , ilatyň , Ale Hälife režimine garşy aýaga galmaklaryna şaýat  bolýandyr. Bahreýniň ilaty , bu ýurtda azatlygyň bolmagyny , adalatyň berkarar bolmagyny , parh goýmalaryň ýok edilmegini we saýlanan düzgünyň bolmagyny isleýändirler. Şeýle ýagdaýda Bahreýn režimi , bu ýurdyň ilatyny , beýan azatlyk , oňşarlykly ýygnaklar we syýasy partiýalaryň gurulmagy ýaly hak hukuklaryndan mahrum edendir. Bahreýne häkim bolýan režim, her bir abzaldan we syýasatdan haýyrlanyp , ilatyň aýaga galmagyny kontrol etjek bolýandyr we garşy toparlary gyragda goýup , olaryň , bu ýurdyň syýasy we sosial sahnasynda bolmaklarynyň öňine geçýändir. Garşylaryň raýatlyklarynyň ýatyrylmagyny bolsa şu çarçuwada synlap bolar.

 Ale Hälife režiminiň Bahreýn ilatynyň syýasy we medeni hukukyny depelemek ugurdaky syýasatlary şeýlede sebitde kesekileriň bähbitleri ugurda hereket edip Amerika ýakynlamagy Bahreýn ilatynyň Ale Hälife režimini gaty ýigrenmeklerine sebäp bolandyr.

Şeýle halda Bahreýniň özgerişleri , bu ýurdyň ilatynyň bildirýän arzalarynyň soňky aýlarda köpelendigini görkezýändir. Hakykatda , Bahreýn ilatyny basgylamakda Ale Sugud güýçleriniň hemaýatlaryndan paýly bolýan Bahreýne häkim diktator režim , bu hil işleri bilen hem Bahreýn ilatynyň aýaga galmaklarynyň öňine geçip başaran däldir we bu ýurdyň ilatynyň aýaga galmaklarynyň ody gün be gün tutaşýandyr. Bahreýnde ilatyň aýaga galmaklarynyň täze döwüri , Bahreýnlileriň , dürli gysyşlaryň bolmagy bilen hem öz isleglerine ýetmekde berk yradalydyklaryndan hekaýat etýär. Olar şeýle halda Bahreýnde esasy üýtgeleňlikleriň bolmagyny isleýärler. Bahreýn ilatynyň arzaly çykyşlarynyň we best oturmaklarynyň dowam etmegi hem , bu ýurda häkim režimiň toslamalarynyň puçlygyny görkezýändir.

Her halda Bahreýnliler , bu ýurdyň içeri işler ministrliginiň her hilli arzaly hereketynyň we ýygnagynyň gadagan bolmak ýerlikdäki buýruklaryna  garamzdan , öz arzaly işlerini dowam edip Ale Hälife režiminiň başyny öňkilerden hem beter çaşyrandyrlar.

Add comment


Security code
Refresh