Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 13 July 2016 16:50

Eýranyň daşary işler ministrliginiň, NATO guramasynyň çykaran beýannamasyna beren gaýtawuly.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň, NATO guramasynyň çykaran beýannamasyna beren gaýtawuly.

 

 

 

 

 

 

Eýranyň daşary işler ministrliginiň wekili , NATO guramasyna agza ýurtlaryň başlyklarynyň duşuşygynyň soňynda Eýranyň raketa işler hakynda çykaran beýannamasyny ret edip ony öňki esassyz we puç toslamalaryň gaýtalanmagy bildi.

Bähram Gasemi , ençeme gaýtar yglan edilişi ýaly Eýranyň raketa işleri diňe goranyş esasyndadyr we ätom bombalary götermek üçin taslanan däldir diýdi. Gasemi , Eýranyň raketa işleriniň , ýadro ylalaşygynyň bilelikdäki iş maslahatyna we ýadro gepleşiklere asla ilteşikli ýerligi ýoklygyny nygtap, bu mesele, howpsyzlyk şoranyň 2231-nji karar hatynyň tersine däldir diýdi.NATO-nyň başlyklar duşuşygynyň beýannamasynda , Eýranyň raketa işlerinden hamana alada bildirilmegi, hakykatda , ýadro ylalaşygyň bilelikdäki iş maslahatyndan soň Eýrana agram berilmeginiň we bu ýurdy howply görkezmek ugurdaky işleriň dowamydyr. Germaniýanyň kansleri Angella Merker , Eýran , BMG-nyň howpsyzlyk şorasynyň karar hatyny äsgermäni orta miýana aşýan raketalary bejermegiň yzyndadyr diýip toslady. Bu toslama we NATO-nyň çykaran beýannamasy , günbataryň , Eýrana berýän agramlaryny  artdyrmakçy bolýanlygyny we Eýranyň goranyş işlerini Ýewropa örisinde alada döretýän howp hökmünde ara atmak üçin tagalla etýänligini görkezýändir.

Hakykatda günbatar bu strategiki bilen bir tarapdan Eýrana agram bermekçi we ol bir tarapdan NATO-nyň Russiýa garşy raketalar sistemanyň Russiýanyň ýakynynda ýerleşdirilmegini Eýrandan gorkmak bahanasy bilen düşündiriş bermekçi bolýandyr.

Ýadro ylalaşygynyň bilelikdäki maslahatyndan ozal , howpsyzlyk şora , BMG-nyň jarnamasynyň 7-nji pasly boýunça çykaran beýannamalarynda , Eýranyň orany baýlaşdyrmagyny halk ara ýaraş we howpsyzlyga  howply tanadypdy. Emma ýadro ylalaşyga gol çekilmegi bilen , howpsyzlyk şora Eýranyň ýadro işleri hakda bir täze karar haty makullap, oranyň baýlaşdyrmagyny kanuny bilip ony kabul etdi. Şeýle halda şaýatlyklardan belli bolyşyna görä , ýene bir senario ileri sürülýändir. Azyndan bir ýyl bäri Amerikalylar , ýadro gepleşikleriň ýany bilen bir taslamany yzarlaýandyrlar . Bu taslamanyň maksady hem , ýadro ylalaşygyň bilelikdäki iş maslahatynyň ýerine ýetirilmeginden soň Eýranyň goranyň gudratynyň berkitmeginiň öňine geçilmegidir.Eýran , öz goranyş doktorininiň çarçuwasynda , atylýan haýbatlara mynasyp bolýan täsirli proýektleri ýerine ýetirendir we Balestik raketalaryň dürli hillerini bejerip , dünýäniň 1-nji hatarynda durýandyr.Şeýle halda Eýran Yslam Respublikasynyň goranyş doktorini , atylýan haýbatlaryň öňine geçilmegi üçin gudrat enjamlaryň öndürilmegi  we ýurdy täsirli goramagyň çarçuwasynda bolýandyr.

Add comment


Security code
Refresh