Tuesday, 25 July 2017 22:00

Sionistler Al-Aksa metjidine kämil musallat bolmakçy

Sionistler Al-Aksa metjidine kämil musallat bolmakçy

 

 

Palestinanyň ysla çydam  hereketiniň Eýrandaky wekili Halid Al-Gudumi Al-Aksa metjidi baradaky asly meseläniň howpsuzlyk girelgeleriň ýada kameralaryň goýulmagy dälde sionist režimiň Al-Aksa metjidine kämil musallat bolmak ugurda hereket etmegidir diýip yglan etdi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä düýn ikindin Halid Al-Gudumi habar konferensiýasynda beren gürrüňlerinde sionist režimiň ýalňyş düşünjeler esasynda Al-Aksa metjidine garşy täze hereketlerine başlandyr diýmek bilen arap ýurtlaryň arasyndaky agzalalyklar öz şum maksatlary yzarlamaga sionist režimine mümkinçilik döredendir diýip nygtady.

Halid Algudumi şeýle-de Palestinanyň arzyly maksatlary hakynda arap döwletleriň ileri sürýän pozisiýalaryny tankyt etdi.

Ýeri gelende aýtsak şu gün sionist režimi Al-Aksa metjidindäki elektronik geçelgeleri we kameralary aýyrmaga mejbur boldy we bu režimiň  Al-Aksa metjidi baradaky mekirli plany şowsuzlyga uçrady.

Add comment


Security code
Refresh