Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 17 July 2017 21:53

Sonist režimi Al-Aksa metjidinde gatnawlary kontrol edýän girelgeleri goýdy

Sonist režimi Al-Aksa metjidinde gatnawlary kontrol edýän girelgeleri goýdy

 

 

Namaz okamak üçin Al-Aksa metjidine baran Palestinalylar sionist režimiň goýan geçelgelerinden geçmekden saklanýarlar.

Sionist režimi howpsuzlyk çäreleri  bahanalap gatnawlary kontrol etmek maksady bilen Al-Aksa metjidinde geçelgeleri goýandyr emma palestinalylar bu işden saklanyp Al-Aksa metjidinde öňki ýagdaýyň berkarar edilmegini isleýärler.

Şu esasda  Kudusiň ilaty şu gün erti namazlaryny Al-Aksa metjidiň töwereginde okadylar.

Şeýle ýagdaýda şäherçelerde oturýan sionistler howpsuzlyk çäreleriň astynda Al-Aksa metjidine girip hormatsyzlyk edendirler.

Geçen juma güni Al-Aksa metjidinde amala aşyrlan  şehitlik isleýji hereketden soňra Al-Aksa metjidi 2 gün baglydy emma düýnden ýaňadan açyldy we babol Asbat girelgesinde Palestinalylar bilen sionist režimiň harbylarynyň arasynda çaknyşyk ýüze çykdy we birnäçe palestinaly ýaralandy.

Add comment


Security code
Refresh