Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 15 June 2015 21:22

Sionist režimiň makullan täze kanunynyň ýazgarylmagy.

Sionist režimiň makullan täze kanunynyň ýazgarylmagy.

 

Palestinanyň ýesirler boýunça komiteti , Sionist režimiň türmelerinde damak iýmekden saklanan Palestinalylary damak  iýmeklige mejbur etmek barada bu režimiň täzä makullan kanunyny ýazgardy. Palestinanyň resmi habarlar gullugy WAFA-nyň beren habaryna görä , ýaňky komitet şu gün çykaran beýannamasynda, Sionist režimi bu teklibi makullamak bilen Palestinalylaryň tersine ýene bir jenaýata baş goşandyrlar diýip yglan etdi. Palestinanyň ýesirler boýunça komiteti şeýle-de , bütin dünýä köpçüligini we adam hukukyndan arka çykýan guramalary Sionist režimiň jenaýatlarynyň garşysynda dymmazlyga çagyryp bu režimiň Palestinaly ýesirler hakynda rowa görýän jenaýatlaryna soň berilmegine wagt bolandyr diýip nygtady.

Add comment


Security code
Refresh