Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 13 July 2014 19:19

Ysraýyl pilotsyz uçarlar bilen Gaza hüjüm etdi

Ysraýyl pilotsyz uçarlar bilen Gaza hüjüm etdi

Sionist režimiň goşuny , pilotsyz uçarlar bilen Gaza zolagyna hüjüm edip

yslam milli bankyň merkezi binasyny urdy.

IRNA habarlar gullugynyň arap habar serişdelerine salgylanyp beren habaryna görä , Sionist režimiň harby goşunynyň pilotsyz uçarlary , Gazanyň merkezinde Yslam Milli Bankynyň merkezi binasyny urdular we bu hüjüm zerarly binada ýangyn turdy we oňa zyýan ýetdi.

Sionist režimiň pilotsyz uçarlary, Gaza zolagynyň günortasynda ýerleşen Hanýunus şäherinde hem , yslam milli bankynyň binasyny urup weýran etdiler.

Ysraýyl geçen hepdeden bäri Gaza zolagyny howadan we deňizden urup başlady we şu wagta çenli palestinalylaryň 167-si şehit bolup 1100-den gowrak adam hem ýaralandy.

Add comment


Security code
Refresh