Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 10 July 2014 15:57

Ysraýyl Gazza garşy hüjümlerini artdyrmak barada haýbat atdy.

Ysraýyl Gazza garşy hüjümlerini artdyrmak barada haýbat atdy.

Sionist režimiň razwedka we strategik işler ministri , Gazza garşy hüjümleriň artdyrylmagyny talap etdi.

 

Şugün, Ysraýylyň razwedka we strategik işler ministri “Yuval Steinitz “ Ysraýylyň Gazza garşy hüjümleriniň artdyrylmagyny talap etmek bilen bir wagtda “Gazzany ýene-de basyp almaly” diýdi.

Ysraýylyň maliýe ministri hem, harby goşunyň Gazza zolagyna garşy operasiýalaryny köpeldýändigini aýtdy.

Sionist režimiň başlygy Perez hem, Palestina garşy ýerden hüjümleriň mümkindigini we her bir wagtda başlanmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Sionist režimi geçen sişenbe güni Gazza garşy howa hüjümlerine başlady we şu wagta çenli 82 adam şehit bolup 550 adam ýaralandy.

Gazzanyň hassahanalarynda derman we medisina enjamlary ýetmezçilik edýär.

Add comment


Security code
Refresh