Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 22 March 2018 18:00

mertebesi belent ýolbaşçy: Eýran Amerikanyň sebitdäki planlaryny suwa dökendir

mertebesi belent ýolbaşçy: Eýran Amerikanyň sebitdäki planlaryny suwa dökendir
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri geçen ýylda Yslam Respublikasy Eýran milletiniň abraýnyň we gudratynyň baýdagyny sebitde parlatdy we tekfirileriň kemerini kesmekde we howpsuzlygy berkarar etmekde möhüm roly oýnady diýip yglan etdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri düýn gyzyl ymamyň zyýaratçylarynyň we müjewürleriniň müňlerçesiniň ýygnagynda beren gürrüňlerinde Eýran Yslam respublikasynyň özüniň şeýle uly işi bilen Amerikalylaryň sebitdäki  planlaryny suwa dökendigini nygtap hemişe dünýäniň dürli sebitleriniň içerki işlerine gatyşýan halkara gudratlar indi Yslam respublikasynyň garşysynda durýarlar we nämüçin  Eýran sebitiň meselelerine gatyşýarlar diýip gürrüň berýärler, biz hem bu meseleleriň size asla ilteşikli ýeriniň ýoklygyny jogap berýäris diýdi.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda Eýran Yslam respublikasynyň sebitiň käbir ýurtlarynda  huzurly bolmagynyň şol döwletleriň we milletleriň islegleri boýunça bolandygyny nygtap biz zor hem aýtmaýarys, ýurtlaryň içerki işlerine hem gatyşmaýarys, kömek islediler biz hem kömek etdik we bu kömeklerimizi akyla laýyk maksatlar bilen we duýgynyň ýüzünden dälde eýsem akyl esasynda etdik diýip ýatlara berdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri Amerikalylaryň sebit üçin bolan taslamalaryna yşarat edip Amerikalylar DAEŞ ýaly şerçi, zalym we bihormatçylyk ediji toparlary döretmek bilen sebitiň milletlerini içerki uruşa meşgul edip olaryň pikirlerini basybalyjy Sionist režiminden başga ýaňa sowmagyň  yzynda boldylar emma biz hudab tagalanyň merhemeti bilen şu plany suwa döküp başardyk diýip sözlerine goşdylar.

Add comment


Security code
Refresh