Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Tuesday, 20 March 2018 20:46

yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň nowruz mynasybetli beren sargydy

yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň nowruz mynasybetli beren sargydy
yslam ynkylabynyň meretebesi belent ýolbaşçysy nowruz mynasybetli 1397-nji hijri şemsi ýylynyň başlanmagy mynasybetli beren sargydynda ýetip gelen täze ýyly we nowruzy bütin Eýranlylara we dünýäniň ýüzünde nowruzy baýram edýänlere gutladylar.

Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda 1397-nji ýylda matdy ösüş bilen bir wagtda magnawy ösüşleriň hem hasyl bolmagyny umyt etdiler.

ol hezretleri sözüniň dowamynda 1396-njy ýylda hem mundan ozalky ýyllar ýaly ajy we süýji wakalara şaýat bolandygymyzy aýdyp Eýranyň milleti 1396-njy ýylda gozgalaňçylaryň garşysynda giňden ýöriş geçirip yslam ynkylabynyň arzyly maksatlaryndan arka çykdylar diýip ýatlap geçdiler.

yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy sözüniň dowamynda 1396-njy ýylda käbir ajy hadysalara şol sanda siliň ýüze çykmagyna, ýer titreme hadysasyna ýada Sançi gämisiniň od almagy hemde ýolagçy gatnatýan uçaryň ýere gaçmagy ýaly hadysalara gabat gelendiris diýip nygtap geçdiler.

Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda tutuş Eýran milletine garap milli önümçilige ýörite üns berilmegini nygtamak bilen bir wagtda şu esasda 1397-nji ýylyň Eýranda öndürilýän harydy goldamak ýyly diýip atlandyranlygyny yglan etdiler.

ol hezretleri şeýle-de içerki önümi goldamak ugurda Eýranyň ilatydyr jogapkärleriniň hemmesiniň tagalla etmeklerini islediler.

Add comment


Security code
Refresh