Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 15 March 2018 17:53

mertebesi belent ýolbaşçy: iman we takwalyk Eýran milletiniň Amerika we sionizmiň garşysyndaky çydamlylygynyň syrydyr

mertebesi belent ýolbaşçy: iman we takwalyk Eýran milletiniň Amerika we sionizmiň garşysyndaky çydamlylygynyň syrydyr
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri Amerika we sionizmiň syýasym maliýe,harby, howpsuzlyk we medeni hüjümleriniň garşysyndaky Eýran milletiniň gazanan üstünlikleri Eýran ilatynyň we ýaşlarynyň imany we takwalygynyň netijesidir diýip beýan etdiler.

şu gün Eýranyň Yslam Ynkylabyn sözüniň dowamynda duöyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi HezretleriEýranyň hubralar mejlisiniň başlygy we agzalary bilen geçiren duşuşygynda alla tagala hak ýolunda ädim ädýänlere ynamlylyk bilen ýardam etjekdigini wada berendir diýmek bilen bu wadanyň amala aşmagy ulamalaryň, düzgüniň jogapkärleriniň,öwrediş organlaryň öz wezipelerine dogry amal etmeklerini talap edýändir diýip nygtadylar.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda duşmanlaryň agyr syýasy, ykdysady, sosial, medeni we howpsuzlyk hüjümleriniň garşysyndaky Eýran milletiniň çydamlylygyna yşarat edip Eýran Yslam respublikasy we dini hökümet we yslam düzgüniniň arzyly maksatlary şol sanda hudaýyň ýekeligi, sosial adalat, zuluma garşy göreşmek diniň duşmanlaryny söweşw iterýändir we gurhan aýatlary esasynda taryh boýunda hak toplumy mydama batyl toplumyň hüjümlerine gabat gelýändir diýip beýan etdiler.

hudaý tagalanyň beren wadasy esasynda ahyrynda hak toplumy batyla üstem çykjakdyr diýip Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüne goşdylar.

Add comment


Security code
Refresh