Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 26 February 2018 20:41

mertebesi belent ýolbaşçy: ynkylabyň wakalarynda we mukaddes goraň döwründe işçiler gaýratlylyk bilen sahnada bolandyrlar

mertebesi belent ýolbaşçy: ynkylabyň wakalarynda we mukaddes goraň döwründe  işçiler gaýratlylyk bilen sahnada bolandyrlar
yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy käbir gatlaklaryň şehitleriniň şol sanda işçi şehitleriň gadyrlanmagyny ýokary ähmiýetli hasaplap ynkylabyň bütin wakalarynda toparjyklara garşy göreşmekde hemde mukaddes gorag döwründe işçiler ägälik we gaýratlylyk bilen sahnada bolandyrlar diýip beýan etdiler.

yslam ynkylabynyň mertebesi belent  ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleriň 2018-nji ýylyň 5-nji fewralynda Eýranyň 14 müň işçi şehidiniň kongressiniň işgärleriniň we jogapkärleriniň arasynda beren gürrüňleri şu gün neşir boldy.

Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent  ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri tutuş Eýranda şehitleriň gadyrlanyp durulmagyny allanyň merhemetiniň nyşanlaryndan bildiler.

yslam ynkylabynyň mertebesi belent  ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda işçileri yslam häkimiýetine garşy öjükdirmekde duşmanlaryň şowsuzlyga uçranlygyna yşarat edip duşmanlaryň esasy hileleriniň birisi kärhanalarda işçileri öjükdirmek we işlerini taşlamaga itermekdi emma geçen ýyllaryň boýunda işçiler mydama ägälik ,hümmet we dindarlyk bilen duşmanyň garşysynda durup mekirli hilesini puja çykarandyrler diýip nygtadylar.

yslam ynkylabynyň mertebesi belent  ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri mukaddes gorag döwründäki işçileriň özlerinden görkezen gaýraty we gaýdusyzlygy öwgä laýykdyr diýmek bilen her haçanda yslam ynkylabynyň düýbini tutam Ymam Humeýni Hezretleri çakylyk berende imanly we ýaş işçileriň köpüsi hatda her günde işläp oňýan işçiler halk güýçler (besij) çarçuwasynda uruş meýdanlaryna gidýärdiler diýip nygtap geçdiler.

                                                                                                                                         

                                                                                

Add comment


Security code
Refresh