Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 12 February 2018 18:03

Aýatolla hameneýi hezretleri Eýran milletine minnetdarlygyny bildirdiler

Aýatolla hameneýi hezretleri Eýran milletine minnetdarlygyny bildirdiler
öten agşam yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy bir sargyt boýunça Eýran milletiniň 22-nji bahman ýol ýörişlerine giňden gatnaşmagy babatly minnetdarlygyny bildirdi.

Aýatolla hameneýi hezretleri ýaňky sargydynda dykgat bile göz astyna alýan hasabatçylaryň nazaryna görä yslam ynkylabynyň ýeňişe ýeten gününiň 39-njy  ýyllygyny ýol ýörişleri öňki ýyllardan şowhunlyrak bolandyr we bu mesele bolsakesekilere , duşmanlara we ygraryndan dänenleriň agyzlaryna urlan ýumryk ýaly bolandyr diýip nygtadylar.

ol hezretleri duşman Eýran we Eýranly baradaky nädogry düşünjesi esasynda üstümizdäki ýylyň 22-nji bahman gününiň ýol ýörişlerini gyzgalaňlykdan alyp galmak ugurda bar mümkinçiliklerinden haýyrlandy emma Eýran milleti yslam ynkylabyň janly we hereketdedigini we yslam ynkylabynyň düýbini tutan ymam Humeýni hezretleriň arzyly maksatlaryna ygrarlydyklaryny belli edendir diýip beýan etdiler.

yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri Eýran milleti berk yradasy we ägäligi bilen uly we geňgaldyryjy wakany döredendir diýmek bilen Eýran milletiniň haýbaty duşmany yzyna serpendir  we onuň nädorgy planlaryny hem puja çykarandyr diýip ýaňky sargydynyň dowamynda nygtap geçdiler.

Add comment


Security code
Refresh