Tuesday, 09 January 2018 18:36

mertebesi belent ýolbaşçy Eýranda ýüze çykan gozgalaňlyklary planlaşdyranlary paş etdiler

mertebesi belent ýolbaşçy Eýranda ýüze çykan gozgalaňlyklary planlaşdyranlary paş etdiler
Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy soňky wagtlarda ýüze çykan waklary açyklamak barada beren gürrüňlerinde şaýatlyklardan belli bolşyna görä bu wakalar guramalaşdyrlandyr we onuň şekillenmeginde 3 tarap işjeň gatnaşandyr diýip beýan etdiler.

şu gün Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali Hamenei hezretleri Gom ilatynyň müňleçesiniň arasynda beren gürrüňlerinde soňky wagtlarda Eýranda ýüze çykan wakalaryň birtarapynda Amerika we sionistler durandyr we olar näçe aýlap bu taslamanyň üstünde işländirler diýip nygtadylar.

ol hezretleri şeýle-de Amerikalylar we Sionistler Eýrandaky gozgalaňlyklary kiçi şäherlerden başlap paýtagta çekmegi ýatlaryna alýardylar diýip sözüne goşdylar.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali Hamenei hezretleri sözüniň dowamynda Eýrandaky gozgalaňlyklaryň uly bir tarapy Pars aýlagyň ýakasynda ýerleşen baý döwletleriň birisi durandyr we maliýe taýdan bu hereketi goldandyr diýip nygtadylar.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali Hamenei hezretleri şeýle-de Eýrandaky gozgalaňlyklary guramalaşdyran 3-nji tarap terrorçy Munafyklar toparjygydyr diýdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali Hamenei hezretleri duşmanlaryň media serişdelerindäki  käbir gürrüňlere hem yşarat edip olar Eýranyň goňşylygynda iki serkerdelik merkezi gurup Eýrana garşy hereketleri sazlaşdyrandyrlar diýip nygtap geçdiler.

geçen 40 ýylyň boýunda bolşy ýaly Eýran milletine, Eýrana we yslama garşy hereketleriň öňünde duruljakdyr emma şu arada jogapkärler hem ilatyň kynçylyklaryndan we ýoksul gatlagyň ýagdaýyndan gapyl galmalydäldirler diýip Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali Hamenei hezretleri  sözüniň soňunda nygtap geçdiler.

Add comment


Security code
Refresh