Thursday, 30 November 2017 20:00

mertebesi belent ýolbaşçy: yslam respublikasy zekady gün tertibinde goýmalydyr

mertebesi belent ýolbaşçy: yslam respublikasy zekady gün tertibinde goýmalydyr
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Zekat boýunça ýyllyk maslahatyna beren sargydynda zekat barada goýberilýän kemçilikleri tankyt edip yslam respublikasy düzgüni bu uly parzy gün tertibinde goýmalydyr diýip nygtadylar.

şu gün zekat boýunça ýyllyk maslahatynyň 5-nji nobaty yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýiň sargydynyň okalmagy bilen Tehraniň günortasynda ýerleşen Gom şäherinde başlandy.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri zekady rowaçlandyrmak ugurda geçirilýän ýyllyk maslahatyny allanyň beren uly towpyklaryndan hasaplap yslam respublikasy düzgüniň jogapkärleri zekat barada goýberilýän kemçilikleri babatly alladan ýalkaw talap etmelidirler diýmek bilen degişli döwlet organlaryň hemmesi zekat barada köpugurly hyzmatdaşlyklaryny daýandyrmalydyrlar diýip nygtadylar.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri gurhan kerime salgylanyp ýeňişden soňra alla ýolunda jihat edýänleriň bitirýän işleriniň birisi zekat bermekdir diýmek bilen yslam Respublikasy düzgüni din dessurlaryny amala aşyrmak we yslam toplumyny gurmak üçin dörändir oňa görä bu uly parz programmalaryň başynda ýerleşdirilmelidir diýip beýan etdiler.

Add comment


Security code
Refresh