Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 20 November 2017 19:56

mertebesi belent ýolbaşçynyň gatnaşmagyna Kermanşahda maslahat geçirildi

mertebesi belent ýolbaşçynyň gatnaşmagyna Kermanşahda maslahat geçirildi
yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy durmuşda birinji mňhüm bolup durýan mesele ýer titreme hadysasyna uçran ilatyň öý kynçylyklaryny çözmek we ýumurlan ýerleri abatlamakdyr we bu iş ýurduň harby we harby bolmadyk organlarynyň arkalaşygy bilen basymlykda amala aşyrylmalydyr diýip beýan etdiler.

yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri Kermanşah welaýatynda hadysa uçran ilatyň kynçylyklaryna ýetişiklik etmek maksady bilen geçirlen maslahatda beren gürrüňlerinde hadysada ejir çeken ilatyň kynçylyklaryna yşarat edip maşgala agzalary bilen aramlykda we bir öýde ýaşap ýörän adamlar birdenkä hemme zatlaryny elden berdiler we durmuşda çadyrlarda ýaşap ýörändirler diýip beýan etdiler.

Kermanşah welaýatynyň tebigy bela duçar bolan ilatynyň garşysynda ýurduň jogapkärleri agyr borja eýedirler diýip mertebesi belent ýolbaşçysy sözüne goşdylar.

yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri sözüniň dowamynda hadysanyň ýüze çykan wagtynyň birinji sagatlarynda möhüm bolup durýan mesele ilatyň janlaryny halas etmekdir we bu mowzug hakynda Eýran goşunynyň, Sepah Pasdaranyň we tertip düzgün goraýjy güýjiň bitiren işleri kabul ederliklidir diýip beýan etdiler.

Add comment


Security code
Refresh