Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 20 November 2017 19:44

mertebesi belent ýolbaşçy: ýurduň jogapkärleri ýer titrän sebitlerde tagallalaryny artdyrsynlar

mertebesi belent ýolbaşçy: ýurduň jogapkärleri ýer titrän sebitlerde tagallalaryny artdyrsynlar
şu gün Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Eýranyň günbatarynda ýerleşen Kermanşah welaýatynyň Sarpol-e Zahab şäherinde beren gürrüňlerinde ýurduň jogapkärleri tagallalaryny artdyrsynlar sebäbi durmuşky ýagdaý bilen kanagatlanmaýaryn diýip beýan etdiler.

Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda ýurduň jogapkärleri ýer titrän sebitlerde gowy işleri bitirendirler we hadysanyň ýüze çykan şol deslapky sagatlarynda Eýranyň goşuny şäherlerde we Sepah Pasdaran obalarda weýranalyklaryň aşagynda galan ilatyň dadyna ýetişdiler emma oňa garamazdan bu hili tagallalar meni kanagatlandyrmaýar oňa görä dürli organlaryň jogapkärleri köpräk tagalla etmelidirler diýip nygtadylar.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri ilata garap ýürekleriňiziň şat we ýaşaýşyňyzyň hoş wagtynda şäheriňize gelmegi isleýärdim we bu hili agyr bela we musybata duçar bolup duran mahalyňyzz siz mähriban  we wepaly ilatyň şäherine gelmegi islemeýärdim diýip beýan etdiler.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda mukaddes gorag döwründe kermanşah ilatynyň özlerinde görkezen çydamlylygyna we gaýdusyzlygyna yşarat edip siz sabyrly we mähriban ilat mundan ozal hem bu hili agyr kynçylyklara gabat geleňdirsiňiz we mukaddes gorag döwründe dertleri çekip merdanalyk, çydamlylyk we pälwanlyk bilen agyr ýagdaýlary başdan geçirendirsiňiz diýip ýatlap geçdiler.

 

Add comment


Security code
Refresh