Monday, 13 November 2017 14:16

mertebesi belent ýolbaşçy ýer titremede ejir çekenlere kömek edilmegini buýrdy

mertebesi belent ýolbaşçy ýer titremede ejir çekenlere kömek edilmegini buýrdy
yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Eýranyň günbatarynda ýüze çykan ýer titreme netijesinde watandaşlarymyzyň birnäçesini aradan çykmagy we birnäçesiniň hem ýaraly bolmagy babatly bir sargyt berdiler.

öten agşam Eýr anyň günbatar sebitlerinde we Yragyň dürli şäherlerinde güýji 7/2 rişder derejesinde ýüze çykan ýer titreme zerarly watandaşlarymyzyň birnäçesi aradan çykdy we bir entei hem ýaraly boldy.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri Eýranyň günbatarynda ýüze çykan ýer titreme babatly gynanjyny beýan edip ýurduň jogapkärlerinden tizlik bilen ejir çekenlere ýetişiklik etmeklerini hemde weýranalyklaryň aşagyndan galanlary çykarjak bolup tagalla etmeklerini islediler.

ol hezretleri şeýle-de Eýranyň goşunynyndan , Sepah Pasdarandan we besijden weýranalyklary aýyrmak we ýaraly bolanlara kömek etmekde tizlik we dykgat bilen amal etmeklerini islediler.

yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri Eýranyň bütin organlary indi harby bolsun ýada harby bolmasyn parhy ýokdyr hemmeleri ýer titremeden ejir çekenlere tizlik bilen ýardam etmelidirler diýip beýan etdiler.

men tüýs ýürekden bu ajy wakany we başa düşen musybaty Eýran milletine ylaýtada ýer titreme hadysasyna uçran Kermanşa ilatyna we aradan çykanlaryň dogan garyndaşlaryna pata aýtýaryn diýip yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri sözüne goşdylar.

 

Add comment


Security code
Refresh