Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 05 November 2017 20:33

mertebesi belent ýolbaşçy Eýran goşunynyň täze jogapkärlerini wezipä bellediler

mertebesi belent ýolbaşçy Eýran goşunynyň täze jogapkärlerini wezipä bellediler
Eýranyň bütin güýçleriniň başserkerdesi Aýatolla hameneýi Hezretleri Muhammet Hoseýin Dadrasi Eýran goşunynyň bäşsererdesini oruntutary wezipesine admiral Habibolla Saýýarini goşunyň sazlaşdyryjy orunsarlygynyň başlygyna we admiral Hoseýin Hanzadi Eýran goşunynyň deňiz güýjiniň serkerdesi wezipesine bellediler.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň  Eýran goşunynyň başserkerdesini oruntutary wezipesiniň höküminde şeýle gelipdir:

başserkerdäniň çäreleriniň çärçuwwasynda AJA-nyň maglumat we operasiýa taýýarlyklaryny ýokarlandyrmak we bu organyň işgärleriniň durmuş üpjünçiliklerini berjaý etmek Eýran goşunynyň başserkerdesiniň oruntutaryndan islenýän zatlardandyr.

Eýran goşunyň sazlaşdyryjy orunsarlygynyň başlygynyň höküminde hem şeýle gelipdir:

bu wezipäni üstüne alan jogapkärden goşun ştadyny işjeňleşdirmegine .esasy gereklikleri üpjün etmegine we goşun çäginde utgaşygy pugtalandyrmagyna garaşylandyr.

Eýran goşunynyň deňiz güýjiniň serkerdesi wezipesiniň höküminde hem şeýle gelipdir:

berk yrada we önjeýli aragatnaşyklar bilen deňiz güýjiň bütin mümkinçiliklerinden peýdalanyp alnyp barylýan işlere badalga bermegine garaşylýandyr,

Add comment


Security code
Refresh