Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 02 November 2017 20:07

mertebesi belent ýolbaşçy:Amerikanyň ýüzigalyňlygyna garşy göreşiň ýekeje ýoly onuň öňünde durmakdyr

mertebesi belent ýolbaşçy:Amerikanyň ýüzigalyňlygyna garşy göreşiň ýekeje ýoly onuň öňünde durmakdyr
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Amerikalylaryň garşysynda gowşak durmak olary ýüzigalyň edýändir oňa görä ýekeje ýol Amerikalylaryň garşysynda gaty durmakdyr diýip beýan etdiler.

şu gün Aýatolla Hameneýi Hezretleri müňlerçe okuwçy we talybyň arasynda beren gürrüňlerinde ýaş nesili köpçüligiň öň hatarynda hasaplap bu ukyply we pähimli nesil eziz Eýrany kynçylyklardan geçirip talaba laýyk derejä ýetirjekdir elbet-de bu aýdyň maksada ýetmek asly duşmany tanamaklygy ýene bir ybaratda Amerikany tanamaklygy talap edýändir diýip beýan etdiler.

ol hezretleri sözüniň dowamynda Amerikahakyky manyda betniýetli asly duşmandyr we bu hakykat täsipheşlik we betgümanlyk ýüzünden dälde eýsem tejribe we dogry düşünje esasyndadyr diýip nygtadylar.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy soňky wagtlarda Amerikanyň prezidentiniň Eýran milletini terrorçy hasaplamagyna yşarat edip akmaklyk ýüzinden aýdylýan bu hili gürrüňler Amerikalylaryňdiňe Eýranyň ýolbaşçylygy we döwleti bilen dälde eýsem gaýdusyzlyk  bilen Amerikanyň öňünde duran Eýran milleti bilen hem duşmandygyny mälim edýändir diýip beýan etdiler.

ol hezretleri şeýle-de Amerikalylar durmuşda hem ýadro ylalaşygyň netijelerini bozmak ugurda aňrybaş päliýamanlyk bilen  amal edip durandyr diýip sözüne goşdylar.

Add comment


Security code
Refresh