Thursday, 06 April 2017 11:14

seljuklar taryhy barada

seljuklar taryhy barada

 

 

 Atsyz ylym-paýhas taýdan örän meşhur bo­lupdyr. Onuň pars dilinde ýazan örän köp şy­gyr­larydyr, rubagylary miras ga­lypdyr. Ol merdanalykda we batyrgaýlykda beý­le­ki­ler­den tapa­wut­lanýardy. Ol Soltan Sanjaryň hyz­matynda bolup, adatdan da­şary uly de­rejä ýetýär we şol bir wagtyň özünde hem gul­luk borçlaryny hem doly berjaý edýär. Aşak­daky getirilýän hekaýat şu sözleriň şaýadydyr:

Takmynan, 420-nji ýylda Soltan San­jar Tamgaç hanyň goz­galaň turzany üçin Ma­we­rannahra tarap hereket edip, Buhara geldi. Şol döwürlerde, bir gün Sanjar aw-şikarda wag­ty, täze­lik­de onuň hyzmatyna gelen hyz­mat­kärleriniň bir topary, onuň janyna kast etmek üçin onuň garşysyna gizlin dil­düw­şük gur­na­ýarlar. Şol gün Atsyz awa-şi­ka­ra gitmändi. Ol günorta wagty ukudan oýanyp, how­lukmaç Soltanyň gözlegine atlanýar. Sol­tan bolsa şol pursatda haýynlaryň ara­synda kyn ýagdaýa düşüp­di hem-de dil­düw­şü­jileriň isleginiň hasyl bolmagyna az pur­sat galypdy. Atsyz ol haýynlaryň üstüne to­pulýar we Soltany halas ed­ýär. Soltan on­dan soraýar:

— Meniň hal-ýagdaýymy nädip aňdyň?

Atsyz jogap berýär:

— Soltanyň awda bir waka duçar bo­la­ny­ny düýşümde gör­düm. Şol sebäpli-de çalt si­ziň ýanyňyza geldim.

Bu hadysa soňra Atsyzyň dereje al­ma­gyn­da uly ähmiýete eýe bolupdy. Günbe-günden onuň şan-şöhraty artyp ugraýar. Sol­ta­nyň gol­da­magy bilen ol has kuwwatlanýar. Şol bir wagtda bolsa Atsyza garşy köşkdäki emir­leriň we wezirleriň göripçiligi artýar. Şol göripçiligiň, esasynda Soltana ýakyn adam­lar hile bi­len onuň daşyna tor gurýarlar. Soltan 5291-njy ýylyň boş aýyn­­da Bähram şanyň gozgalaň turzany üçin Gaz­na gidýär. Indiki ýylyň baýram aýynda Bal­ha ýetýär. Bu saparda hem At­syz onuň ýanyn­­dady. Çünki Atsyz görip emirleriň gurýan dil­düw­şüklerinden habarlydy. Ýöne Sol­­tandan gorkýardy. Haçan­da ol Soltanyň hyz­­matyndan gitmek üçin ondan rugsat alanda, Soltan töweregindäki adamlara we ýakyn­laryna şeýle diýýär:

— Bu adamyň ýene bir gezek ýüzüni görmek miýes­ser et­mez.

Jemagat aýdýar:

— Eger ol barada şeýle pikir edýän bol­saňyz, näme üçin oňa gitmäge rugsat ber­di­ňiz we ony ezizlediňiz?

Soltan jogap berýär:

— Onuň biziň öňümizde uly haky bar. Bi­ziň şular ýaly de­rejämizde we kerem-mer­he­metimizde onuň ýaly adama azar ber­mek­li­gi­miz gadagandyr.

Atsyz Horezme gelenden soň, boýun eg­mez­lik we gozgalaň etmek ýoluna düşdi. Iki ta­ra­py­ňam gorkusy günbe-günden art­ýar­dy. Bu ho­wa­tyr şeýle bir derejä ýetdi welin, hatda Soltan Sanjar 5332-nji ýylyň aşyr aýynda At­syza jeza bermek üçin Horezme ýola düş­ýär. Atsyz şanyň leşgerleriniň garşysyna har­by güýçleri taýýarlady, emma urşa baş­la­ma­dy. Ol Soltan San­jaryň harby güýç­le­­ri­niň köpdügini bilýärdi. Özüniň oňa güý­jü­niň ýetmejegine göz ýetirenden soň, Atsyz gaç­magy ýüregine düwýär. Atsyzyň ogly At­ly­gy ele salýarlar we ony Soltanyň hu­­zuryna ge­tirýärler. Ol şol pursatda ony ikä böl­mek­ligi bu­ýur­ýar hem-de Horezm emir­ligini öz doganoglany Muhammediň ogly Soltan Sü­leý­mana bagyşlaýar we Horasana gaýdýar.

Atsyz bu wakadan soňra, Horezme dolanyp gel­ýär. Soltan Sü­leýman ondan gaçyp, Sol­tan Sanjaryň ýanyna ýetýär. Atsyz entegem baş­bozarlygyny we boýun egmezligini dowam edýär.

Soltan Sanjar Hytaý urşunda, ýagny 5361-njy ýylda Samar­kant şäheriniň der­we­ze­sine gelip ýeňilýär we gaçyp Balha gel­ýär. Bu hadysa taryhda örän meşhurdyr.

Atsyz dörän ýagdaýdan peýdalanyp, Merwe zarba urýar hem-de köp gyr­gyn­çylyk we talaňçylyk edýär. Soňra Ho­rez­me dolanýar.

Bu ýerde Hekim Hasan Kattan bilen Re­şit Watwatyň ara­syn­daky, hususan-da, Hasan Kat­tanyň Merwde ýiten kitaplary we olary Wat­wat alandyr öýdüp edýän şübheler dog­ru­syn­da ýa­zylan hatlary getirýäris:

«Aýdylýan gürrüňlerden we Horezme ge­lip-gidýänleriň di­linden eşitdim. Biziň ho­jaýynymyz (goý, Hudaý onuň pähimini uzak etsin!) her wagt, özüniň şahsy möhüm iş­lerinden we ylym öwretmek we­zi­pe­le­rin­den boşaşan wagtyndaky üýşmeleňle­rin­de, ga­nyma teşne bolup, meniň adyma köp erbet söz­leri aýd­ýarmyşyn hem-de öz kitap­la­ry­nyň talaňçylyk bilen alnandygy baradaky töh­meti maňa ýapýarmyşyn. Meniň hor­ma­ty­my syn­dyr­mak bilen şerim-haýa perdesini ýyrtýar­myşyn. Eýsem, paý­has­lylygyň we ba­tyr­gaýlygyň ýoly şunuň ýalymydyr? Ju­wan­mert­lik2 äleminde ýürek agyrdyjy sözleri we töhmetleri ýöňke­mek mynasyp zatmydyr?! Heý-de, musulman doganlaryňyza ýa­lan söz­le­ri aýtmak bolarmy?!

Hudaýa kasam bolsun! Ol wagt – kyýamat gü­nün­de, ha­çan­da ýene bir gezek jansyz te­ni­mize täze ruh berilýän wagty, çüýrän je­set­den süňkleriň ýene bir gezek dirilik ly­ba­sy­ny geýen wagtynda, Perwerdigäriň ben­de­le­ri­niň magşar meýdanyna üý­şüp, her yn­sa­nyň amal depderçesi açylyp, her adamyň eden amal­­lary barada soralyp başlananda, çe­keläp dowzaha tarap al­nyp gidilýän bet­py­gyl adamlaryň we perişdeleriň egninde be­hiş­te ugradylýan ýagşyzadalaryň kimdigi aýan bolýan günün­de, hiç kim meniň synymdan ýapyş­maz. Biri gelip, kişiniň ma­lyny ta­lap­dyr, puluny ogurlapdyr, biriniň ganyna ga­lypdyr ýa-da biriniň syryny paş edip­dir, ýa hak zady nähak edipdir diýse, näme jo­gap bereýin! Bu zatlardan başga-da, Per­wer­digär maňa halal girdeji nesip etdi, ýag­ny ol ýerden bir müň jilde ýakyn nepis ki­tap­lary we gymmatly ýygyndylary ýyg­na­dym. Men ys­lam dünýäsinde döredilen ähli ki­taplar hazynasynyň (goý, Alla olaryň öm­rüni uzak etsin) musulmanlaryň peý­dalan­mak­lary üçindigini bilýärin. Şeýlelikde, şeý­le garaýşy özünde jemlän adam, bütin öm­rüne ýyrtyk waraklary ýygnan beýik alym­laryň öňbaşçysynyň kitaplaryna hü­jüm etmegi özüne nädip kabul edip biler. Ýog­sa, ol ýyrtyk waraklary deri jiltleri bi­len bile­lik­de bazarlarda satsalar-da, ol ba­ha­lar bilen saçak-da, hatda pes hilli nahar hem taýýarlap bolmaz.

Hudaýa pena! Hudaýa pena!

Biziň ýolbaşçymyz maňa eden töhmeti üçin ýamanlyga du­çar bolmawersin hem-de kyýamat güni eden günäsinden sapla­na­wersin di­ýip Hudaýdan dileg edýärin. Şäriksiz we ýeke-täk Alladan gorksun. Dogruçylyň öz dog­ru­çyllygy üçin sylag aljak we ýalançynyň bol­sa öz ýalan sözleri üçin jeza aljak gü­nü­ni, ýagny kyýamat gününi ýatdan çykarmasyn. Wes­salam!».

Her niçik-de bolsa, Soltan Sanjar ha­kyn­da aýdylan bu kem­sit­me[1] Atsyzyň gom­par­magyny we burnuna ýel çalmagyny art­dyr­dy. Bu hadysa barada Reşit Watwatyň şeýle ka­sydasy bar. Ol şeýle başlanýar:

 

Patyşa Atsyz mülk tagtyna geldi,

Seljuk neberesi ýer-ýegsan boldy.

 

Watwatyň şuňa meňzeş kasydalary örän köp­­dür. Soltan San­jar bu nälaýyk he­re­ket­den ar almak üçin 5381-nji ýylda At­syzyň gar­şysyna onuň bilen söweşmek üçin Ho­rezme ýola düş­ýär. Ol şäher derwezesiniň öňün­de düşleýär we manjanyklary2 ýer­­leş­dir­meklige buýruk berýär. Şol wagt tarap­la­ryň söweş baý­daklary göterilýär. Horezmiň boýun egdirilmegine we At­sy­zyň öl­dü­ril­me­gi­ne sähelçe pursat galanda Atsyz sowgat-ser­paý­lar ýollap, Soltandan öz günäsiniň ge­çil­megini isleýär. Sol­tan oňa rehim edýär we ýara­şykdan soňra yzyna dolanýar. Ýöne Atsyz özü­ne mahsus bolan duşmançylykly here­ke­ti­ni ýe­ne-de dowam etdirýär. Soltan Edip Sa­byry adatdan daşary ilçi edip, onuň ýany­na iberýär. Ol birnäçe gün Horezmde galýar. Şu aralykda Atsyz Horezmiň iki sa­ny tüpbozaryny, ýagny hu­daýsyzlaryň ýö­rel­ge­lerine laýyklykda aldap, olaryň ruhuny ele alyp, duýdansyz ýagdaýda Soltany öldür­mek üçin iberýär. Edip Sabyr bu erbet mak­sat­dan habarly bolýar hem-de şol iki adamy suratlandyryp, Soltana hat ýazýar. Haty hem bir kempiriň köw­şüne gysdyryp, Merwe iberýär. Hat Soltana gowşan badyna, ol şol iki adamy agtaryp tapmaklygy buýurýar. Gul­lukçylar olary harabaçylykdan tapyp öl­dür­ýärler. Atsyz bu wakany eşidip, Edip Sabyry derýa oklaýar.

Soltan 5423-nji ýylyň dört tir­ke­şik­le­ri­niň dördünji aýynda ýene-de Horezmiň üs­tü­ne goşun sürýär. Ilki Hazarasp obasyny iki aýlap gabaýar. Mälim bolşuna görä, bu oba mongollar za­ma­nynda we olaryň ýöriş­le­rinden soň, suwuň düýbüne gidip­dir.

Bu ýörişde şahyr Enweri hem Soltanyň hyzmatyndady. Ol Hazarasp galasyna bagyş­lap, bir rubagy ýazýar we Soltan San­ja­ra hö­dür­leýär. Soltanyň buýrugy boýunça bu ru­ba­gy­ny bir oka gysdyryp, Hazarasp galasynyň içine zyňýarlar. Haty okdan alyp, Horezmşa At­syza görkezýärler. Rubagynyň mazmuny şeý­­ledi:

 

Eý, şahym, jahanyň mülki seniňki,

Döwlet, ykbal, jahan kesbi seniňki,

Bu gün Hazaraspy eýele – ertir,

Horezmde ýüz müň ýylky seniňki.

 

Şol wagtda Hazarasp galasynda Atsyzyň ýanyn­da bolan Re­şit­eddin Watwat dessine En­weriniň bu rubagysyna şeýle jogap ýazýar:

 

Şahym, ýagyň Rüstem bolup gelse-de,

Zor boldugy, eşek alyp bilse-de.

 

Köp kynçylykdan soňra, Soltan Haza­ras­­py alýar. Onsoň Soltanyň ýadyna Watwat düşýär. Bu rubagy hem-de şuňa meň­zeş başga wa­kalar Soltanyň güýçli gahar-gazabyny ge­ti­ripdi. Soltan eger ony gola salaýsa, ýedi bölek etjekdigine kasam ed­ýär. Jar­çy yzyna jarçy gygyrdyp, Watwatyň adyny gaý­talaýar­dy, ony yhlas bilen gözledýärdi. Watwat hem her gije bir me­kan­dan başga bir mekana we her gün bir sähralykdan başga bir sähralyga gaçýardy. Ahyry ol gaçmaklyk bilen azatlyga ýetip bil­mejekdigine düşünýär hem-de giz­lin­likde döwletiň abraýly adamlaryndan he­maýat gözleýär. Ýöne Soltanyň gutarnyksyz gahar-gazabyndan çekinip, hiç kim arada dur­maga milt edip bilmeýärdi. Şu kitabyň ýaza­rynyň babasynyň babasy, Mün­te­ji­beddin Bedig Kätip (goý, rehmet ýagşy onuň gubruna ýagsyn!) bu möhümi bitirmegiň ug­runa çykýar. Ol patyşanyň hat-petek di­wa­nynyň başlygy we onuň nedimi1 eken. Ol her gün irden na­maz wagty ýaşululardan, diwan adamlaryndan öňürti paty­şa­nyň ýanyna ge­lip, namaz okalandan soň, gülküli he­kaýat­la­ry, pentdir nesihatlary aýdyp bererdi. Soň­ra Soltan ýurt meseleleri barada onuň bi­len geňeşerdi. Haçanda gürrüň Reşit Wat­watyň üstünden baranda, Müntejibeddin hor­mat bilen ýerinden turup, Soltana ýüzlenýär:

— Bu bendäniň bir arzy bar. Arzymy ka­bul edersiňiz diýip sizden umyt edýärin.

Soltan oňa söz berýär. Müntejebeddin:

— Watwat bir kiçijik guşdur, onuň ýedi bö­lek bolmaga gur­baty ýokdur. Eger rugsat bol­sa, ony diňe ikä bölmeklige per­man beriň!

Soltan bu aýdylan sözlere hezil edip gül­ýär hem-de Wat­wa­tyň günäsini geçýär.

Soltan Horezmiň derwezesine ýeten wagty Keýikderili at­lan­dyrylýan bir derwüş (onuň iýmiti we geýimi keýigiň etinden we de­risinden bolupdyr) onuň huzuryna gelýär. Ol ýagşy wa­gyz­lardan soň, şäheriň adam­la­ry­nyň günäsiniň geçilmegini ha­ýyş edýär. At­syz hem ilçiler bilen birlikde sowgat-ser­paý hem iberýär. Soltan üçünji gezek onuň günäsini geçip, geçirimlilik ed­ýär. «At­syz derýanyň kenaryna gelsin we Soltana hor­mat-sylag etsin» diýlip karar edilýär. 5432-nji ýylyň aşyr aýynyň on ikisine hoşgüni Atsyz gelýär. Ol ata münüp duran ýagda­ýynda Soltana hormat edýär. Heniz Sol­tan atyň jylawyny yzyna dön­der­mänkä, At­syz yzyna gaýdýar. Soltan onuň şeýle de­re­jede özü­ne hormat goýmaýandygyna gaharlanýar. Ýö­ne, hernäme-de bolsa, ony bagyşlandygy üçin gahar-gazabyny ýuwudýar. «Ga­zaplaryny ýuwudýan adamlaryň hatalaryny bagyşlaýan ki­şi­ler takwalardyr»[2] diýlen aýatyň pazylaty bilen ol öz öňki ýag­daýyna gaýdyp geldi. «Alla beý­le ýagşylyk edýänleri söýýär»[3].

Soltan Horasana ýetende Atsyza sowgat we serpaýlar ug­ra­dyp, oňa ilçilerini iberýär. At­syz ilçilere hezzet-hormat edýär we köp sow­gat-serpaýlar bilen yzlaryna gaýtarýar.

Bu wakadan soňra Atsyz ýüzüni kapyr­la­ra öwrüp, birnäçe ge­zek mukaddes uruşlar edip, ýeňiş gazanýar. Ol wagtlar Jen­diň hä­ki­mi Arslan han Muhammediň ogly Ke­ma­led­din­di. Onuň bolsa Atsyz bilen arasy gowu­dy. Haçanda 547[4]-nji ýylyň aşyr aýynda ol ýer­leri eýelände hem-de Sygnaga we başga şä­her­lere tarap rowana bolanda, Kemaleddin bi­len ylalaşyp ýöräpdi. At­syz Jende ýeten wagtynda Kemaleddin goşuny bilen gaçýar we Rud­bar tarapa gidýär. Atsyz Kemaleddin ga­çan­soň, akyldar­la­ryň hem-de görnükli alym­la­ryň birnäçesini onuň yzyndan iber­ýär we öl­dürmezlige söz berýär. Kemaleddin onuň ýany­na geti­ril­ýär, ol şolbada ony zyndana sal­maklygy buýurýar. Zyndanda Kemaleddin ara­dan çykýar. Kemaleddin Reşit Watwat bi­len öňden dostdular. Atsyzy Reşit Watwat Ke­maleddiniň halyndan habardar bolupdyr – diýen pikire iteripdirler. Bu iş soňra Wat­watyň birnäçe wagt hyzmatdan çetleş­di­ril­megine sebäp bolup­dyr. Onuň bu ýagdaýy ba­rada kasydalarynda we şygyrlarynda bö­lek­ler bar. Aşakdaky birki beýt şolaryň my­salydyr:

 

Eý, şa! Haçanda seniň şan-şöhratly eliň

                             meniň başymda bolmansoň,

Gahar-gazap aýagynyň astynda tenimi owdy, pelek.

Owadan sungatyň we seniň mähribanlygyň,

Älem meň bahamy kemeltdi we azabymy artdyrdy, pelek.

Maňa gowy seret, eger mende bir şekil görseň,

Alla kasam bolsun, meniň ýalyny döretmez, pelek.

 

Şeýle-de, aşakda beýleki şygyrlardanam birnäçe beýt ge­ti­ril­ýär:

 

Otuz ýyl bäri bu bende seniň hyzmatyňda,

Men taryp ediji, sen tagt üstünde taryp isleýji.

Arşyň Hudasy bilýändir, hergiz bolan däldir,

Meniň deý taryp ediji hiç bir köşkde.

Indi seniň ýüregiň şol otuz ýyl

hyzmat eden bendäňi ýigrendi,

Ýigrenç ýürekde uzak wagtlap saklanýandyr.

Emma şeýle nakyl bardyr, hojaýyn kine etse —

Bendesinden günä gözlär, biçäre bende bolsa günäsizdir.

 

Şeýlelikde, Jent gozgalaňçylardan we to­palaň­çylardan aras­sa­lanan wagtynda Abul­fath Ilarslany ol ýere iberýär we ol et­rabyň emirligini oňa tabşyrýar. Şol ýylda guzlar (oguzlar) üs­tün çykýarlar we Soltan Sanjary tutýarlar. Olar ony gündiz­le­rine tagtda otur­dyp­dyrlar we gijelerine demir kapasa-zyn­da­na taşlapdyrlar. Atsyz köňülden mülk ta­ma­kinçiligi, daşyndan bol­sa nygmat beren pa­tyşasyna hyzmat etmek bahanasy bilen Amu­ýa galasyna tarap goşuny bilen bi­le­lik­de ýola rowana bolýar. Olar assa-ýuwaş hereket edip, Amuýa ýetýärler. Ol dürli hileler bilen ga­lany almakçy bolýar. Gala goraýjylar bol­sa, boýun egmeýärler. Onsoň Atsyz Soltan San­jaryň ýanyna ilçi iberip, tabynlygyny aýan etmek bilen bir wagtda Amuýa galasyny is­leýändigini duýdurýar.

Soltan oňa şeýle diýip jogap berýär:

— Onuň hiç hili kynçylygy ýok. Ýöne siz ilki bilen Ilars­lany ähli goşuny bilen bilelikde bize kömege iberiň! Soňra Amuýa galasyny we ondan hem köp ýeri saňa ba­gyş­larys.

Bu sowal-jogapda ilçileriň gidip-gel­me­si iki-üç gezek ama­la aşansoň, Atsyz ahy­ry Horezme gaýdyp, ýene-de mukaddes uruş et­me­gi karar edýär.

Şol wagtlarda Soltan Sanjaryň ýegeni Rukneddin Mahmyt bin Muhammet Bugra han es­ger­leriň özi bilen ylalaşyk eden­digi se­bäp­li ol soltanyň ornuna geçýär. Ol Atsyz bi­len gadym­dan dost bolandygy sebäpli, bir il­çini Horasandan onuň hyz­matyna iberýär we guzlaryň gozgalaňyny basyp ýatyrmak üçin ondan kömek isleýär. Atsyz Şähristan[5] ýolun­dan gidip, Ilars­la­ny özi bilen bile alyp gelýär we özüniň beýleki ogly Hytaý ha­ny Horezmde özüniň naýyby edip gal­dyrýar. Şähristana ýeten wagtlarynda elden giden emläklerini gaýdyp almak üçin etrap emirlerini çagyrýar. Şol wagtlar «Emir Ymadeddin Ahmet bin Abubekr Kumaç müň at­ly iberip, Soltan Sanjar awdaka, ony ogur­lap Termize getiripdir» diýen habar gelýär. Äh­li adamlar bu habary eşidip şatlanýar. At­syz şondan soň Nusaýda Mahmyt hana (Soltan Sanjaryň ýegeni) we beýleki emir­le­re garaşyp saklanýar. Ýöne Atsyz onuň gel­me­gine we haýyşyna üns ber­me­di. Onsoň Ezizeddin Tugraýnyny onuň ýanyna iberýär we ähti-peýman baglaşýar. Atsyz şondan soň ol etraplardan he­re­ket edip, Habuşana Us­tu­wa gelýär. Rukneddin han hem Ny­şa­pur­dan ol ýere gelýär hem-de biri-biri bilen du­şuşýar­lar we dost­luk ýoluny açýarlar. Üç aýyň do­wa­myn­da söhbetdeşlikde bolýarlar we ýurduň weý­ran bolan ýerlerini düzedýärler. Bir gün At­syz baýramçylyk çäresini gurnaýar hem-de Rukneddin hany ýanyna getirýär. Olary ta­ryp edip ýazylan öwgi sözleriniň arasynda, Wat­watyň kasydasyndan şu beýt okalýar.

 

Bir asmanda iki parlak ýyldyzyň Aý nury bar,

Bir köşkde iki şähriýaryň

                                     şatlykly owazy bar.

Bu wakalardan soňra, Horezmşa Atsyz ýaraw­syz bolýar. Bir gün ýarawsyz ýatyrka, Gur­han okaýan karylaryň owazy onuň gulagyna gel­ýär. Ol muny ýagşa ýormak bilen şol owaza gulak asdy we ýaranlarynyň sesini peseltdi. Karylaryň Gurhan­dan okaýan aýaty «Adam ni­re­de öljegini bilmeýär»[6] diýen ýe­rine ýetipdi. Ol bu sözleri eşiden wagty, ony erbetlige ýorýar. Onuň ýagdaýy has-da agyrlaşýar. Ol 551[7]-nji ýylyň dört tir­keşikleriniň dördünji aýynyň dokuzy gijesi janyny tabşyrýar hem-de onuň men-menlikdir sütemkeşligi we tekepbirligi ba­şyn­dan uçup gidýär. Re­şi­ded­din Watwat onuň jesediniň ba­şynda ag­lap, eli bilen oňa yşarat edip şeýle diý­ýär:

 

Eý, patyşa, seniň zarbyňdan

                                        pelek titrärdi,

Pelek saňa bendi bolmaga ymtylýardy.

Hany nazar eýesi nirede,

                                   ol bir seredip,

Şol hasratlaryň patyşalyga degýäydigini görsedi.

 

 



1 Milady ýyl  hasabynda 1135-nji ýyla gabat gelýär.

2 Milady ýyl  hasabynda 1138-nji ýyla gabat gelýär.

1 Milady ýyl  hasabynda 1141-nji ýyla gabat gelýär.

2 Juwanmertlik – jomartlyk, sahylyk.

[1] Bu ýerde Soltan Sanjaryň 1141-nji  ýylda Hytaý ur­şun­da ýeňlişiniň gürrüňleri göz öňünde tutulýar.

1 Milady ýyl  hasabynda 1143-nji ýyla gabat gelýär.

2 Manjanyk – daş atýan gural.

3 Milady ýyl  hasabynda 1147-nji ýyla gabat gelýär.

1 Nedim – ýaran.

2 Milady ýyl  hasabynda 1148-nji ýyla gabat gelýär.

[2] Gurhanyň 3-nji (« Imranyň öýi») süresiniň 134-nji aýaty.

[3] Şol ýerde

[4] Milady ýyl  hasabynda 1152-nji ýyla gabat gelýär.

[5] Şähristan – Nusaýedan bir parsaň demirgazykda eýerleşen şäher.

[6] Gurhanyň 31-nji («Lukman») süresiniň 34-nji aýaty.

[7] Milady ýyl  hasabynda 1156-njy ýyla gabat gelýär.

More in this category: « täleýnama

Add comment


Security code
Refresh