Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Tuesday, 21 March 2017 12:36

täleýnama

täleýnama

 

 

Bijin (Maýmyn) ýyly.

Şu ýylda dogulan adamlar läliksiredilen ynymdar däl hem-de yrga. Bular mekir, akylly, oýlaptapyjy, kyn meseleleri-de aňsatjak çözmegi başarýarlar. Olarda özboluşlylyk bar, degişmeçi, şonuň üçinem adamlar gowy görýär. Şol bir wagtyň özünde-de bularda ikiýüzlülik hem-de aldawçylyk häsiýetleri agdyklyk edýär, olar bilen iş salyşanyňda ätiýaçlyrak bolsaň utulmarsyň.Maýmyn ýylynda dogulanlaryň märekesöýerliginiň we göwnaçyklygynyň aňyrsynda mydama bähbitli maksatlaryň bolmagy mümkin. Gülüm-ýalym edip olar ilden esasy niýetlerini gizleýärler. Özlerini beýlekilerden ýokary tutýarlar, artykmaç saýýarlar, ile göwni ýetmeýär, şöhratparaz. Bularyň başyny sokmajak, hem başarmajak işi az. Özlerem köp okaýarlar, bilimini artdyrmaga çalyşýarlar, bitirmesi kyn işleri çaltlyk bilen çözmegi başarýarlar. Köp zady bilýärler, töwerekde bolup geçýän wakalaryň köpüsinden habardar. Ýady örän güýçli, gören, eşden, okan zatlaryny derrew ýat tutup bilýär. Bularyň şeýle iş başarjaňlygy bilen bir hatarda, sähel kynçylyk hem başlan işini bitirmän taşlap gitmäge mejbur edip bilýär, ujypsyz kynçylyk hem  «keýpine sogan dograýar». Köpüsi aýgytly hereket edip bilmeýär, gyssanan wagty nalajedeýinlik görkezýär. Ýöne olar örän sypjyk, kyn-kyn ýagdaýlardanam eýdip-beýdip baş alyp çykýarlar. Garaşsyzlygy gowy görýärler. Olaryň boýnuna keseden bir zat dakmak kyn, aýdybam ynandyryp bilmersiň, diňe öz pikirine görä hereket eder.Wezipeparaz, bu olaryň ganyna siňen diýseňem boljak. Emgenmän, hatda ýaramaz ýollar bilen hem wezipe aljak bolmaga çalyşýanlary bar. Kähalat olar uly at-abraýa eýe bolmagy hem başarýarlar, şeýle bolanda, ilatyň gözünden düşmezlik üçin olara azyrak geplemek gerek. Bütin durmuşynyň dowamynda pula zar bolmaýarlar. Söýgüde öz bagtyny kynlyk bilen tapýar.Ömrüniň birinji bölegi asuda, ikinji bölegi biynjalyk, üçünji bölegi parahat geçýär.Bijin ýylynda dogulanlara Luw hem-de Syçan ýylynda dogulanlar bilen maşgala bolmak maslahat berilýär. Ýylan ýa-da Doňuz ýyly bilen ýaşamak amatsyz. Bars ýylynda dogulanlar bilen bagtly bolmaz.Bijin ýyly: 1908, 1920, 1932, 1944, 1956, 1968, 1980, 1992, 2004-nji ýyllara gabat gelýär.



Towuk ýyly.
Bu ýylda dogulanlara mertlik, batyrlyk mahsus. Olar şeýle bir gaýduwsyz adamlar, hatda ömri howp astynda wagty hem gorkman ýylgyrjaklap bilýär. Bular pähimdar hem-de talantly adamlar. Zähmet çekmegi gowy görýär, öz işini söýýär. Söz berse, her näçe kyn hem bolsa sözünde tapyljak bolýar, eger-de başarmasalar muňa çyny bilen gynanýarlar. Göwnünde näme bar bolsa, çekinmän şony hem aýdýarlar, bu köp adamlara ýokmaýar we şonuň üçin olaryň arasynda düşünmezlikler ýüze çykýar, käbir adamlar bular bilen kemräk gatnaşyk edenini ters görmeýär. Bu gönümellik towuk ýylynda dogulanlaryň adamyň kän bir göwnüni görüp durmaýanlygyndan habar berýär. Özem bular rehimsiz adamlar. Şu häsiýetleri olara sypaýyçylyk talap edýän işlerde işlemäge mümkinçilik bermeýär. Bular köneçil, täzäni hatda özüne bähbitli-de bolsa kynlyk bilen kabul edýär. Köplenç özüni mamla hasaplaýar we ederini bilýär. Şonuň üçinem olar ynamly hereket edýär. Gowy geýinmegi, töweregindäkileriň özüne gözi gider ýaly derejede giýinmegi halaýarlar. Diňe geýimini däl, adamlar köplenç olaryň pähimine-de haýran galýarlar. Şeýle pursatda olaryň çakdanaşa öwünjeňligi az-kem abraýyny gaçyrýar, gözden düşürýär. Käwagt başarmajak işinem wada berýärler. Olar bilen ýakyndan iş salyşanyňda daş görnüşine aldanandygyňa göz ýetirýärsiň. Bularda ýaltaçylygam ýok däl. Emma bulara gowy işlemese, zähmet çekmese aňsat zat ýok, puly-da kynlyk bilen tapýarlar. Eger-de yzygiderli zähmet çekseler, baý dyrmuşda ýaşamaklary mümkin. Ýöne olar sähel arkaýynçylyga ýol berseler, ýaltalyk etseler, ýygnanjalaryny-da tiz ýitirerler. Söýgi meselesinde ýagdaýlary öwerlik bolmaýar, öz halaýanynyň göwnüne ýetmek üçin azap çekmeli bolýar.Ömrüniň dowamy birsydyrgyn bolmaýar, bir görseň-ä başlan işi paşyp barýar barýar, bir görsňem şowsuzlyga uçraýar. Garyplygam görýär, baýlyga-da ýetýär. Garran çaglary bagtly durmuşda ýaşaýar.Towuk ýylynda dogulanlar Sygyr, Ýylan ýa-da Luw ýylynda dogulanlar bilen bagtly durmuşda ýaşar. Syçan, Towuk, It ýylynda dogulanlar bilen guran maşgalasy amatsyzdyr. Goýun ýylyndakylar bilen bagtly ýaşaýşy bolmaz.Towuk ýyly: 1909, 1921, 1933, 1945, 1957, 1969, 1981,1993, 2005-nji ýyllara gabat gelýär.

It ýyly.

Bu ýylda dogulan adamlara iň oňat häsiýetler mahsusdyr. Bular wepaly, ak ýürek, syr saklamagy başarýan ynamdar adamlardyr. Galyberse-de wäşiligem bar, maýdaçyllyk edenoklar. Ýöne şeýle bir kesir welin aýdyp diýer ýaly däl. Kesgin hem-de ýakymsyz bir sözi morta aýdyp goýbermegi hiç zatça görenoklar. Ýerli-ýerliksiz iňňerdemäge, ýok ýerden kemçilik agtarmaga ýykgyn edýärler. Adalat ugrunda şulardan oňat göreşiçi ýokdur. Her bir adalatsyzlyk olarda gahar-gazap döredýär, şonuň soňuna çykdym diýýänçäler bulara köşeşme ýok. Hakykatyň hatyrasyna, horluk çekeniň bähbidine elinden gelen işi edýär. Bu adamlaryň il içinde hormaty uly. Bir gowy tarapy olar hiç wagt samsyk hereketleriň tarapyny tutmaýarlar we goldamaýarlar. It ýylynda dogulanlar filosof, nesihatçy, durmuşa özüçe düşünýär, pula kän ýykgyn etmeýär. Bu adamlar özdiýenli, durnukly we çaksyz kesir. Duýgy babatynda olary daşyndan görüp, biparh hasaplaýarlar, ýöne bu juda beýle däl. Olara ähli gowy duýgular mahsus.Bular ýeter-ýetmez ýa-da baý durmuşda ýaşasyn tapawudy ýok, elmydama pähim-paýhasly hereket edýärler. Bolelinçilik bolmasa hem oňuşyberýärler. Bardy-geldi şeýle bolaýanda-da elpe-şelpelige ýüz urmaýarlar. Pul gerek bolsa, gereginçe tapmagy başarýarlar. Adatça bu adamlaryň örän oňat ýolbaşçylar we jemgyýetçilik işgäri çykýar. Bularda ýolbaşçylyk etmek ukyby aýratyn ösendir. Iň esasy, her işde işleseler-de olar örän arassa saklanmagy başarýarlar. Dil meselesinde, elbetde, dilewarlygy bar, ýönekeý düşündirýär, ýöne pikirini doly açyp bilmeýär. Özleriniňem juda ýiti akyly bar, hiç kim olar ýaly üns berip diňlemäni başarmaýar. Bularyň söýgüsi hem arassa we hakyky, emma durmuşynda söýgi hossasy biynjalyk edýär. Bu-da olaryň mydama galdawlyk edýänliginden we durnuksyzlygyndandyr. Durmuşynyň bütin dowamynda başdangeçirmeler we adalat ugrundaky göreşler doly bolar. Ömri durnuksyzlyk ýagdaýynda geçer. Ýylky, Bars ýa-da Towşan ýylynda dogulanlar bilen bagtly maşgala bolmagy mümkin. Sygyr ýa-da Towuk ýylynda dogulanlar bilen durmuş gurmagy amatsyz. Luw ýa-da goýun müçeliler bilen goşulyşmasa gowy. It ýyly: 1910, 1922, 1934, 1946, 1958, 1970, 1982,1994, 2006-njy ýyllara gabat gelýär.

Doňuz ýyly.

Rowaýat etmeklerine görä, Doňuz ýylynda dogulanlaryň ömürboýy päklikde ýaşamaklary gerek, hapalyk bular üçin hatarlydyr. Maksada okgunlylygyň çägi ýok, bu babatda hiç kim bulara bäs gelip bilmeýär. Bularyň dosty az, emma dostlaryny örän gadyrly tutýar. Olar üçin özüni oda-suwa urmaga taýýar. Häsiýetinde edermenlik ýaly oňat aýratynlyk bar. Olara syryňy arkaýyn ynanmak bolar. Hiç haçan adam satmaz ýa-da aldajak bolmaz. Her bir işe ak ýürek, jany-teni bilen ýapyşýar. Diňe hakykat ýoly bilen gidýär. Mert hem-de päk adamlar. Şol bir wagtyň özünde-de, örän ynanjaň, sada hem-de bçäredirler. Olaryň aňsat göwnüne degýärler. Esasan parahat häsiýetli, arasynda «gepçileri-de» bolýar. Köp geplemeýärler, ýöne çakdanaşa bilesigeliji, köp okaýarlar, bar zatdan habarly. Emma bilimini düýpli barlap görseň, onuň juda doly däldigine göz ýetirýärsiň. Pul babatynda aýdylanda, olar hiç wagt pulsyz galanoklar. Olarda elmydama gowy işem, pulam bolýar. Munuň üçin agyr zähmetem sarp etmeýärler. Ynanjaň bolandyklary üçin köplenç aldawa düşmekleri mümkin we işleriniň bulaşybermegi ahmal. Şonuň üçin habardarrak bolmaklary gerek. Eger-de olara ýokary derejelere ýetmek üçin kömek edýän bolsalar, ony inkär etmesinler, peýdalansynlar, sebäbi bu olara bähbit getirer.Oýun oýnamaga ökde, ýöne oýnuň keýpini bilmeýärler. Ýalan sözlemeýärler, sözlänlerinde hem kyn ýagdaýda, özüni goramak üçin şeýdýärler. Daşyndan seretseň ýönekeý görnüşi bardyr. Olarda erkiň we gujuryň zordugyny birbada duýmarsyň. Her zat barada karara geljek bolsalar «boljak», «bolmajagy» gowy ölçerip görýärler, olaryň uzak wagtlap oýlanyşýandygyny görenler, näme etmelidigini bilmeýändir öýdýärler. Emma bu beýle däl. Etmeli işini juda gowy bilýärler, ýöne ýalňyşmazlyga çalyşýarlar, şeýdibem käwagt pursady elinden berýärler. Doňuz ýyly doglan aýallar sylagy we kijijik şagalaňlary gowy görýärler. Olar gowy hojalykçy we mährem enelerdir.Doňuz ýyly dogulanlaryň durmuşynyň birinji we ikinji böleginde her hili kynçylyklar bolýar. Ýöne başyna nähili kyn gün düşse-de çekinjeňlik zerarly hiç kimden kömek soramaýar. Ömrüniň üçünji böleginde asuda ýaşaýar.Doňuz ýylynda dogulanlar Towşan we Goýun ýylynda dogulanlar bilen durmuş gursa gowy. Bijin ýylynda dogulanlar bilen durmuşy amatsyz bolar. Ýylan ýyly dogulanlar bilen durmuşy oňa bagtsyzlyk getirer.Doňuz ýyly: 1911, 1923, 1935, 1947, 1959, 1971, 1983,1995, 2007-nji ýyllara gabat gelýär.


Syçan ýyly.
Yryma görä, syçan ýylynda dogulan adam, başgalaryň nazaryndan sowarak görünmägeçalyşýar, ol elmydama maýda-çüýde zatlara gumra bolup gezmegi gowy görýär. Daşyndan görseň ol hytyrjem, sussypes we pes päl, emma ilki görende parahat, arkaýyn adam diýdirýände bolsa, olarda içki joşgun möwç urýan bolmaly. Bu ýylda dogulan adamlaryň daş keşbi-de özüne çekiji bolýar. Bu adamlar özüni tutup bilýär. Başyna iş düşende çekip bilýär, gam-teşwişi içine ýuwudýar.Syçan ýylynda dogulanlary gowy tanamak üçin onyň bilen köpüräk söhbetdeş bolmaly. Şonda olaryň ilki bada galjaňlyk, biynjalyklyk, hatda gaharjaňlyk ýaly häsiýetlerden daşda däldigini görersiňiz.Adatça bu adamlar zor bilimli däl, emma, dili arassa, sylaşykly, özlerem bir iş başlasalar, ahyryna çenli ýetirmän goýmaýarlar. Olar tygşytly, puluny özüne sarp etmegi gowy görýär, özüni zatdan gysmaýar, başgalara karz pul bermegi halamaýar. Baýlygy köpüräk toplamaga çalyşýar. Käbir adamlara örän gysgançlyk mahsus, ýöne hemmesi beýle däl, kähalat zerurlyk ýüze çyksa ýa-da göwnese, olar zady, puly gaýgyrman hem harçlaberýärler. Emma bu ýagdaý syçan ýylda dogulanlarda ýygy-ýygydan bolubermeýär. Eger-de bu adamlar birini söýse, gadryny bilmäni başarýar.Köpçüligi halaýarlar, esasanam aýallar gybat etmäni gowy görýärler, bularyň arasyndan ölemen gybatçylaram döreýär. Hakyky dostlary az bolsa-da, gowy gatnaşykdaky tanyş-bilişleri köp. Goňşulary bilen oňşukly.Aýallary arassaçylygy gowy görýär, ýöne käbir edýän işleriniň manysy az. Bu ýylda dogulanlar köplenç adamlara däl-de, özüne bil baglaýarlar, köp kişä ynanmaýarlar, hyşy-wyşy gürrüňlere az ähmiýet berýärler, öz gününi özleri dolajak bolmaga ýykgyn edýärler. Şol bir wagtyň özünde-de her bir zatdan bähbit agtarýarlar, azajyk hem bolsa peýda görüp galmaga ymtylýarlar. Özüniň mylakatlylygyndan başardygyndan peýdalanýarlar, kähalat öte geçýänleri hem bolýar.Bu adamlar özüni çäklendirmän ýaşamak isleýärler, köplenjem başarýarlar. Emma olary gelejek az-kem gorkuzýar, şonuň üçin ertirini-de ýatdan çykaraýanoklar, başarsa ikiniň birini  ertire-de goýaslary gelýär. Garran çagynda hor bolmazlyk üçin artan-süýşenini aýawly tutup, ýygnap goýmaga çalyşýarlar. Esasan, bulara göwnündäki etmek başardýar. Göwnüne almasynlar, öz ýagdaýlaryny bilip goýsalar gowy, syçan ýylynda dogulanlaryň özi az zähmet çekip, kişiniň hasabyna ýaşaslary gelýär. Kişiniň güýjünden başardygyndan peýdalanýarlar.Syçan ýylynda dogulanlaryň ömrüniň birinji bölegi asyda geçýär, ikinji ýarymynda şowsuz başlan işi ýa-da başa barmadyk söýgüsi zerarly pent görmekleri mümkin. Garran çagy olaryň durmuşy ýene-de asudalaşýar. Bu adamlaryň ukyplary barada şu aşakdakylary aýtmak bolar. Ilki bilen-ä bular çeper döredijilige ukyply,aýallaryň dokan haly-palasy, basan keçesi, nagyş işleri beýlekileriňkiden tapawutlanýar. Çaga çüwdülemäge ökde, käbir-ä çagany sallançaga salyp hüwdi aýdyp, arzuw edip oturmany gowy görýär. Erkekleri töwella ökde bolýar. Erkeklerem, aýallaram zat ýygnap goýmaga ýykgyn edýärler. Olaryň goş saklaýan ýerinde haçan görseň gerekmejek zatlaram üýşip ýatýar.Syçan ýylynda dogulanlaryň Maýmyn, Luw, Sygyr ýylynda dogulanlar bilen durmuş gurmagy makul. Bularyň häsiýeti köplenç biri-birine laýyk gelýär, hatda biri-biriniň ýetmeziniň üstüni-de doldurýar.It, Doňuz, Ýylan ýylynda dogulanlara Syçan ýylynda dogulan bilen nikalaşmak nämakulyrak görülýär.Syçan ýyly: 1912, 1924, 1936, 1948, 1960, 1972, 1984, 1996-njy ýyllara gabat gelýär.


Sygyr ýyly.

Bu эylda dogulan adamlar öabyr-takatly we az gepli bolэar. Özlerem ynama makul haöaplanэar, daş görnьşi öalykatly, özьneçekiji. Kähalat birden gahary joşup, gyzmaklyk hem ediberэärler, şol wagt olar bilen kejeleşmeöeň эeňeniň, iň gowuöy şeэle puröatlarda köşeşdirmägeöynanyşmaly. Öebäbi bu adamlaryň gahar-gazabynyň çägi эok. Belki-de bu olaryň, eöaöan, gaharyny эuwudyp gezэändigi we içinde hyn berip berçigip эatandygy ьçin bolöa gerek.Daş görnьşinden öeretöeň, эönekeэ hem öada görьnэän bu adamlaryň örän эiti akyly, keögir pähimi bar, olar pikir öwьrmäge, çalt netije çykarmaga ökde. Az gepli bolöwalar-da, gьrrьňe gyzyşyp gitöeler эakymly gьrrьňçi. Göwreöi daэaw, durmuşyň şatyöyny çekmäge tap berip bilэärler. Kynçylyklary böwöip geçmegi halaэarlar, bu эagdaэ olaryhaö ruhlandyrэar, garşyöyna çykylmagyny halamaэarlar. Özьniň mamladyklaryny anyk duээan halaty, olara garşylyk görkezen özьň bolmz, öebäbi ardyrja эeňileröiň. bu adamlaryň ynamyny öyndyrmak kyn, bir ynanyp eňen ugrundan dänderjek bolöaň uly görgьdir, täzeligi ornaşdyrjak bolöa aňyröyna göz эetirmän işe başlamaэar, özdiэenli, öňden gelэän эörelgä, ynama berk uээarlar. Ööwda-öatyg, alyş-çalyş, telekiçilik- bulardan daşda. Alyp-öatarlyk işine baş goşöa, tozdugy biläэ. Her bir zat bu gьnde-ertirde zerur bolmaöa, başga işlerini taşlap oňa эapyşmaэar.Öygyr эylynda dogulan adamlara köplenç töweregindäkiler doly we dogry dьşьnmeэärler. Olaryň her bir zady aэlap-ölçerip edэändigi ьçin, käbir adamlara bu haöam geň görьnэär. Öebäbi durmuşdaky ähli zadyň oэlap aňyröyna эetip bolmaэanlygy ьçin töwekgelçilik edilэär. Bularda töwekgelçilik haöapdan öoňa durэar. Maşgalaöyny gowy görэärler. Çagalaryny ööээär. Эöne öэьnde aэdany edilmeöe, gowy görenok, çagalaryny urup-эenjiberэär, zähmetkeş, jepakeşdikleri ьçin maşgalaöynyň gьn-gьzerany kadaly bolэar. Bu adamlaryň tapawutly taraplarynyň biri-de- örän çalt karara gelmegi başarэarlar, şu эagdaэ olara köplenç ьötьnlik getirэär. Ööэgini ikinji derejeli zat haöaplaэarlar. Öz gezeginde bu эagdaэ olaryň maşgala gatnaşyklarynda kynçylyklar döredэär. Muňa garamazdan örän duэgur, wepaly hem-de eşreti halaэan adamlar.Erkekleri erkinlikde işleэän işleri gowy görэär. Aэallary öэdeçi. Öэьni abadan etmek ьçin alada baryny edэär. Эaşlygy aöuda, parahat geçэär, orta эaşda durmuşynda kynçylyklar döremegi mьmkin. Şonda onuň öň özьniň gowy gören adamlaryň ööэgьöinden, hormatyndan mahrum bolmagy mьmkin. Garrylyk çagy oňat, parahat durmuşy bolar.Öygyr эylynda dogulanlara özьne эan-эoldaş öaэlap tutmak kynyrak. Öyçan эa-da Towuk эylynda dogulanlar bilen nikalaşöa makul haöaplanэar. It, galyberöe-de Goэun эylynda dogulanlar bilen durmuş gurmakçy bolöa, göwnemakul haöaplananok.Öygyr эyly : 1913, 1925, 1937, 1949, 1961, 1973,1985, 1997-nji эyllara gabat gelэär.


Bars ýyly.

Bars ýyly dogulan adamlar duýgur, ganygyzma, tertipsiziräk bolýar. Olar özünden ulular ýa-da ýolbaşçylar bilen köp gapma-garşylyga gidýärler. Bu ýagdaýa garamazdan hormatlanýarlar, sylanýarlar. Möhüm karara gelmeli wagty ýaýdanyp pursaty elden berýän halatlary az bolmaýar. Pikiri dar bolany üçin, aňsat beýlekileriň gepine ynanmaýar. Köplenç jedelleşmegi gowy görýär. Özüniň nämakuldygyny bilip dursa-da, aňsat aýdan sözünden dänmeýär. Bu-da olaryň uly kemçiliginiň biridir, özem şu ýagdaý durmuşlarynda käbir aňsat bitiräýjek işlerini-de kynlaşdyrýar. Häsiýeti boýun egmezek, aýdanyny etdirmegi, diýenini gögertmegi halaýar, ýöne köplenç nädogry kärara gelýärler, dogru çözgüt tapaýanlarynda hem bu olara kynlyk bilen başardýar. Hiç kim bu adamlaryň ýüzüne hakykaty aýtmaga milt edip bilmeýär, sebäbi ondan gaýtawul aljagyň ikuçsyz. Eger-de olaryň aýdany bilen oýlap-ölçermän iş tutsaň gumansyz utularsyň.Bars ýylynda dogulanlar çaksyz töwekgel. Töwekgelçilik bularyň ganlaryna siňen. Şonuň üçin köplenç oýlanyşyksyz iş edip, soňundan ökünýärler. Bular pähim-paýhas bilen iş tutanda, bimöçber bähbit görýärler. Eger-de akylly maslahata eýerseler, şondan diňe peýda tapýarlar. Azajyk zadam bähbit bilýärler, ýöne köp girdeji getirjek uly işler üçin gaýgyrman pul sarp edip bilýärler. Köplenç «Özüm bilýän» diýip, kişiniň gepine gulak asman zyýan çekýärler. Maksadyna ýetmek üçin, hiç zatdan gaýtmaýarlar, olary kanunam, tertip-düzgünem aňsat saklap bilmeýär.Iň gynandyrýan ýerem, olar baryp-baryp aýgytly netijä gelmeli, çürt-kesik karara gelinmeli halatda ýaýdanmaga başlaýarlar, şeýdip hem pursady elinden berýärler. Bu adamlardan ökde harby ýolbaşçylar bolup biler, yers ýola düşseler ýeser ýagy, howply jenaýatkär bolmaklary mümkin. Sebäbi bularda soňuny saýmaz töwekgelçilik bar. Örän duýgur adamlar, söýgüsi güýçli, şol boluşlaryna-da söýgüde öz bagtyny seýrek tapýarlar. Ýaşlygy örän parahat geçýär, orta ýaşyna ýetenlerinde welin, durmuşy gaýnap-joşýar, az biynjalyk bolmaýarlar. Garrylyga ýetensoň welin olara örän arkaýyn durmuş garaşýar.Rowaýata hem-de ýoň bolan yrymlara görä, bars ýylynda dogulanlaryň zady ogurlykdan, ýangyndan, kast edilmekden amanmyş, şeýle-de bolsa  olar zadyna göz-gulak bolmagy unutmasynlar.Bars ýylynda dogulanlar Ýylky ýa-da Luw ýylynda dogulanlar bilen durmuş gursa göwnejaýdyr. Emma Sygyr, Ýylan ýa-da Maýmyn  ýylynda dogulanlar bilen durmuş gursa, gününiň kyn bolmagy mümkin.Bars ýyly : 1914, 1926, 1938, 1950, 1962, 1974,1986, 1998-nji ýyllara gabat gelýär.
Towşan ýyly.

Bu ýylda dogulanlar örän özboluşly, ukyply, hem-de gedemiräk adamlardyr. Olar salykatly, ak göwün we hoşgylaw. Her bir zada oňat düşünýär, hemmeler oňa haýran galýar hem-de ynanýar. Gowy gepleşmegi başarýarlar, özüni we töweregindäkileri hormatlamagy başarýar. Ýöne olarda bir ýetmezçilik bar, ol hem ýüzleklik häsiýetlidir. Mundan-da daşgary gybat etmäni gowy görýärler, özem gybat edip oturandyr welin, töweregindäkiler munuň şeýledigini duýmazlaram. Köpçüligi ýagşy görýär, ony-da köpçülik halaýar. Olaryň aňsat gaharyny getirjek gumanyň ýok, mydama arkaýyn we parahat. Köňülleri ejiz, sähel zada ýüregi ýukalyk edýär, onsoňam başgalaryň başyna düşen iş üçin doňbagyrlyk etse-de, özüne gezek gelende örän ýüregi ejiz. Sähel zat üçin ýarym-ýaş bolup aglap, tiz wagtdan hem köşeşýär. Özlerem juda köneçil, parahat durmuşyny bozjak, biynjalyk etjek bolsa, täze zady ornaşdyrmaga garşy bolýarlar. Durmuşda bölelinlige, arkaýynlyga höwes edýärler. Ilki «Ýedi ölçäp, bir kesýänlerden», herki zadyň «boljak», «bolmajakdygyna» ölçerip görmän işe başlamaýarlar. Örän işjeň adamlar, akýürekli zähmet çekýärler, tertip-düzgüni, kada-kanuny berk berjaý edýärler. Pula gezek gelende elleri düşümli, işine ezber. Bähbit görjek bolsaň, almak-goýmak, söwda işlerini şolara tabşyraýmaly. Ökde töwellaçy we araçy bolup bilýärler, dawany çözmäge gabyl, hyzmat etmegi başarýarlar. Bu ýylda doglanlar mylakatly, söýen, halan adamlarynyň göwnüni tapmagy başarýar, dostlary üçin öýünden-ilinden geçmäge taýýar.Resmiligi aňyrýany bilen başarsa-da, bilimi juda zor däl. Duýgur, nirede näme bähbit bardygyny ýüregi bilen syzýan ýaly bilýär. Durmuşy ähli döwürlerde parahat geçer. Birden bir garaşylmadyk, adatdan daşary ýagdaý ýüze çykaýmasa durmuşy özakymyna birsydyrgyn gider.Durmuş gurmak üçin olar Goýun, Doňuz ýa-da It ýylynda dogulanlar bilen nikalaşsa göwnemakul. Luw ýylynda dogulanlar bilen goşulyşmak amatsyz. Syçan ýa-da Towuk  ýylynda dogulanlar bilen durmuş gursa, bagtly bolmaz.Bars ýyly : 1915, 1927, 1939, 1951, 1963, 1975,1987, 1999-njy ýyllara gabat gelýär.


Luw ýyly.

Luw ýylynda dogulan adamlaryň jany örän sagat bolýar, olar gujur-gaýratly, sapýürek, ikiýüzlülik etmeýär, geçirimli. Bu adamlar ynanjaň we dogryçyl, sähel zada biynjalyk bolup aladalanýarlar. Elmydama kämillige ymtylýarlar, şonuň üçin özüne hem-de töwerrgindäkilere talap ediji. Köp zat isleýärler, şol derejede hem ilata paýlaýarlar. Akgöwünli, batyrgaý, oňat duýgudaş, olara ynanyp iş tutsaň ökünmersiň. Göwnaçyk, adat boluşy ýaly olaryň aýdýan pikiri esasly bolýar. Olary hemme hormatlaýar, başga adamlara täsiri güýçli.Bu ýylda dogulan adamlar gaharjaň, diline näme gelse aýdyp goýberiberýär. Soňundan aýtmaly gepi öňünden aýdýarlar. Ýöne her näme diýselerem berýän maslahatlaryna gulak asmak bähbitli. Sebäbi adama ýamanlyklary ýok.Luw ýylynda dogulanlar ukyply, sypaýy, özüne erk etmegi başarýan adamlar. Olar bütin ömrüne horluk ýüzüni görmän ýaşar, köp işleri ýetirmäge ýetişerler. Haýsy hünäre baş goşsa başarmady diýdirjek gumany ýok. Bular ömrüni beýik işlere bagyş etseler, hökman uly üstünlige eýe bolarlar. Bardy-geldi olar ýaramaz ýola düşäýseler hem köp zady başarar. Ýöne ykballarynyň nähili boljagyny aýtmak kyn. Olary elmydama söýýärler, emma özi welin seýrek söýer. Bular hiç wagt söýgi ezýetini çekmez, başgalaryň welin, olaryň yşkynda derdi-azara galmagy mümkin.Luw ýylynda dogulan aýallar, söýülýän hem arzaly bolar. Bular ýaşka seýrek durmuşa çykarlar, köplenç giç nikalaşýarlar, käbiri hatda öz durmuşa çykmaly möwrütini geçirip goýberýär, bütin ömrüne durmuşa çykmaýanlary-da bolýar. Bu ýagdaý olar üçin kynçylyk döretmeýär, ýekelikde-de özüni oňat duýýarlar. Pul karz almagy, uzak-uzak söz sözlemegi halamaýarlar. Mylaýym hem hoşgylaw, özüni pida etmäge taýyn. Käbiriniň häsiýeti örän agyr, köplenç olar töwerekde bolup geçýän zatlardan kanagatlanmaýarlar. Dyrmuşda köp kynçylyklara duş gelýär.Öz ýakynlaryndan köp zat isleýänligi üçin ömrüniň birinji bölegi kyn geçýär. Orta ýaşda ýagşy-ýamany deňeçerräk bolýar. Garran çagy parahat ýaşaýar. Luw ýylynda dogulan erkekler bagtly adam hasaplanýar. Olaryň Syçan, Ýylan, Bijin ýa-da Towuk ýyllarynda dogulanlar bilen guran durmuşy bagtly bolmagy wada berýär. Sygyr ýa-da Luw ýyly dogulanlar bilen durmuş gursa amatsyz bolar. It ýylynda dogulanlar bilen ýaşamaly bolsa, bagtsyz bolar.Luw ýyly :   1904, 1916, 1928, 1940, 1952, 1964, 1976,1988, 2000-nji ýyllara gabat gelýär.

Add comment


Security code
Refresh