Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 05 November 2015 16:56

Ýagşylygyň derejesi wehaýyr işe höwes

Ýagşylygyň derejesi wehaýyr işe höwes

 

 

 

* Pygamberimiz bir adama öwüt berip: «Hudaýdan gork, çemçeläp dolduran çelegiňi çanaklap boşatsa-da, her kişä güler ýüz we ýylgyryş bilen gara» diýdi.

* Möminleriň emiri Aly ibn Abu Talyp: «Dostunyň gadyryny bilmeýän adama, ony ýitirmek kyn düşmez. Dostlarynyň keç ykbalyna göwünlik bermedik adam, bela-betere duşanda har-zelil bolar» – diýdi.

* Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Ýolbars her gezek arlanda: «Eý, Alla, meni ýagşy adamlaryň üstüne sürünmäge mejbur etmäweri» diýer eken».

* Buzurgmehr şeýle diýdi: «Haýyr işi tiz etmeseň, kämil bolmaz».

* Buzurgmehr şeýle diýdi: «Çalt ýerine ýetirmeseň we gadyryny bilmeseň, haýyr iş kämil bolmaz».

* Anuşirwan patyşadan: «Iň abraýly adam kim?» diýip soralanda, ol: «Adamlara bähbitli bolan ýagşy zady oýlap tapan, şeýdibem ady asyrlara aşan, ýagşylyklary bilen durmuş ýollarynda meşhur bolan adam» diýipdir.

* Ibn Apbas şeýle diýdi: «Gadyrbilmeziň häsiýeti seni ýagşy iş etmekden saklamasyn. Bir gün başga biri şol ýagşylyk üçin taňryýalkasyn aýdar».

* Abdylla ibn Japar şu manyda bir söz diýdi: «Ýagşynyň goldawy nirede bolsa-da, — şükranaly kişä ýa-da gadyrbilmeze duşsa-da, ol uly baýlykdyr. Şükranaly adamlar oňa serpaý ýapar. Gadyrbilmeziň aýtmadyk alkyşy bolsa, Hudaýyň ýanynda sogaba öwrüler».

* Ýene şeýle diýdi: «Haýyr işi tiz başlap, yhlas bilen bitirmeseň, onuň haýry-berekedi az bolar».

* Başga biri şeýle diýdi: «Ýagşylyk edýän adamyň alkyşyny ýetir. Hatda oňa bir bölek daşy sowgat et welin, boş goýma, yhlasyny harlama».

* Ýene biri şeýle diýdi*: «Üstünden döwür geçse-de, haýyr baky galar, ýamanlyk bolsa, aşgazanda galan iýmitdenem ýaramazdyr».

* Abul Atahyýa şeýle diýdi*: «Ile ýagşylyk eden her bir güni ýaş ýigidiň iň ajaýyp günüdir. Eden işleriniň iň oňady bolsa, ýagşylykdyr. Ýamanlyk edip, ýagşylyga garaşma, adam diňe eken zadynyň hasylyny orar».

* Ahtal şeýle diýdi: «Hazyna toplamaga mätäç bolsaň, bir zady bilip goý: Ýagşylykdan gowy hazyna bolmaz».

* Attaby şeýle diýdi: «Gadyry bolmadyk we dostlaryny goldap bilmeýän adam hojaýyn bolup bilmez. Özi ýaly bedasyl we gurpsyz kişiler ondan üstünkä, ol nädip hökümini ýöretsin».

* Amr ibn Zarp şeýle diýdi*: «Eý, adamlar, ýagşylygyň iň ýakyn dostdugyny biliň. Siz ýagşylykdan ýüz öwürýänçäňiz, ol sizden aýrylmaz. Mylaýymlar bilen tirkeşýänçäm, men şeýle ýagşy häsiýetiň barlygyndan bihabardym. Men baştutan bolmak üçin ilki siziň öňüňizde baş egipdim».

* Käbirleri şeýle diýdi: «Sogapsyz ýagşylyk ýokdur. Hudaýyň ýanynda we adamlaryň arasynda haýyr iş edýäniň abraýy belent tutular».

* Möminleriň emiri Aly ibn Abu Talyp şeýle diýdi: «Köp pul harç edip gul satyn alýan, soňra hem erkinlige goýberýän baýlara geň galýaryn. Ýagşyzadalar haýyr iş etse-de, adamlary özüne borçly saýmaýarlar».

* Seriý Sakaty şeýle diýdi: «Bizden öňküler birek-birege kömek ederdi, gatnaşardy, ýagşylyk edilse, serpaý ýapardy. Haýyr işi parz, ýagşylygy ödemegi borç bilerdi. Soňra zamana öwrüldi, täze nesiller geldi. Her eden işine hak aldylar, haýyr-sahawatdan bähbit aradylar, ýagşylygy karzyna etdiler. «Puluňy ber-de, satyn al» diýlişi ýaly, ýagşylygy edil bazaryň harydyna öwürdi oturyberdiler».

* Humaýt ibn Sewr şeýle diýdi*: «Bu zamanaň öwrülip, adamlaryň başyna ykbal külpetiniň düşjekdigini bilýärin. Hemaýat isläp gelen mätäç adama goldaw bermekden ýüz öwürme. Çünki, senem haçan dilemeli boljakdygyňy bileňok ahyry».

* Möminleriň emiri Aly ibn Abu Talypdan «Wyždan näme?» diýip soralanda, ol: «Adamlaryň boýnundaky ýagşylyk düşünjesi» diýipdir. «Onda jomartlyk näme?» diýlende, ol: «Ýagşy işe göwünjeň topulmak, soralmanka bermek» diýip, jogap beripdir.

* Japar Sadyk şeýle diýdi: «Ýagşy işi doly ýerine ýetirmek üçin üç zat gerek: «Tiz başlamak, çalt bitirmek we ile ýaýyp ýörmezlik».

* Mälik ibn Dinar şeýle diýdi: «Bu dünýäsini ahyretiniň gözel bolmagy üçin sarp eden ynsan iň sahy adamdyr».

* Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Bu dünýäniň ýagşylary, ahyretiňem ýagşy adamlarydyr. Sebäbi olar öz baýlygyny bu dünýäde ýagşy zada harç ederler. Allatagala kyýamat güni olara bakyp: «Dünýäde eden ýagşylygyňyz üçin, ähli günäňizi bagyşlaýaryn. Şonuň üçin hem başardygyňyzdan islän adamyňyza ýagşylyk ediň» diýdi. Şu sebäpden hem «Bu dünýäniň ýagşylary, ahyretiňem ýagşy adamlarydyr» diýildi.

* Sagyt ibn Asyň goşgusy*: «Allatagala deregine zat hantama bolýan adama ýüz tutmagy gabahat saýdy»

* Başga biriniň aýdany*:

«Her kimsäniň ykbaly çalşyp duran iki pursatdan ybarat: Olaryň biri ýaramazlyk, beýlekisi oňatlykdyr. Ol käte ýürege düşgünç zalymlaryň ýagşylygy, käte hem güň ýolbarslaryň arryldysy ýaly bir zatdyr».

* Haryryda şeýle setirler bar*:

«Ýagşylyk etmek bilen gaýgylardan saplanýaryn.

Şadyýan, nurly ýüz bilen bezeýärin durmuşymy.

Ýagşylyk meniň ýakynym, baýlygym hem görejimdir,

Görmäýin, ýamanlyk edip, ynsabymyň urnuşyny.

 Haýsy ýerde haýyr etsem, halk bilmese Halyk biler,

Meniň diriligim ýagşylyk diriligi bilen».

* Ol ýene-de şeýle diýdi*:

«Men hem munda bir zamanlar,

Gözýaş dökdürýän ýamandym.

Ýamanlyk etmek bilen däl,

Ýagşylyk bilen sagaldym».

* Erdeşir ibn Bäbek şeýle diýdi: «Ýagşylyk tohumyny ekjek bolsaň, sepýän topragyňa üns ber. Ýogsam, ähli yhlasyň zaýa bolar».

* Selim ibn Kutaýba şeýle diýdi: «Haýsydyr bir işi etjek bolsaň ikirjiňlenmek, oýlanyp durmak gowy zat. Ýöne ýagşy iş üçin ýaýdanmaly däldir. Ýaýdanjaňlyk ýagşy işi bozup taşlar».

* Abu Müslim Hawlany şeýle diýdi: «Ýagşylygyň sogabyndan haýyrly hiç zat ýokdur. Ýagşylyk etmek isleýän her bir adamda ol işe niýeti, niýeti bolaýanda hem gurbaty bolman biler. Eger başarnyk, niýet we mümkinçilik bir ýere jemlense, şol ýerde maksada ýetip bolýar».

* Abul Atahyýa şeýle diýdi*: «Hudaýyň berýän nygmatynyň artmagyny isleseň, onuň bendelerine ýardam bermäge çalyş. Hudaýyň bagyş eden baýlygyny haram zada sarp edip, oňa ýazykly bolma. Beýtseň, Allanyň bereketli rysgaly senden çekiler».

* Iliň aýbyny tapyp, üstünden gülmäni halaýan bir adamdan: «Pylanynyň ýanyna gezelenje gidipdiň. Ol saňa nämeler etdi?» diýip sorapdyrlar. «Ol meni gyjalatyň lezzetini duýmakdan mahrum etdi. Ýanyma gelip ýagşylyk etdi welin, onuň aýbyna gülmäge dilimde gurbat galmady» diýip, jogap beripdir.

* Japar ibn Muhammet Sadyk şeýle diýdi: «Nämedir bir zat hakda menden haýyş etseler, oňa öň eden ýagşylygymdan has gowy hyzmat etmek isleýärin. Onuň hal-ýagdaýyny düzlemek we mätäçligini aýyrmak üçin dessine kömek edýärin. Sebäbi soňky haýyşlardan ýüz öwürmek, öňki ýagşylyklaryň sogabyny kesýär».

 

 

Add comment


Security code
Refresh