Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Friday, 18 September 2015 20:56

Akylly wezir

Akylly wezir

 

 

 

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanda bir paty­şa­nyň ýaşajyk aýaly ýogalýar. Ol aýal­­dan bolsa alty aýlyjak çaga gal­ýar. Oja­gaz çagajyga owadanlykda, ýaraşyk­ly­lyk­da taý ýok diý­ýär. Çaganyň ýüzüne sereden ada­myň ondan gözüni aýrasy gelenok diýýär. Patyşanyň özem ýalňyz per­zendi bolany üçin ony juda eý görýän eken.

Aradan wagtyň geçmegi bilen patyşa özü­ni ýalňyz duý­ýar we bir gözel maşgala öýlen­me­giň kül-külüne düşýär. Onuň üçin hem ol bir gün öz wezir-wekillerine:

— Öňki aýalymdan hem ýaraşykly we owa­dan gyz tapyň — diýýär. Onuň wezirleriniň bi­ri:

— Eger özi hem ene-atasy razy bolsa, goň­şy patyşa­my­zyň aý ýaly gyzy barmyş. Akyl­­­ly­lykda hem ylymlylykda oňa taý ýok — diýip eşidýäris. Ýöne ony gözümiz bi­len gördük diýsek ýalançy. Tarypyny edip, ýerde-gökde go­ýanoklar. Şol gyza öý­le­neniň dün­ýäde armany bolmaz di­ýip, aýdýan­laryny eşidýäris — diýip aýdýar. Onda patyşa:

— Beýle bolsa bu işiň ug­runa özüň çyk. Näme ýumuş buýursalar, ýene näme diýseler kabul et. Şu diýýäniň dog­ry bolsa, sen ýöne alanyňy bil. Başgasynyň bir zady bolar. Näçe diýseler hem atasynyň salgydyn­dan gaçma, razy bolar ýaly et — diýýär.

Patyşadan beýle ygtyýar we gyssagly buý­ruk alan we­zir derrew ýola düşmek bilen bol­ýar. Ol ýol serenjamyny kemsiz tutýar. Ýanyna hem iň edermen we kaşaň geý­nüw­li, at-ýaragly el­li ýigidi alyp, ýola düşýär. Az ýöräp, köp ýöräp, ençeme dag­lary, düzleri yzynda goýup, owadan gyz­ly patyşanyň ýurduna baryp, gütüläp düşýär. Şol günüň özünde şa köşgüne baryp, myhman bolýar.

Bir gije ýatyp turanlaryndan soň, ygtyýar alyp we öz pa­tyşalaryny çenden aşa taryp­lap, özüniň näme üçin gelen­di­gini patyşa­nyň huzurynda mälim edýär. Patyşalarynyň ýaşyny, dul galanyny aýdýar. Alty aýlyk og­lu­nyň bardygy­nam gizläp du­ranok. Soň pa­ty­şalaryny her taraplaýyn ýer­de-gökde goýman öwüp, sözüniň kabul edilmegini sora­ýar.

Owadan gyzly patyşa esli wagt dymyp otur­ýar-da:

— Gowy habaryň bar. Gyz halky gaty näzik hem ynjyk bolýar. Belli beter hem, atasynyň eý görýän, lälik saklanan gy­zy şeýle bolýar. Onuň üçin hem bu iş gyzymyzyň hut özü­ne bagly. Gyzymyza sala salyp göreris we onuň diýeni bilen bo­larys. Onuň göwnüni ýyky­bil­meris. Siz hem gyzy­my­zyň diýe­nine ka­ýyl bol­maly bolarsyňyz — diýýär.

Bu sözden soň wezir patyşanyň myhman­ha­nasyna ba­ryp, ol gün gijesi bilen şol ýerde bolýar. Ol ýerde bolmak bilen patyşa haçan ça­gyrarka diýip, gözi ýolda, pikiri gyzda bolýar.

Daň atýar, gün hem dogup asmana galýar. Wezir onda hem gözüni ýola dikip oturýar. Gün ýaşýar, garaňky düş­ýär. Weziri çagyrmaga gara beren bolmaýar. Onuň halys ka­rary ýetmän başlaýar. Gijäniňem köpi geçýär. Onuň gö­zü­ne edil çiş kakylan ýaly, ukusy tutmaýar. Bar­ha biynja­lyk bolup, sabyr käsesi dolýar. Urnup-urnup, ahyr nalaç­lykdan daňa golaý uka gidýär-de düýş görýär. Düýşünde pa­ty­şanyň gyzy mu­nuň arkasyna ul­lakan gara daş ýükläp: «Şuny gö­ter-de, hol, diňe münüp düş» diýýär. Wezir edil şol pursat how­pur­gap oýanýar we bu düý­şün­den gaty gorkýar. Emma hernäçe pikirlense hem ol düýşüni özi ýo­rup bilmeýär. Nalaç gal­ýar.

Ol günem gün dogup asmana galýar. Hem­meler ertir naha­ryny iýýär. Işli işine gidýär. Weziriň bolsa nalaç­lyk­dan şol ga­ra­şyp otur­şy. Ahyr günorta golaý patyşa­dan oňa çakylyk gel­ýär. Patyşa ony çagyr­yp şeýle diýýär.

— Gyzym agşam düýş görüpdir. Düýşünde patyşa­ňy­zyň şol ogluny öz janyna kast edýän gara ýylan sypatynda görüpdir. Onuň üçünem janyna kast ediljek ýerine razy bol­­ma­ýar. Pa­ty­şanyň dullugyny göwnüne ge­tir­meýär. Ol di­ňe agşamky gören düýşüni göw­nüne getirip, ondan gork­ýar. Özi razy bol­ma­sa, eý görýän perzendimiň göwnüni ýy­kyp, pa­tyşaňyzyň ha­baryny alyp biljek däl. Pa­tyşaňyza hem şeýle diýip aýdarsyňyz. Gy­zy­myň aýdyşyna görä, ol çaga gara ýylana öwrülip diňe bir meniň gyzyma kast etjek bol­man, hut öz atasyna hem hyýanat etjek bol­ýar­myş. Siz menden göwün-kine etmän, patyşaňyza hem ýagdaýy bol­şy-bolşy ýaly aýdyň — diýýär.

Bu aýdylýan zatlara özi hem düýş görüp, gorkup oturan wezir näme diýjegini bilmän, esli salym keýpsiz halda ýüzüni aşak salyp oturýar. Soň patyşa ýüzlenip:

— Rugsat berseňiz, biz gaýdaly. Baryp bu jogaby pa­ty­şa­myza aýdaly. Ol nämäni makul bilse, şoňa görä bo­luber­meli bo­larys. Iberse ýene hem eglenmän geleris we onuň aýdanyny size gelip mälim ederis. Her näme bolsa-da patyşamyzyň başga maksady ýok­dur, elbetde, özi alajyny tapar-da — diý­ýär. Onda paty­şa:

— Görüň-dä. Biziňk-ä dogry jogap. Gyzy­my­­zyň göw­nü­ne degip bilmeris. Ony beýtsek ene­sem halamaz. Onu­ňam per­zendi. Özümize gal­sa-da, kast ediljek ýere per­zen­dimizi be­rip bil­meris. Çagamyzdan iremzok. Şu sebä­be gö­­rä, munam paty­şaňyza aýt, ol ähli döw­letini ber­se hem biz ony kabul etmeris. Güý­jü­ne daýanyp bir iş etjek bolsa hem, elbetde, akmaklyk bolar, kysmatdakyny görübermeli bo­larys, oňa-da biz bar, onam aýt. Haçan gaý­da­ryn diýse­ňizem bizden rug­satdyr — diýýär.

Bu gürrüňlerden soň wezir hem patyşa bi­len hoşlaşyp, ýoldaşlarynyň ýanyna barýar. Şondan soň olar atly-atyna mü­nüp, keýpsiz halda şäherden çykyp, öz ýurtlaryna gaý­d­ýar­lar. Az ýöräp, köp ýöräp, ahyrda öz ýurtla­ry­na ýet­ýär­ler.

Wezir gös-göni patyşanyňkyda düşýär. Bar­sa, patyşa ogul­jy­gyny gujagyna alyp, oňa guwanyp oturan eken. Wezir hem paty­şa­nyň ygtyýar bermegi bilen, düşek üstüne ge­çip, gidip gelşini we patyşanyň gyzynyň düýşi bilen baglanyşykly wa­kalary aýtma­ga başlaýar. Şol halat ünsden düşürlen çaga öý­ke­läp, kakasynyň sakgalyny penjeleýär we ony pugta tutup sypdyrman, agyrdyp, pa­ty­­şa­nyň ga­ha­ryny getirýär. Bu bolşy gören wezir: «Häh, patyşanyň gy­zynyň aýdany dog­­ry bolaý­jak­myka? Niýet-ä ýagşy däl» di­ýip, hyr­çyny dişläp, içini gepled­ýär. On­ýança pa­ty­şa:

— Hä-ä, aýt, ol patyşanyň özi näme diýdi hem häzir göw­nüňe näme getirdiň onam giz­le­män bolşy ýaly aýt — diýýär.

Onda wezir:

— Hökman aýtjak, aýtmaly bolaryn. Aýt­ma­sam bol­maz — diýip, aýdyp başlaýar:

— Men baryp maksadymy aýdanymdan özü­ne sala salnan gijesi gyz düýş görüpdir. Düý­şün­de çagany gara ýylana öw­rülip, özüne kast edýän ýagdaýda görüpdir. Ol gyz onuň diňe bir özüne däl, ony size-de hyýanat edýän ýagdaýda görüpdir. Siziň duldugyňyza gyz myzaýyk et­meýärmiş. Diňe şol düýşüne görä «Kast edil­jek ýerime razy däl» diýýär­miş. Atasy hem «Gyzymyň göwnüne de­gip, ýekeje perzen­di­mi­zi närazy edip berip bil­jek däl» di­ýip otyr. Ýaňy gelip oturanym­dan soň bu neresse çaga sak­galyňyzy penjeläp, birgiden gyly ýoldy welin, «Şol gyzyň aýdany bolaý­jak­myka» diýip, özüm gorkdum. Ine, indem biziň-ä gidip getiren habarymyz şu boldy. Hoşlaşan wag­­ty­myzda hem siziň jogabyňyzy baryp, patyşamyza aý­da­ryn, alajyny tapyp iberse, ýene basym geleris diýdim — diýip, wezir sözüni soň­laýar.

Patyşa bu sözleri eşidip, gamgyn halda gu­jagyndaky çagany ýere düşürýär. Çaga ag­lap başlaýar, çagany wezir alyp gidip, ene­­ke­sine berýär-de, ýene gaýdyp gelip, öňki ýerinde çök­ýär.

Patyşa ýagşydan-ýamandan bir agyz geple­män, tukat ýag­daýda uzak oturýar.

Patyşanyň bu bolup oturşyna wezir näme diýjegini bilmän, ahyrda onuň özünden rug­sat sorap öýüne gaýdýar. Ol gün gi­jesi bilen öýünde hiç ýere çykman, dem-dynjyny alýar.

Daň atyp, gün dogandan soň, ýene patyşa­nyň ýanyna bar­ýar. Görse, patyşanyň şol gamly oturşy. Ol wezire bar­my­syň hem diý­meýär. Özi bir zat diýmese wezir patyşa söz gatmaga ätiýaç edýär. Bu boluş bütin günläp dowam ed­ýär. Patyşanyň ses­siz-üýnsüz turup gitmegi bilen, onuň ýanyna gelen beýleki we­zirlerem tur­şup, hersi işli-işine ugraýar. Ahyrda we­zir­ler öz aralarynda: «Patyşany geple­di­bil­me­sek we onuň göwnüni tap­masak biziň üçin aýp bolar. Onuň üçin hem ertir ony geplet­jek, göwnüni tapjak bo­lalyň. Mat­labyny bi­le­liň» diýişýärler.

Wezirler daň ataryna mähetdel patyşala­ry­nyň ýanyna bar­ýarlar. Görseler, patyşa­la­ry­nyň şol bir bolşy. Wezirler hem esli wagt dymyşyp, tukat oturýarlar. Ahyrynda ola­ryň dile­war­la­ry­nyň biri patyşalaryna ýüzlenýär:

— Kyblaýy älem, tukatlygyňyzy taşlaň-da, şu işler bilen bagly bize näme etmeli bol­sa aýdyň. Ýüz endişäniň bir iş bitir­me­jek­digini siz bizden gowy bilýärsiňiz. Ol gyz bolmanda hem gyz gyt däl, onda-da bir ýurduň patyşasy üçin. Gözlemek, belki, on­danam gowusyny tapmak biziň işimiz: «Ýok, şol bol­ma­sa başga biri gerek däl» diýseňiz, onda şol niýetiňizi amala aşyrjak bolmak hem biziň bor­jumyz. Näme-de bolsa, bize bir zat aýdyp oturyň — diý­ýär. Esli salym­dan soň patyşa dillenip:

— Ýa şu ýalňyz perzentden geçip, ol gyzy al­maly bo­laryn, ol bolmasa hem men başgasyny küýsemän, dünýä­den ýalňyz gitmeli bolaryn — diýýär. Wezirleriň iň ýaşu­lusy başyny ýaý­kap:

— Bir gyz üçin göz monjugy ýaly neresse çagadan geçmek akyla sygjak zat däl. Ady tu­tu­landan neresse çaga beýle töhmet edip baş­lan gyzdan hiç wagt hem janyň rahat tapmaz. Ol zeýilli gyzy päliýaman hasap edip, ony unu­dyp, ýer tükenýänçä gaçan ýagşy, çünki ol zeýilli gyzyň daşy jäjek, içi möjek bol­ýar. Onuň ýaly päliýamana öýlen­mek gowulygyň üs­tün­den eltmez. Ol urşa-sögüşe we nä­hak ganyň dökülmegine sebäp bolar. Ol gyzdan wagtynda el çekmek akyllylyk bolar — diý­ýär.

Weziriň başga biri ýaramsaklyk edip:

— Ýok, bu beýle däl. Bäş günlük ýalançyda gü­nüň hoş geçjegine seretmek gerek. Öleniň­den soň oguldan-gyzdan saňa ne peýda. Ogul-gyz diýilýän zat onsoňam adamynyň bilin­den önýän zat. Hudaý berse, perzent indiki alyn­jak­dan goşa-goşadan bolup biler. Onuň üçin hem kyblaýy älem ol gyzy tüýs ýürek­den ha­la­ýan bolsa we gamgynlygy diňe şonuň üçin bol­sa, bir ýumruk ýaly sümükli üçin kösenip, gam­lanyp oturmasa bolar — diýýär. Onda patyşa şeýle diýýär:

— Men hem şeýle pikir edýärin. Bu diýýän zat­laryňy­zyň hemmesinem seljerip görýärin. Bir zady göwnüme jaý edip, bir maksat edi­ne­­nimden soň, ol başa barmasa, şol meni ýakýar. Pylan patyşa, pylan patyşanyň gy­zy­­ny is­läp, sawçy iberipdir welin, ol be­ril­mändir» diýlen gürrüňi eşit­mek meniň üçin ölüm­den agyr masgaraçylyk. Siz, dogry aýdýarsyňyz, belkem, ondanam akylly, gör­mek­li gyz tapy­lar. Barylsa, ony be­rer­le­rem, almak hem bo­lar. Emma gep onda bolman, gep tutan ýeri­ňi go­parmakda, ýapyşanyňy ele sal­makda. Onuň üçin şol gyza meýil edip ugru­na çyk­dykmy, ony gola salmagyň alajyny et­me­li. Başga ýol ýok. Ol gyzyň şu çaga bilen bagly gören düý­şü­niň aňyrsynda bir zat bar bolaýmasyn! Sizem oýlanyň welin, şol hak­da gür­rüň gidip durka, oglumyň sakgaly­my penje­le­me­gini, ony ütmegini, rastyny aýt­sam, özümem göwnü­me getir­dim hem oýlan­dym. Irde-giçde özüme hyýanat etjek çagany hiç kime bermän, ile-de duýdurman, ymgyr çöle taşlasak bo­lar. Mu­ny etmesegem, uly iliň we goňşy patyşanyň ýanyn­da sözi geçmedik biabraý adam bolup ga­la­rys. Abraýym dökü­lip, na­my­sa galanym­dan... — patyşa bu ýerde sözüniň yzyny aýt­man goýýar. Ýöne töwere­gin­däki wezirler, onuň näme diýmek isle­ýä­nine, matlabyna düşünip­dirler.

Wezirleriň köpüsi patyşanyň diýenini makul bilýärler. Ola­ryň diňe biri başyny galdyrman pikire batyp oturýar. Patyşa bu we­ziriniň atasy ýap-ýaňy ugran ýaly bolup otur­şyny halaman:

— Ýeri, sen näme pikire batdyň? Ýa meniň pi­kirim bi­len ra­zylaşaňokmy? — diýip oňa ýüzlenýär.

Onda wezir başyny galdyryp:

— Bu neresse çagany maňa beriň. Men ony hiç haçan ene-atasyna hyýanat etmez ýaly edip terbiýeläýin hem razy bol­sa­ňyz, ol hiç wagt pa­tyşanyň ogludygyny bilmez ýaly edip ulal­daýyn, özünem şu jelagaýda goýmaýyn. Bigünä çagany öldür­mek, ýitirim etmek Hudaýa hem hoş gelmez. Beýle pikirden el çek­megiňiz ge­rek. Hudaýa hem hoş gel­mejek beýle gabahat işi etseňiz, soňy özüňiz üçin-de gowy bol­maz. Wezirler, men bu mese­lede siziň pikiri­ňizi oňla­mok. Oňlamagam däl-de, hala­mok. Mas­la­hat bermek kyn däldir, ýöne her kes onuň neti­je­siniň näme bilen gutarja­gyny oýlasa ýerlikli bolar. Onsoňam kyb­laýy älem, şol tapylan bahana bilen sözüňiziň ýykyla­nyny namys bilmäň. Bu ýerde namys edere bahana ýokdur, mas­ga­raçy­lygam däldir, düşün­se­ňiz. Entek duluňyza geçmedik adam kel­le­sin­de şygyrdy bolsa beýle zat aýtmaz. Beýle zady il eşitse, ony hiç kes oňlamaz. Masgara olaryň özleri bo­lar — diýýär.

Bu weziriň sözi patyşanyň gulagyna hoş ýakmaýar. Şonuň üçin hem ahyrda çagany çöl ýyr­tyjylary iýip ýok eder ýaly ýere, ymgyr çöle taşlamaly diýen pikir makul gö­rülýär. Şeýle hem edýärler. Wezirleriň biri daňyň alaga­raň­kysynda atlanyp, neresse çagany-da öňüne alyp, çöl-beýewana tarap tutdurýar. Bu wa­ka­dan habarly hoşniýetli wezir hem, oňa duý­dur­man ga­rama-gara yzyna düşýär. Nä­me kän, ýolagçy kän, pälini ýama­na tutan wezir oňa ün­sem bermeýär.

Şeýlelik bilen, birinji wezir çagany bir beýigiň üstünde ýala­zy ýerde taşlap gaýd­ýar. Beýleki wezir hem ol gözden ýitýänçä, ga­ra­şyp durup, gözden ýitenden soň, çagajygy gar­bap alyp, ýaňajygyndan taýly gezek og­şap, gujagyna gysýar. Ol bu wakany il duý­maz ýaly, golaýrak bir obada ýaşaýan aýal do­ganyna eltip berýär hem-de çagany hiç kese duýdurman edil öz çagasy ýaly edip sakla­magy tab­şyrýar. Ma­hal-mahal gelip, habar tu­tup gitjekdigini aýd­ýar. Onda dogany:

— Waý-eý, beýle eýjejik, owadanja çagany heniz gör­män­dim — diýýär hem:

— Sen bu çagadan gaty arkaýyn bol. Öz ça­gam diýerin. Ek­lärinem, saklarynam — diýip, dogany bilen hoşlaşyp, ony esli ýere barýan­ça ugradýar.

Indi habary birinji wezirden eşdeliň. Ol hil bir iş bitiren ýaly bolup, atyny ýü­zün salyp gelşine göni patyşanyň köş­güne girýär. Girip hem gös-göni patyşanyň huzu­ry­na ba­ryp, çagany it-guş iýer ýaly ýalazy meýdana taşlap gaý­da­ny­ny mälim edýär. Şon­da duýdurmajak hem bolsa paty­şanyň ýü­zi üýtgäp gidýär. Onuň ýüreginden pyçak ur­lan ýaly bolýar. Soň ol edil bu dünýäniň adam­sy däl ýaly bo­lup, perzendini ýatlap, iýmän-iç­män melul we gamgyn halda gezýär. Otursa-tursa ýatlaýar: «Ymgyr çölüň içinde oguljy­gy­myň haly niçikkä ýa eýýam ony ýyrtyjylar tüýt-müýt etdimikä? Bedenji­gi­ne nägehanyň di­şi degende elja­gazlaryny kelemenledip kö­mek sorap gygyrdymy­ka?» Pa­ty­şa gije-gün­diz içini gepledip, bagyr awysyna dözüp bilmän sary ýüplüge dönýär.

Bu ýagdaýdan bihabar wezirler bir gün paty­şa­nyň ýany­na üýşýärler. Görseler, pa­tyşa­la­ry öňküsinden hem tu­kat, ýüzi sary getireniň ýü­zi ýaly diýýär. her näme-de bol­sa wezirleriň biri patyşalaryna ýüz­lenip:

— Kyblaýy älem, indiki tukatlygyňyz nä­mä­niň ala­maty. Maksadyňyza ýetmek üçin per­zen­diňizden geç­di­ňiz. Indi bize rugsat ber, biz ýene gideli we bolan işleri ol pa­tyşa gür­rüň be­reli. Bolan wakany gyzyna ýetirme­gi­ni düşündireli. Beýdip uzak tukat­lanyp ýör­se­ňiz, özüňizi hor­lasaňyz, hem ol gyzyň eli­ňizden gitmegi mümkin — diý­ýär. Onda pa­tyşa başyny hem galdyrman:

— Akmaklykdan boljak iş boldy, gutardy. Neresse ça­gany ýyrtyjylara iýmit etdik. In­di, aňrujy başa barjak bol­sa, mak­sa­dyna ýeten gyzy talap etmek gerek — diýýär hem ýene şol öň­ki weziri ýola salmak isleýär. Şol pur­sat bir gapdalda syr bil­dirmän oturan, şol çagany alyp gaýdan wezir patyşa ýüzle­nip:

— Kyblaýy älem, eger bir çemçe ganymy geçseňiz, siziň iberjek weziriňize ol paty­şa­nyň berjek jogabyny men size aýdaýyn — diýýär.

Onda patyşa:

— Bolýar, ganyňy geçýärin. Hany beriljek jogabyň nä­me­di­gini aýt. Biz hem ony eşi­de­li. Akylly jogapmy ýa bir göw­ne gel­di howaýy gürrüňmi? — diýip, akylly wezirine sözüni aýt­maga ygtyýar berýär. Wezir söze başlaýar:

— Eger gyzyň atasynyň akyl-huşy ýerinde bolsa, indi gy­zyna sala hem salyp durmaz. Ilçiňiz baryp bolan wakany aý­dan­dan «Bir gyz üçin ýumruk ýaly ümedüşmez neresse çaga­ny çöle taşladyp, ite-guşa ýal eden bolsa, me­niň gyzymy-ha sä­helçe bahana tapsa gü­ni­birin ýok eder. Onuň üçin hem men oňa gyzymy berjek däl» diýer. Şeýle jogap bilen ilçiň hem yzyna gaýdyp geler. Ýok, patyşa kemakyl bolsa onda ol gyzyny ber­mäge razy bolar. Siz hem ke­makyl gaýynataly bolarsyňyz.

Weziriniň sözleri içinden ok bolup geçse-de, patyşa syr bildirmän şeýle diýýär:

— Bu zatlaryň hemmesi bagt işi. Kysmatda näme bolsa indi ony görübermek gerek. Onuň gyzyny almak üçin ýal­ňyz per­zen­dimden geç­dim. Özüme ömrüm ötýänçä ýatdan çykmajak sü­tem etdim. Şundan soňam gyzyny bermäge ra­zy bolmasa, ýa başyny alaryn, ýa öz başymy goýaryn. Ýa ol gyzy almaly. Ýogsa-da serden geç­me­li bolar. Dagy, şu ikisinden başga çy­kal­ga ýokdur — diýýär.

Patyşa sözüni jemläp, ilçilige gitjek wezirine hem:

— Bardy-geldi, gyzyň atasy ters jogap beräýse: «Paty­şa­my­zyň gyzyňyzy ýa almak­dan, ýa hem ölmekden başga maksady ýok. Onuň üçin hem üstüňe goşun çekip gelin­megine ga­raş­ma­ly bolarsyň» diýgin. Örän merdemsi gep­leşgin, birjik hem yza çekilmegin — diý­ýär.

Patyşadan şeýle pugta hem kesgitli tab­şy­ryk alan wezir ýany­na serkerdeleriňem birini hem-de birnäçe atly-ýaragly es­ger alyp, niredesiň goňşy patyşalyk di­ýip, ýola düşýär. Az ýöräp, köp ýöräp, ahyr ol ýurda baryp ýetýär. Edil öňküsi ýaly bu sapar hem patyşanyňkyda düşleýär. Bu sa­par paty­şa­nyň hu­zu­ryna baranda patyşa bilen edil esen­tanyş ýaly bolup sa­lam­laşýar, oňa has içgin durýar. Patyşa: «Otur» diýmänkä gaba­ry­lyp oturýar. Esli salymdan soň patyşanyň soramagy bilen wezir söze başlaýar.

— Patyşanyň özüne we siziň gyzyňyza ir­de-giçde hy­ýanat eder güman edilen çagajy­gy patyşamyz siziň gyzy­ňyza öý­len­mek maksady bilen çöl-beýewana taşlatdy. Indi şol çaga­dan siziň gyzyňyza zowal boljak däl. Indi bol­sa siziň razylygyňyzy almaga geldik. Ra­zy­lygyňyzy berdigi­ňiz, patyşamyz gelmäge taýyn bolup otyr.

Bu sözleri eşidip, patyşa kän pikir­le­nip hem oturmaýar:

— Bu iş bolmandyr. Bir gyz üçin eziz per­zendiňi, on­da-da alty aýlyk üme düşmez ça­ga­jygy çöle taşlap, ite-gu­şa şam et­mek bo­lar­my? Hany, onuň akyly, öz akyly bol­masa, akylly we­zirem ýokmy? Patyşa ýalňyşanda, on­da-da aýdyşyň ýaly ejize ganymlyk edende wezirleri nirede bolupdyr? Beýle zada ýol bermek bolarmy? Bolşuňyz şu bolsa, ile nädip baş bolup bil­ýärsiňiz? Bir gyz üçin öz perzendini ite-guşa taşlap gaýdýan adam sähelçe hak-u nähak iş üçin aýalyna hem şeýle sütem etmäge ýaltanmaz. Onuň üçin düşünjesi seniň aýdyşyň ýaly bol­sa, perzendin­den geç­megi başarýan doňýürek patyşaňyza gyzymy be­rip biljek däl. Özi bilen akyldaş aýaly baş­ga ýerden gözlesin, başga ýerden tapsyn, al­syn. Mende beýle guş kelle gyz ýok. Galyberse hem gyzymy başga bir patyşanyň ogluna ber­­mäge razylyk berdim. Patyşaňyza munam şeý diýip aý­darsyňyz. Galanam, haçan yzyňyza gaýdasyňyz gelse men­­den rug­satdyr. Indi men­den gyzy sorajak hem bolmaň. Jo­gap çürt-kesikdir.

Onda ilçi wezir:

— Aýdanyňyza doly düşündim. Ýöne paty­şa­myz beýle doň­ýürek adam däl. Ol öz perzen­dini siziň gyzyňyzyň aý­dan sözleri sebäpli, onuň rahat ýaşamagy üçin çöl-be­ýe­wana taşlat­dy. Onuň beýle etmegine siziň gyzyňyzyň gö­ren düýşi sebäp boldy. Onsoň bu işde ýazyk­ly diňe bir biziň patyşamyz bolman, hem­mä­miz hem ýazykly. Diňe şol ýagdaýa görä hem bi­ziň patyşamyzyň sözüni kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Ol neresse çaganyň çöle taş­la­nyl­magyna, hakykatdan hem, esasy sebäp, siziň gyzy­ňy­zyň sözi bol­dy. Çaganyň beýle edilmegi, hakykatda­nam, siziň aýdyşyňyz ýaly erbet we günä iş. Ol iş üçin hiç birimizem aklap bolmaz. Belli beterem siziň gyzyňyz hem özüňiz hem ak däl. Çaga ene-atasyna hyýanat eder diýme­dik bolsa­ňyz, siziň gyzyňyz üçin öz janyny-da gurban et­mä­ge taýyn patyşamyz öz çagasyndan geçer­mi­di. Indem patyşamyz siziň gyzyňyz üçin öz başyny-da gurban et­mäge taýyn. Näme diý­se­ňiz hem, men-ä bir ýumuş oglany — diýýär.

Gyzyň atasy esli wagt dymyp oturýar hem şeýle diýýär:

— Men aýtjagymy aýtdym. Diýjegimi diý­dim. Men iki gepleýän adam däl. Beýle doňýürek adama gyzymy berjek däl. Onsoňam bir ýurduň şasy bilen guda bolanymdan soň sözümi yzyna alyp, lebzimi ýuwdup bilmerin. Onuň üçin patyşaňyzyň gahary gelmesin. Ters söze düşünmezlik edip, gaharyna daýa­nyp, başga hili geljek bolsa hem gor­kup ýa gaçyp durjak däl. Haçan islese gelibersin. Biz hem ekläp saklaýan goşunymyza arpa be­remzok. Kysmatdan ga­çyp gutulmak bolmaz.

Patyşadan çürt-kesik jogap alýar-da, wezir atlylary bi­len öz ýurduna gaýdýar. Ol gelip, gyzly patyşanyň özüne beren joga­by­ny we öz aýdan gürrüňlerini birin-birin bolşy-bol­şy ýaly edip, kemini goýman patyşalaryna aýdyp ber­ýär.

Weziriň getiren habaryna patyşanyň gany beýnisine urýar. Ol dergazap bolup we ähli zat­dan geçip, niýetini ýamana tutup, gyzly paty­şanyň üstüne goşun sürüp git­mäge taýynlyk görüp başlaýar. Wezirlerini ýene maslahata ça­gyrýar. Ýene olaryň birinden başgasy patyşa­la­rynyň ni­ýe­tini makullaýar. Ahyrda patyşa gürrüňe goşulman, oýa batyp oturan wezirine ýüz­lenýär:

— Ýeri, sen näme aýdyp biljek?

Onda wezir:

— Men näme aýdyp bilerin. Aýtsamam, sö­zü­miň geç­me­jegine akylym ýetip durka? — diýýär.

Onda patyşa:

— Her näme-de bolsa aýt, eşideýin. Rugsat berýärin — diýýär.

Wezir biraz salym böwrüni diňläp oturyp:

— Aýtsam, kyblaýy älem! Meniň masla­ha­tym, goşun çekip olaryň üstüne gitmek gowu­­lygyň üstünden eltmez. Onda-da bir gyz üçin, muny halaýykda oňlan tapylmaz. Munuň ýene bir se­bäbini aýtsam, siziň söweşmeliňiz di­ňe şol gyzyň atasy bol­maz. Çünki, eger we­ziriň aýdýany çyn bolsa, ol başga bir ýurduň patyşasy bilen guda bolan bolsa, ony gyzyň kakasynyň kömege çagyrmajagyna hiç kim kepil geçip bilmez. Olam goşun çekip gelse, güýjüňiz az bolar. Şol päliýaman gyz üçin öň bir jan beren bolsaňyz, oýlanyň, in­di müň jan bermeli bolarsyňyz. Ana, mas­ga­raçylyk şonda bolar, abraýyňyz ýere çal­nar. Gala­ny­nam özüňiz ýene böwrüňize diň salyp görüň. Meňki häki bir aýtmak — diý­ýär.

— Gep sanda däl. Biziň ýigitlerimiz ba­tyr. Olaryň biri ýüzüsine taý geler — di­ýip, ilçi giden wezir ylalaşmaýar.

Patyşa dagy, diýere söz tapman böwrüne diň salyp, oýlanyp oturýar. «Akylly wezirimiň diýenini edip, heniz ýalňyşan ýerim ýokdur-la. Meni nä Hudaý tutdy. Eýsem onuň aýdýan zat­la­rynyň bihal ýeri barmy? Men-menlik edip, maňlaýyňy daşa uraýma sen. Biriniň bagyr awusyna döz gelmän urnup ýörsüň! Her kimi­ňem balasydyr. Gyr­dyryp gelseň, patyşa-da bol­saň ýüzüň-ä sypalmaz. Näme üçin ýalňyşy­ňy boýnuňa al­majak bolýarsyň».

Patyşa edip oturan oýuny daşyna çykar­man, wezirlerine başga zat diýen.

— Häzirlikçe, şu gürrüňi goýan ýagşy. Gi­jäniň haý­ryn­dan, ertiriň şeri ýagşy di­ýip­dirler. Ýöne ýigitleriň ellerini sowatmaň. Buýruga garaşyp dursunlar — diýýär.

Patyşa oguljygyny ýatlap, uzakly gijäni oýlanyp hem urnup geçirip, daňa golaý uka gidýär. Şobada-da allani­çig­si bolup ba­syr­ganyp oýanýar. Ol gören düýşünden aýňa­lyp bilmän, esli salym sermi-sar bolup otur­ýar. Düýşünde edil hakydasyndaky ýaly mäh­ri­ban aýaly gapyda gözünden boýur-boýur goý­be­rip:

— Hany, balam? Sen ony nätdiň? Tap. Ony tapmasaň men saňa ynjalyk bermerin — diý­ýär. Edil şol pursat patyşa ukudan oýanýar.

Birdenem patyşanyň kellesine bir hyýal gelip, hiç kime duýdurman, hyzmatkärleriniň bi­riniň eşigini geýýär-de, ertiriň alaga­raň­kysynda atynyň ýüzüni günbatara tutup, ýola düşýär.

Ol şäherden saýlanandan atyny gamçylap, ýüzün salyp gid­ýär we gidişine weziriň gür­rüň beren depesine, oguljy­gy­nyň taş­lanan ýeri­ne barýar. Ol bedeniniň galpyldysyny sak­lap bil­män, özüni aşak goýberýär.

Ysgynsyz halda daş-töweregine göz gezdi­ren şanyň gözüne ne çagajygynyň eşijek­le­rinden nyşan, ne-de süňk­jagazlary ilýär. Ol çök düşüp oturyp, ömründe birinji ge­zek ses edip ag­la­ýar. Patyşa şol oturşyna gün guş­luk bol­ýança gymyldamaýar. Dagy alaç tapman ahyr­da näumyt halda başyny aşak salyp, gam­ly ýagdaýda, atyny idip, ge­len yzy bilen gaýdýar.

Patyşa şol gelşine bäş-on sany goýny bakyp ýören bir gyz­jagaz bilen tokarja og­lan­jyga sataşýar. Sataşýar-da, ola­ra tarap so­wul­ýar.

Gyzjagaz özüne nätanyş adamdan ätiýaç edip, çägäniň üs­tün­de oýnap oturanja tokarja çagajygy garbap alyp, yza-yza çe­kilýär.

Patyşa şol halat gyzjagazyň özünden gor­kanyny bada du­ýup:

— Sen menden gorkma. Men size hiç zat diý­jek däl — diý­ýär.

Şol pursat gyzjagazyň goltugyndaky çaga­jyk patyşanyň ýüzü­ne gözjagazlaryny tege­läp seredýär-de, birden oňa el­ja­gazlaryny uzadyp aglap başlaýar.

Patyşanyň ýüregi ýerinden gozganan ýaly bolýar. Me­ja­ly gaçyp, atynyň uýanyny goýbe­rip, çagajyga elini uzad­ýar. Em­ma şol pursat gyzjagaz nätanyş adama barjak bo­lup, gyky­lyk­lap hem däbşenekläp, dyzaýan çagajygy zor­dan saklap, birde­nem oba tarap, ökjäni gö­terýär. Mal­la­ry­ny taşlap, oglanjygam onuň yzyna düşýär.

Gyzjagaza nebsi agyran patyşa, ony gor­kuz­mazlyk üçin esli salym onuň yzyndan se­re­dip durýar we garama-gara onuň gi­den ta­ra­py­ny yzarlap ugraýar. Gyzjagaz obanyň içi bi­len gidip-gidip, ahyrda alty ganat ak öýe ba­ryp girýär.

Patyşa-da şol öýüň gapysynda säginen­den, öýden örän sy­rat­ly, ýaraşykly, ýüzi-gözi nu­rana bir aýal çykýar. Paty­şa bu aýal tanyş ýaly bolup görünýär.

Ol aýal patyşa bilen saglyk-amanlyk sora­şan­soň oňa:

¾ Geliň, geçiň, öýden oturyň, myhman. Öýüň eýesi-hä ýok­dur, ýöne olam geler diýýär. Ol aýal öýden çykan eslije og­lanjyga myh­ma­nyň atyna eýe çykmagy tabşyrýar.

Atynyň uýanyny oglanjyga berse-de, paty­şa öýe giri­ber­mäge ýaýdanýar. Ýaýdanýar-da:

— Men patyşanyň ýasawuly, uzak ýoldan gel­ýän-de, «bir suw içeýin» diýip sowuldym — diý­ýär. Onda öý eýesi aýal:

— Patyşanyň adamy bolsaňyz gowy. Ýöne özüm-ä Taňry myhmany kimem bolanda çaý-suw­suz goýber­me­ýän. Onda-da uzak ýerden aryp gelen myhmany — diýýär. Edil şol pur­sat, gyzjagaz çagany göterip öýden çykýar.

Patyşany gören bada çaga ýene oňa eljagaz­laryny serýär we ýene aglap başlaýar.

Patyşa bu ýagdaýa uzak seredip durup bil­män:

— Getir, gyzym, maňa ber, ol maňa dyzaýar — di­ýip, ol aýa­lyň rugsat bermegi bilen çaga­ny gujagyna alýar. Ýaňajyk­laryndan yzyny üzmän ogşaýar. Onuň gözlerinden ýaş paýrap gid­ýär.

Bu bolşa öý eýesi, hatda gyzjagazam aňk bo­lup durýar.

Ahyr patyşa öý eýesine:

— Siz şu çagany tapan ýeriňizi aýdyň. Meň soragymy geň görmäň. Bu çaga meňki — diýip diýmänkä öý eýesi aýal ör-gök­den gelip:

— Goýaweri, myhman, bu nähili gep boldy, toba-ýeý — diýip, patyşanyň myhman hatyra­sy­ny unudýar. Ylgap baryp, ça­gany onuň elin­den garbap alýar. Çagany gyzja­zy­nyň gol­tu­gy­na berip:

— Bar, basymrak, gelnejeňlere äkit — diý­ýär.

Gyzjagaz aglap, gitmejek bolýan çaganyň gy­kylygyna ga­ra­maýar. Ony göterip obanyň içi bilen ylgap gidýär. Soň öý eýesi aýal pa­tyşa garap:

— Toba-ýeý, biziň gapymyzdan heniz çaga­my­za dawa edip gelen adam bolmandy. Ýaşalyp ýörülse her hili zadyň üstünden baryljak eken. Abraýyňyz barka, öý eýesi gel­män­kä gide­weri, ýogsam bu iş gowulyk bilen gutarmaz. Bol­­saň bolupsyň, paty­şa­nyň ýasawuly, patyşa­nyň özi gelende türkmen oňa çagasyny berer­mi? Dyrnajagynam rowa görmez. Toba-ýeý.

Patyşa dagy diýere gep tapman ýene:

— Çaga meňki, onuň dyzap durşuny özüňi­zem gördüňiz, ýag­şylyk bilen berseňiz gowy bo­lar. Patyşanyň soňky sözüne öý eýesi aýalyň aşa gahary gelýär.

— Ýagşylyk bilen berilmese, güýç bilen alaryn — diýjek bol­ýarmyň? Güýjüne buýsa­nyp bir naçaryň üstüne dyzap du­ran­danam bir erkek bolarmy? Gel, sen nähili gelýän bolsaň gel, türkmen gyrylar welin, her öňetene çagasyny berip goýbermez.

Öý eýesi aýal gaharyna tasap öýüne girip, gapysyny batly ýapýar.

Patyşa näme etjegini bilmän sermi-sar bolup, nätanyş gapy­da esli durýar. Ol bu aýaldan çaga özüniňki hem bolsa ýalbaryp alyp bilmejegine akyly ýetýär. Onsoň näme etje­gini bilmän iň soňunda durup-durup, bu jaýy gowy belläp, akylly wezirine sa­la salmagy göwnüne makul görüp köş­güne ugraýar. Ol begen­jine guş bolup uçup gaýdýar.

Köşgüne girip, häki akylly we­zi­­rini ýanyna çagyrýar. Aňyr­dan: «Patyşa oý­la­nyp, uruş etmegi goýbolsun eden­dir» di­ýip, oý edip gelen wezir, oturyp-oturmanka patyşa oňa ýap-ýaňy ba­şyn­dan geçen wakany gürrüň berip baş­la­ýar. Aýdyp bolan­soň, we­zi­re ýüzlenýär.

— Sen indi hemmesini eşitdiň, çaga meň­ki. Indi aýt, çagany edil özüniňki ýaly ber­mejek bolup, ýapyşyp ýatan ol aýaldan nädip alyp bolar? Ol janyny alaýmasaň-a, çaga­ny berjek däl.

Wezir ýylgyrýar. Weziriniň ýylgyryşyny patyşa gaty geň görýär. Geň görmek bilen onuň ýüzüne haýran galyp seredýär. Şol pur­sat wezir:

— Kyblaýy älem, bir çemçe ganymy geç­se­ňiz aýdaýyn — diýýär.

Onda patyşa:

— Ganyňy geçeýin. Ýöne sen aldajynyň elinden ogul­jy­gymy almagyň ýoluny basymrak salgy ber — diýýär. Onda wezir:

— Ol aýal meniň aýal doganym bolmaly. Si­ziň ogul­jygy­ňy­zy, kyblaýy älem, zyňylan ýerin­den alyp, oňa men eltip berdim — diý­ýär. Soň wezir patyşa çaga bilen bagly bolan wakany gürrüň berýär. Patyşa begenjinden akylly wezirini garsa gujak­lap:

— Il oňlasa, men däl, şu günden şeýläk ýur­da sen pa­ty­şa bolarsyň — diýýär.

Onda wezir:

— Patyşalygyňyz özüňize nesip etsin, kyblaýy älem, maňa siziň patyşalygyňyz ge­rek däl. Adyl şa bolup ýurdy dolan­dyr­saňyz, bize şol sylag-hormatyň iň ulusy diýýär.

 

Add comment


Security code
Refresh