Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 11 July 2015 14:13

Hatamnam

Hatamnam

 

 

BЕÝIK ALLANYŇ ADY BILEN

 Elbetde, rehimdar we jomart Taňry taryplanmaga mynasyp­dyr. Iki dünýäniň hökümdary we hemme älemleri ýaradyjy Taňrynyň tarypy çensiz-çäksizdir. Ol äşgär we gizlin zatlaryň syrlaryny anyk bilijidir. Onuň mertebesiniň möçberi çäksizdir we beýikliginiň ölçegi gutarnyksyzdyr. Ol başlangyjynyň başy we ahyrynyň soňy bolmadyk Taňrydyr. Onuň sansyz naz-nyg­matlar eçilmek bilen ynsana eden sylag - hormatyna ýüz-de müň gezek şükür bolsun!

Taňrynyň ýagşy gören dosty, yslamyň bagt ýyldyzy, günä-dertleriň tebibi Muhammet alаýhyssalama, onuň asylly nesil-neberesine, yslamyň adalat tuguny berk tutan çaryýarlara we pygamberiň ýoluny päklik bilen dowam etdiren wepadar sa­ha­balaryň hemmesine, ýalkaw we alkyş bolsun!

Eý, älemleriň hökümdary bolan Taňry! Biziň dileglerimizi öz dergähiňde kabul etgeý sen!

Rowaýatlarda getirilişine görä, Hatam ибн Taý kämillik ýaşyna ýetenden soň, tä, otuz bäş, kyrk ýaşyna çenli dünýäni aýlanyp gezipdir.

Onuň ölen wagty barada käbir kitaplarda: «Iki dünýäniň ho­jasy Muhammet alаýhyssalama pygamberlik bagtyýarlygy in­de­rilen wagty bilen Hatamyň wepat bolan wagtynyň ara­syn­da ýüz elli ýyl ýatyr» diýilýär, käbir taryhy kitaplarda bolsa: «Mun­dan az ýa-da köp wagt geçipdir» diýlip aýdylýar.

 Pygamber alаýhyssalama pygamberlik mertebesi kyrk ýaşyn­da inderilýär we bu möhüm waka 610-njy milady ýylyna gabat gelýär.

Danalaryň sözlerinden we rowaýatlaryň inçeliklerinden us­sat­lyk bilen baş alyp çykýan alymlaryň akyl-paýhasyna mälim bolan maglumatlara görä, Hatamyň ýedi arkasyna çenli bolan ata-babasynyň atlary şeýle usulda beýan edilipdir: Hatamyň ata­sy Taý, onuň atasy Kehlan, onuň atasy Rasan, onuň atasy Nah­şap, onuň atasy Kahtan, onuň atasy Hud, onuň atasy Ema­ýe.

Emaýe Ýemen welaýatynyň hökümdarydy. Onuň daýhan­çy­lyk[1] kesbi bardy. Emaýe dünýäden ötdi. Huda ondan diňe daýhançylyk kesbi miras galdy. Ol atasynyň kesbini ýöredip daý­hançylyk bilen meşgul boldy. Onuň daşyndan ol öz ýur­dun­daky her bir iş we waka barada pikirlenip gezerdi. Onuň kal­by­na hökümdarlyk etmek hoş geldi we bu höwesiň ugrunda dürli hyýallara mündi. Ahyrsoňunda ol hyýallaryny bir maksada jem­ledi. Ol dogan-garyndaşlaryny ýygnap, olara myhman­dar­lyk etdi, isleg-arzuwlaryny aýdyp, maslahat sorady. Dogan-ga­ryn­daşlary oňa:

 – Sen Ýemen ýurdyna häkim bolmak isleýän bolsaň, bu iş­de biziň hemmämiziň jem bolmagymyz we agzybir bolmagy­myz gerek. Bu uly işdir, bolmasa ol iş gola girmez – diýdiler.

Hud:

– Siz agzyňyzy bir edip güýç toplaň – diýip, olara söweş geýimlerini we ýaraglaryny berdi.

Ol ýene:

– Siz bu işi amala aşyrmakda maňa goldaw bermäge ra­zylyk beriň we dilegde boluň, şonda Beýik Taňrydan ýardam bolup, men Ýemeniň soltanyndan täç-tagty we hökmürowan­lygy alaryn – diýdi. Şeýlelik bilen, Hud olardan ýagşy niýet bilen pata aldy.

Hud işiň abyny-tabyny bilýän birnäçe adamlary ýanyna ýygnady. Olary ýaraglar, söweş geýimleri we harajatlar bilen üp­jün etdi. Bularyň hemmesi gylyç, naýza we ýaý ulanmaga ök­dediler.

Şol wagt Ýemeniň soltanyna:

– Emaýäniň ogly Huduň seniň bilen uruş etmek hyýaly bar – diýip, habar berdiler.

Soltan dergazap bolup, özüne garaşly bolan on sany päl­wa­na leşger bilen Huduň üstüne barmaklyga buýruk berdi. Bu ýakym­syz habary Huda ýetirdiler. Huduň esgerleri hem ätiýaç­lygy elden bermezlik üçin naýza we gylyç bilen ýaraglanyp, söweşe taýýar bolup durdular.

Elkyssa, şäher tarapdan Ýemen soltanynyň pälwanlary gö­rün­di. Bu gije iki tarapyň leşgeri hem ýaýdanşyp durdular. Daň atyp, gün çykandan soň olar söweşe taýýar bolup, söweş meý­danyna tarap ýüz goýdular. Söweş meýdany uly tomaşa meý­danyna öwrüldi. Bu wakany görenler: «Beýik Taňry bu gün ki­miň ýüzüne rahatlygyň şemalyny ösdürmekligi, kimiň başyny göwresinden aýryp, heläkçilik çukuryna togalamaklygy we ki­miň başyna döwlet täjini atmaklygy laýyk gördikä?» diýip aýtdylar. Batyrlar ýeke-ýekeden çykyp, güýç-kuwwatlaryny we hünärlerini görkezdiler. Esgerler gyzyşyp, bäş-bäşläp, on-on­lap, ýüz-ýüzläp, söweş meýdanyna çykdylar. Ahyrynda uruş soňlandy. Soltanyň goşuny ýeňlişe sezewar boldy. Ol ölülerini, ýaralylaryny we ýaraglaryny söweş meýdanynda taşlap, şähere tarap gaçyp gitdi.

Ýemeniň soltany bu ýeňlişiň öwezini dolmak maksady bi­len ertesi hasapsyz goşun ýygnap, täzeden Huduň üstüne ug­rady. Soltanyň esgerleri hem, Huduň esgerleri hem sap düzüp, nyzama durdular. Ol günüň gündizi-de gijesi-de ötdi. Ertesi gün dogandan soň, iki tarapyň leşgerleri ene-de söweşe gir­di­ler. Söweş örän gandöküşikli boldy, emma birnäçe hüjümler­den soň, uruş soňlandy. Beýik Taňry özüniň syrly gudraty bilen Huda ýardam berdi. Soltanyň leşgeri ýene-de ýeňlişe sezewar boldy. Soltan bu söweşde hem ýeňlise sezewar bolandan soň, ölüm şerbetini içmekligi ýüregine düwdi. Ol bu şerbeti içdi we panydan baka tarap göç etdi.

Şäher halky we esgerler jemlenişip, agzybirlik bilen Huduň aýagyna tabynlyk başyny goýdular we ondan özlerine geçirim­li­lik etmegini soradylar. Hud bularyň etmişini bagyşlady we ola­ra mähribanlyklar etdi. Hud özüni hökmürowanlyk tagtynda bagtyýar halda görüp, tagta çykyp oturdy we ýurt işlerini ada­latly dolandyryp başlady. Raýatyna ýardam berdi we özüne ta­byn adamlary bagtyýar etdi. Olar ençe wagta çenli gaýgy-gam­syz döwran sürdüler we şadyýanlykda günlerini geçirdiler. We­la­ýatlar örän abadanlaşdy. Munuň ýaly rahatlyk henize çenli bolmandy. Hud garrap, ahyret saparyna taýýarlandy hem-de bir gün ajal şerbetini noş etdi. Ol täjini we tagtyny ogly Kahtana miras bermekligi äht edip, gitse gelmez ýoluna gadam goýdy. Kahtan hem öz gezeginde ýurdy adalatlylyk bilen dolandyrdy hem-de atasynyň ornaşdyran adatlaryny ýöretdi. Raýatyna we esgerlerine elmydama hemaýat ederdi. Ol hem bir gün ahyrýet saparyna azygyny taýýarlap başlady. Ol bu dünýäde at we mer­te­be gazanypdy. Emma ol ahyrýete şeýle mertebe bilen bar­mak­lygy özüne laýyk hasaplamady. Şonuň üçin hem ol tag­tyn­dan, täjinden ýüz dönderip, hökümdarlygy ogly Nahşaba tab­şyr­dy. Ol hem şeýdip, baky dünýä sapar etdi. Täç-u tagt Nah­şa­ba ýetdi. Emma ol hökümdarlygy atasy ýaly adalatly alyp ba­ryp bilmedi. Onuň hökümetine duşmanlar her tarapdan päsgel berdiler. Ol az wagtlap hökümdarlyk etdi we ajal sakysyndan ölüm şerbetini alyp içdi. Onuň täji-tagty ogly Rasana geçdi. Ol Ýemen döwletine eýe bolandan soň ýurtda perwaýsyzlyk bilen iş alyp bardy, raýatynyň hal-ýagdaýyndan habar almady. Ol şalygyň aladasyndan çykyp bilmän we bu az pursatlyk dünýä­den ahyrete tarap sapar etdi. Onuň täji-tagty ogly Kahtana mi­ras galdy. Kahtan kişä zyýan hem bermän, peýda hem ýetir­män, ýurda ortaça hökümdarlyk etdi. Onuň hem ajal möhleti ge­lip ýetdi we jahan mülkünden ýüz öwürdi. Onuň orny ogly Taýa miras galdy. Ol Ýemeniň täji-tagtyna eýe boldy. Taý şa ýag­şy niýet bilen hökümdarlyk işine girişdi. Ol Hud babasynyň ýola goýan işlerini tutdy. Ol Ýemeniň topragyny duşmanlardan azat edip ony abadan saklady. Esgerlerdir raýatlaryň ählisi şa­dan razy boldular. Onuň hökümdarlyk eden döwründe döwletiň hazynasy baýlykdan doldy. Onuň hökmürowanlygynyň dabara­sy gün-günden ýokary göterildi. Döwleti eşretli günlere ýetdi. Beýik Taňry oňa bir ýagşy perzent bermekligi mynasyp gördi. Onuň aýaly hamyladar boldy. Aýalynyň hamylalyk wagty do­lup, ondan bir ogul dünýä indi. Taý şa Taňrynyň bu sahyly­gy­nyň haky üçin garyp-gasarlardan salgyt almady. Taý şa şol wagt ähli akyldarlary ýygnady we olardan ogluna bir ýagşy at dakmaklaryny sorady. Alymlar ýyldyz ylmyna garap, onuň tä­le­ýine bakyp gördüler. Olar:

– Bu ogluň täleý ýyldyzy çaksyz belentdir. Onuň ykbal-döw­leti beýik bolar. Ol hümmet guşagyny biline baglap, hemi­şe mätäçleriň, garyp-gasarlaryň we ýetimleriň köňlüni şat eder. Ýyldyz ylmynyň görkezmegine görä, bu oglanyň ady Hatam[2] bolsun – diýdiler.

 Taý şa muňa köp şat boldy we olara oňat serpaýlar peşgeş berdi. Ol şol günde doglan oglanlary alyp gelip, olary Hatam bilen bir ýerde terbiýelemekligi buýurdy.

Elkyssa, bular on ýaşdan on iki ýaşa gadam basdylar. Taý şa olaryň hemmesine eýer-esbap taýýarlap berip, her birini bir ata mündürdi we olary şäheriň köçelerinde gezdirdi. Ol bu işi bir garyp ýa-da bir ýolagçy görse, onuň göwnüni hoşlamak üçin edýärdi.

Hatamyň göwni ýukady. Ol awa çykanda hem hiç bir haý­wa­ny endamyna ýara salyp tutmazdy. Ol haýwanlary duzak gur­maklyk bilen ýa-da elguşa buýurmaklyk bilen tutardy. Ol hiç wagt gaty söz sözlemezdi. Ol günäkär adam bilen hem ýum­şak sözleşerdi. Mylaýymlykda we görmegeýlikde onuň bilen bäsleşip biljek adam ýokdy. Ol haýsy bir köçeden geçse, aşyklaryň nalasyny eşiderdi we şol ýerde säginip, Beýik Taň­ry­dan olara sabyr-kanagat bermekligini diläp, olary köşeşdirerdi. Soň­ra ýoluny dowam etdirerdi.

Hatam bir gün awa-şikara çykdy. Ol ýoluň üstünde bir şire sataşdy. Onuň gorkusyndan ýaňa endam-jany titredi hem-de ony gylyç bilen çapmakçy boldy, birden onuň kellesine: «Bu hem Taňrynyň ýaradan mahlugydyr. Oňa azar bermeklik ýagşy iş bolmaz. Men özümi şu şire tabşyraýyn» diýen pikir geldi. Ol atyndan ýere düşüp, şiriň ýanyna ýuwaşlyk we mylaýymlyk bi­len ýöräp bardy. Ol şire tagzym bilen egilip, salam berdi hem-de:

 – Eý, haýwanlaryň şasy! Eger saňa adam eti gerek bolsa, ine, men Hudaýyň ýolunda taýýar bolup durun. Men özümi saňa bagyşladym. Eger saňa atyň eti gerek bolsa, ine, atym hem taýýardyr. Sen işdäň baryndan haýsy birini isleseň, şony iý, eger iki jan gerek bolsa, ikisi hem taýýardyr – diýdi.

 Şir bu sözleri eşidip, yşarat bilen tagzym etdi we öz ýoluna gitdi.

Elkyssa, munuň ýaly işler Hatamyň başyndan ençeme ge­zek geçdi. Emma ol hergiz olara gynanmazdy. Onuň adaty ha­ýyr-yhsan etmekdi.

Elbetde, hemme zadyň dogrusyny Beýik Taňrynyň özi ýag­şy bilýändir!



 

 

Add comment


Security code
Refresh