Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 08 June 2015 16:30

GEÝIM-GEJIM WE AÝAKGAP HAKYNDAKY MATALLAR

GEÝIM-GEJIM  WE  AÝAKGAP  HAKYNDAKY  MATALLAR

 

 

 

Aýagy ýok, eli bar,

Başy ýok, ini bar. (Köýnek)

 

Aýak bassam içine,

Elin aýlar daşyna. (Çaryk we onuň baglary)

 

Başaşak goýsaň,

Içi dolar.

Ýokaryk goýsaň,

Içi boş galar. (Telpek)

 

Başymdaky bagymdyr,

Menden uly agamdyr. (Telpek)

 

Bäş barmagy bar, dyrnagy ýok. (Ellik)

 

Bir zadym bar,

Ertir gider, agşam geler,

Içegesini çykarar. (Çaryk we bagy) 

 

Çöwüp depseň içine,

Elin aýlar daşyna. (Çaryk we onuň baglary)

 

Dyz boýy çukurjyk.

Aýagym batdy gitdi. (Ädik)

 

Ertir turdum,

Iki aýry ýola düşdüm. (Balak)

 

Garaňky içerde garny ýaryk gul ýatyr. (Köwüş)

 

Gezer-gezer,

Gije içegesini

Içine salyp ýatar. (Çaryk we baglary)

 

Gije gysyr, gündiz bogaz. (Köýnek, don)

 

Gündiz ýörär, agzy ýumuk,

Gije ýatar, agzy açyk. (Köwüş)

 

Hamy daşynda, tüýi içinde. (Içmek)

 

Öňi bar-da, yzy ýok. (Papak)

 

Özleri dost,

Iki ýigit.

Boýy dyzdan,

Galmaz bizden.

Gorar bizi

Gardan, buzdan. (Ädik)

 

Pökgi semiz ýagy ýok,

Damagyn çalsam, gany ýok. (Içmek)

 

Uly ýol üçe bölünýär. (Köýnek, ýaka we iki ýeň)

 

Add comment


Security code
Refresh