Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 20 May 2015 19:53

Agtaran tapar

Agtaran tapar
Written by:  Hojaguly

 

 

Şu söz nämäni aňlatýar ? agtaran tapar diýdigi , isleseň netijä ýetersiň diýdigi . bu sözden maksat , hereket edip başlasaň bir gün maksada ýetersiň diýdigi . ýöne ýatana berseň maňa ber diýseň , onda adamyň eline zat ilmez . kä adamlar , daýaw bolýarlar , sorag edýärler , barlaýarlar , gözleýärler , her zatdan baş çykarjak bolup tagalla etýärler . tebigatyň syrlary hakda oýlanýarlar . asla bikar ýatmaýarlar , töwerek daşy hakda parhsyz bolmaýarlar . şu hilli adamlar we ýaşlar , agtarýarlar we ahyrda hem tapýarlar . ýaşlar agtarsalar taparlar diýdigi , sorasalar jogaba ýeterler we bir işe gunuşsalar netije alarlar diýdigi . ýöräp başlasaň hökman irde giçde maksada ýetip bolar . ýöne ýöremäni bir ýerde dursaň maksada ýetip bolmaýar . işiň ugurynda bolmak , pikirden haýyrlanyp dürli zatlary biljek bolmak , adamyň zehin we jysym saglygyna kömek etýär . tagalla edip dünýäni gowrak tanamak ugurda hereket etmek özüňi hem tanamaklyga sebäp bolýar . şu hilli adamlar töwerek daşyny we dünýäni hem gowrak tanaýarlar . eger-de adam ýaşlyk döwürinde şeýle-de ýöriteliklerden paýly bolsa hökman ýeňiş gazanar .

Bir gysga hekaýat :

Musulman bolmadyk bir hindistanly ýaş oglan , okamak üçin bir musulman ýurda gitýär . şol ýerde musulmanlar hakda pikir etýär . näme üçin guran okaýarlar diýip özüne sorag berýär . oýlanýar . orazanyň näme digini bilmek üçin şol barşyna öz ýanyndan oraza tutýar , şonda musulman bolmaklyga ykjam bolýar . hawa ýaňky ýaş oglan , sorady , agtardy , tapdy we maksada ýetdi . hudaýa iman getirdi we musulman boldy .

Add comment


Security code
Refresh