Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 14 May 2015 12:53

hekaýat

 hekaýat

 

 

Agyzdan-agza geçip gelen rowaýata görä, ol (Mäne baba) şeýle diýen: «Gurhany Kerimi öwrenýän döwrümde bir gün ka­kam: «Ertir seniň bilen halypanyň ýanyna gitmeli» diýdi. Men Gurhany Kerimi öwredýän başky mugallymymyň ýanyna ba­ryp: «Ertir meni kakam başga halypanyň ýanyna äkidýär» diý­dim. Ol şonda: «Mübärek bolsun» diýip doga etdi we: «Şu pen­di­mi hiç wagt unutma, göz açyp-ýumasy salym Allanyň yşkynda bolmak hem Gün bolup Ýer ýüzüne nur çaýan ýaly­dyr» diýdi.

Soňra şeýle diýen: «Men bu pendi baky hemram edinip, ertesi kakam bilen Hoja ymam Abu Seýit Aýýarynyň ýanyna gitdik. Ol ymam müfti we dilçi mugallymdy. Onuň ýanynda birnäçe wagt galdym we oňa araplaryň jahylyýet[1] döwrüniň goşgularyndan otuz müň beýti ýatdan aýdyp berdim. Soňra şyh Abylkasym Buşer Ýasiniň ýanyna bardym. Ol döwrüniň dana kişileriniň biridi. Men ondan köp zadyň aslyna ýetdim we musulmanlygy şondan öwrendim. Bu iki ymamyň hem gubry Mänededir».



[1] Jahylyýet döwri – araplaryň yslamdan öňki döwri; nadanlyk döwri.

Add comment


Security code
Refresh