Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 15 April 2015 08:30

Musa alaýhyssalamyň Hydyralaýhyssalambilenmertebesini deňeşdirmegiň beýany(2)

Musa alaýhyssalamyň Hydyralaýhyssalambilenmertebesini deňeşdirmegiň beýany(2)

 

 

 Olar ýene bir gije bir banynyň öýünde ýatdylar. Olar işikde oturdylar. Bany: «Siz niçik kişisiňiz?» diýip, olara tagam bermedi. Olar açlyk bilen ýatyp galdylar. Hydyr alaýhyssalam ertesi turup: «Seniň malyň on esse zyýada bolsun» diýip, bana dileg etdi. Musa alaýhyssalam hezreti Hydyryň bu işlerine haýran galyp, asla takat edip bilmedi. Ahyrynda ol: «Eý, Hydyr! Siziň eden işleriňizi hiç kim etmez» di‎ýdi. Hydyr alaýhyssalam: «Eý, Musa! Men saňa meniň eden işlerime närazyçylyk bildirme» diýip, aýdypdym. Indi, men senden jyda bolaryn» di‎ýdi.

Ondan soň ol ýene: «Eý, Musa! Ol gämini deşenimiň sebäbi. Ol gämi on sany ejiz mirasdüşer garyndaşlaryň gämi­si­di. Gämi olara atalaryndan galypdy. Olaryň bäşisi gämide işle­ýär­di, bäşisi bolsa işlemeýärdi. Işleýän bäşisiniň biri golak, biri akly kelte, biri agsak, biri çişik, biri bolsa kerdi. Işlemeýän bäşisiniň biri kör, biri kiçi ýaşly, biri ýaman, biri çolak, biri ýöräp bilmeýärdi. Bularyň hemmesiniň rysgaly şol gämidendi we ol gämi ortakdy. Bu şäheriň patyşasy zalymdy we sütem­kär­di. Ertir ol balyk tutmaga çykyp, hemme gämileri eýeleriniň elinden alar. Bularyň gämisi deşik bolandygy sebäpli, ony al­maz. Onsoň gämiçiler gämisini bejerip, rysgallaryny taparlar. Şonuň üçin men ony deşip goýdum.

Ol çagany öldürenimiň sebäbi. Ol çaga ulalsa, müň kişini nähak öldürer. Onuň üçin men ony öldürdim. Ol oglanyň atasy musulmandy. Ol oglanyň enesini talak edipdi. Onuň atasy baş­ga ýerde ýaşaýardy. Ol oglan atasynyň ýanyna baryp gelende ogurlyk ederdi. Onuň ata-enesi bilmän: «Oglumyz ogurlyk et­mez» diýip ant içerdiler. Men ony öldürdim. Allatagaladan bu­la­ra: «Ýagşy ogul ber» diýip diledim.

Bize tagam bermedik halkyň diwarynyň aşagynda bir hum altyn bardy. Ol humy iki ogluň atasy bu ýere gömüpdi. Eger ol diwar ýykylsa, humuň üsti açylyp, ol başga biriniň goluna düşerdi. Indi, ol diwar ýykylýança ol oglanlar uly bolup ony tapyp alarlar.

Ol bize tagam bermedik bana biz: «Malyň on esse zyýada bolsun» diýip dileg etdik. Ol bu dünýäniň malyna gyzygyp, Hudaýtagaladan gapyldyr. Oňa bu dünýäde mal berler, emma onuň ahyreti gömükdir. Şonuň üçin oňa şeýle dileg etdik.

Biz ol kempiriň öýünde ýatdyk. Ol bize köp hyzmat etdi. Ol kempir Hudaýtagala aşykdyr. Ol käwagt, geçisine meşgul bolýar. Eger onuň ol geçisi bolmasa, ol diňe Hudaýtagalanyň ybadatyna meşgul bolar. Men onuň üçin: «Geçini böri iýsin» diýip dileg etdim» di‎ýdi.

Hezreti Musa alaýhyssalam: «Eý, Hydyr! Siz maňa bir nesi­hat berseňiz, men onuň bilen amal etsem» di‎ýdi. Hydyr alaý­hys­salam: «Ölümi ýatlap durýan kişi şatlyk etmez. Hudaýta­ga­la­nyň bendelerine rysgal berijidigini bilýän kişi Ondan rysgal dilemegi ajapdyr. Eý, Musa! Diliňi bihuda sözleri aýtmakdan sakla. Hajatyňy asla mahlukatdan dileme. Adamlaryň kemçi­lik­lerine gülme. Hatalara tagna etme. Özüňi günä ýakyn tutma. Adam­lara peýda etmäge çalyş. Zeruryýet bolmasa kişiniň öýü­ne barma. Bahyldan bir zat tama etme» diýip nesihatyny ta­mam edip, gözden gaýyp boldy.

Ondan soň Musa alaýhyssalam beni Ysraýylyň ýanyna gaýdyp geldi. Ol Harun alaýhyssalam bilen tapyşyp, bolup geçen wakalary oňa beýan etdi. Harun: «Men sizden aýrylyp köp perişan boldum. Hudaýa şükür, men sizi salamatlykda gördüm. Indi, men ölsem armanym ýok» di‎ýdi. Harun bu sözleri aýdyp otyrdy. Birden Ezraýyl gelip, onuň ruhuny aldy. Hezreti Musa alaýhyssalam öz ýerine Ýuşagy halypa etdi. Musa alaýhyssalamyň ömri ýüz elli ýaşa ýetipdi. Ol kyrk ýyl Pyrgauny yslama çagyrdy, kyrk ýyl çöl-beýewanda durdy, altmyş ýyl Müsürde gezdi we on ýyl Medinede boldy.

Bir gün hezreti Ezraýyl alaýhyssalam gelip, Musa alaý­hys­sa­lama salam berdi. Hezreti Musa alaýhyssalam: «Eý, Ezraýyl! Sen meniň janymy nähili ýol bilen alarsyň?» di‎ýdi. Ezraýyl alaýhyssalam: «Agzyňyzdan alaryn» di‎ýdi. Musa alaýhyssa­lam: «Men agzym bilen Hudaýtagalanyň sözlerini aýdýaryn» di‎ýdi. Ezraýyl alaýhyssalam: «Men ony gulagyňyzdan alaryn» di‎ýdi. Musa alaýhyssalam: «Men gulagym bilen Hudaýtaga­la­nyň sözüni eşidýäirin» di‎ýdi. Ezraýyl alaýhyssalam: «Men ony gözüňizden alaryn» di‎ýdi. Musa alaýhyssalam: «Men gözüm bilen Hudaýtagalanyň ýaradan zatlaryny görýärin» di‎ýdi. Ezraýyl alaýhyssalam onuň haýsy tarapyndan ruhuny almaga barsa, ol oňa şonuň ýaly delil tapdy. Ahyrynda Ezraýyl alaý­hys­salam Hudaýtagala: «Eý, Taňrym! Men Musanyň janyny haýsy ýol bilen alaryn?» di‎ýip arz etdi. Allatagaladan: «Eý, Ezraýyl! Sen oňa: «Dostuň çagyrýar» diý» di‎ýen owaz geldi. Ezraýyl alaýhyssalam oňa: «Seni dostuň çagyrýar» diýdi. Onda Musa alaýhyssalam hoşwagt bolup: «Eý, Taňrym! Men mak­sa­dyma ýetdim. Emma meniň perzentlerim ejizdir hem biçäredir. Men olary size tabşyrdym» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Musa! Hasaň bilen derýa yşarat et» di‎ýen owaz geldi. Ol yşarat etdi. Derýa ikä bölündi. Ondan bir uly daş çykdy. Daş ýaryldy. Onuň içinden bir gurt gök ot dişläp çykdy we bu: «Subhäne men ýerani we ýesme‘u kelami we ýa‘rifu makami we ýer­zukuni we lä ýensäni»9 di‎ýen tesbihi aýtdy. Ýene: «Eý, Musa! Men şol gurda daşyň arasynda rysgal berýärin. Sen meniň pygamberimsiň. Men seniň perzentleriňi aç-ýalaňaç goýma­ryn» di‎ýen bir owaz geldi. Musa alaýhyssalam bu sözden razy boldy.

Musa alaýhyssalam bir ýere gelse, dört kişi gabyr gazýardylar. Bu dört kişi mukarrap – Allatagalanyň ýakyn perişdeleridi. Musa alaýhyssalam olara: «Siz kime gabyr gazýarsyňyz?» diýdi. Olar: «Kime dogry gelse, şoňa gazýarys» diýdiler. Musa alaýhyssalam: «Men oňa girip göreýin» diýdi. Ol gabyra  girdi. Bu gabyr oňa laýyk geldi. Ezraýyl alaýhyssalam elinde bir alma tutup geldi. Musa alaýhyssalam ol almany ysgap jan berdi. Aýat: «Biz Allatagalanyň mülkündediris. Biz onuň huzuryna baryjydyrys». Perişdeler Musa alaýhyssalamyň ruhuny ýokarky äleme eltdiler. Onuň jesedi gabyrda galdy. Musa alaýhyssalamyň kowumy ýetmiş dört ýyldan soň jöhitlige girdiler. Ondan soň Daniýal alaýhyssalam pygamber bolup orta çykdy. Bu zatlary Allatagalanyň özi ýagşy bilýändir!

 

Add comment


Security code
Refresh