Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 15 April 2015 08:16

Musa alaýhyssalamyň Hydyr alaýhyssalam bilen mertebesini deňeşdirmegiň beýany (1)

Musa alaýhyssalamyň Hydyr alaýhyssalam bilen mertebesini deňeşdirmegiň beýany (1)

 

Ibn Apbas (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) aýdypdyr:8 Hezreti Musa alaýhyssalamyň ýat ýurtlarda musapyrçylyk çekip, terkidünýälik etmeginiň sebäbi şudur. Musa alaýhyssa¬lam: «Hudaýtagala menden ýagşyrak, dana-alym kişi ýarat¬man¬dyr. Ol maňa Töwraty berdi. Ol meniň bilen howanyň üstünden sözleşýär» diýip buýsanardy. Ol bir gün: «Eý, Taňrym! Sen maňa ylym berdiň, artyk¬maçlyk berdiň. Ýene Seniň meniň ýaly ylymly bendäň barmy¬dyr?» diýdi. Hezreti Jebraýyl gelip: «Eý, Musa! Pylan derýa¬nyň kenarynda bir bende bardyr. Seniň ylmyň onuň ylmynyň ýanynda bir damja suw ýalydyr» diýdi. Hezreti Musa: «Eý, Taňrym! Men şol bendäni bir görsem?!» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Musa! Ol senden alymrakdyr. Sen ony gözläp tapyp, oňa şägirt bol» di‎ýen owaz geldi. Musa alaýhyssalam: «Eý, Taň¬rym! Men ony nireden taparyn?» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Musa! Sen ýol azygyňy we şaýyňy tut. Saparyň kynçylyk¬la¬ry¬na çydam et» di‎ýen owaz geldi. Ol bir balygy bişirdi, başga hem azyklardan aldy. Musa alaý¬hyssalam: «Eý, Taňrym! Ol bendäň hem men ýaly pygam¬ber¬mi ýa sakçy?» diýip sorady. Allatagala: «Ol sakçydyr» di‎ýdi. Elkyssa, Musa alaýhyssalam Ýuşagy özüne ýola hemra etdi. Ol: «Eý, Taňrym! Men seniň ol bendäňi nireden taparyn» diýip sorady. Taňrydan: «Sen ony Mejmegyl-bahreýnden taparsyň. Bir tarapdan Rum derýasy geler, ol ajydyr. Beýleki tarapdan Pars derýasy geler, ol süýji suwludyr. Bu iki derýanyň goşulan ýerine Mejmegyl-bahreýn diýilýändir» di‎ýen owaz geldi. Hezreti Musa alaýhyssalam köp wagtlap ýol ýöredi. Ol aýdylan ýeriň golaýyna baryp ýetdi. Ýuşag hem onuň ýanyndady. Mejmegyl-bahreýnden bir ýa iki mil galdy. Olar bu ýerde bir daşyň aşagyndan bir çeşmäniň akyp, onuň baryp derýa guýýandygyny gördüler. Ol çeşmä Aýnul-haýat diýil¬ýär¬di. Ol bu ýerde täret almaga durdy, bişirip alan balygyny daşyň üstünde goýdy. Ol balyk direlip çeşmä çümüp gitdi. Ýuşag bu wakany görüp gorkdy. Ol Musa alaýhyssalamyň ýanyna gelip, bu wakany beýan etdi. Hezreti Musa alaýhyssalam daşyň ýany¬na gelse, balyk öňküsi ýaly ýerinde ýatyr. Ol balygy alyp iýdi. Ondan soňra ol birnäçe ýol ýöräp, bir bulagyň ýakasyna geldi. Ol ýerde bir kişi namaz okap oturan eken. Ol namazyny bolandan soň, Musa alaýhyssalam oňa salam berdi. Hezreti Hydyr alaýhyssalam onuň salamyna jogap berdi. Ol kişi: «Hoş geldiňiz! Siz beni Ysraýylyň pygamberi Musasyňyz» di‎ýdi. Hezreti Musa alaýhyssalam ondan: «Meniň bu ýere gelmegimi size kim habar berdi?» diýip sorady. Bu kişi: «Meniň haba-ry¬my size aýdan kişi, siziň habaryňyzy maňa aýtmazmy?» diýdi. Hezreti Hydyr: «Eý, Musa! Sen bu ýere näme iş bilen geldiň di‎ýip sorady. Hezerti Musa: «Men sizden ylym öwrenmek üçin geldim» di‎ýdi. Hezreti Hydyr: «Seniň höregiň nirede?» diýip sorady. Hezreti Musa oňa balygyň wakasyny aýtdy. Hezreti Hy¬dyr alaýhyssalam: «Ol balygyň Hudaýtagala şunça zikr aýt¬mak arzuwy bardy. Ol direlip zikr aýtdy we ýene Hudaý¬taga-la¬nyň permany bilen suwdan çykdy we ol: «Eý, Musa! Seniň alym¬lygyň hany? Özüň şunça arzuw etmeseň, haýyş edip, munça ýol azaplaryny tartmazdyň. Sende akyl-ylym bar bolsa, şol balygyň direlen çeşmesinden suw içip, tä kyýamata çenli diri ýörerdiň. Eý, Musa! Sen pygamber-mursel bolduň. Sen Töwrat ýaly kitabyň eýesi bolduň. Ýene sen näme üçin ylym öw¬renjek bolýarsyň» di‎ýdi. Hezreti Musa oňa: «Men ony Hu-daýtagalanyň permany bilen alýaryn» diýdi. Hydyr alaýhys¬salam: «Sen meniň bilen hemra bolup bilmersiň» di‎ýdi. Onda hezreti Musa: «Inşallah, hemra bolaryn. Siz näme diýseňiz, men şony kabul ederin» di‎ýdi. Hydyr alaýhyssalam: «Onuň ýa¬ly bolsa, men bir iş etsem, siz oňa garşy bolmaň, onuň sebäbini soramaň» di‎ýdi. Hezreti Musa onuň bu teklibini kabul etdi. Ol Ýuşaga rugsat berdi. Ol ikisi ýola rowan boldular we iki parsah ýol geçdiler. Hezreti Musa: «Meniň garnym ajykdy we men ýadadym» diýdi. Hudaýtagala hezreti Jebraýyla perman berip, iki tabakda oňa tagam iberdi. Onuň biri bişen et, biri bolsa nandy. Ony Hydyr alaýhyssalamyň öňünde goýdy. Hezreti Hydyr bolsa bir tabakdan çig et bilen uny Musa alaýhyssalamyň öňünde goýdy. Hezret Musa undan hamyr ýugrup, ondan nan bişirdi. Hezreti Musa ony iýdigiçe, gözünden ýaş geldi. Hezreti Hydyr bu ýagdaýa güldi. Hezreti Musa: «Sen meni masgara tutup gülýärmisiň?» di‎ýdi. Hezreti Hydyr: «Bir kişi sabyr edip, taýýar nahar iýdi. Bir kişi bolsa sabyr etmän, ýüz müň muşakgat tartdy, ýene ol taýýar edip iýmeýär» di‎ýdi. Olar ýöräp ertesi bir derýanyň kenaryna bardylar we bir daragtyň astynda oturdylar. Bir janawar gelip, suw içip, tum¬şugyna suw aldy we ýola düşdi. Hydyr alaýhyssalam: «Eý, Musa! Sen ol janawaryň: «Hydyryň ylmy derýaça bardyr, Mu¬sa¬nyň ylmy tumşugymdaky suw ýalydyr» diýýändigini bil¬ýärmisiň?» di‎ýdi. Olar ýene bir derýanyň kenaryna geldiler. Hezreti Hydyr bu ýerde bir gäminiň burçuny deşip goýdy. Mellahlar perýat edip: «Bu niçik kişidir, gämiden mugt ötüp, ýene gämini deşip goýýar» di‎ýdiler. Hezreti Musa alaýhyssalam: «Bu gämiçiler bizden hiç zat alman mugt derýadan geçirdiler. Sen näme üçin olaryň gämisini deşip goýduň? Gämi suwa gark bolsa, sen bu halka näme alaç taparsyň?» di‎ýdi. Hydyr alaýhyssalam: «Do-ganda eneň seni ot ýanyp duran tamdyra taşlady. Şol otda Hudaýtagala seni köýdürmedi. Ol seni salamat saklady. Ol bu halky gark bolmakdan salamat saklamazmy?» di‎ýdi. Olar derýadan ötüp, gury ýere düşdüler, soňra ýene ýola rowana boldular. Bir ýerde bäş-alty çaga oýnap ýördi. Hydyr alaýhyssalam olaryň birini tutup öldürdi. Musa alaýhyssalam ondan: «Seniň ol bigünä çagany tutup öldürmegiň sebäbi nämedir?» diýip sorady. Hydyr alaýhyssalam: «Men saňa men bir iş etsem, oňa garşy bolma, onuň sebäbini sorama diýip aýtmanmydym. Indi men seniň bilen hemra bolmaryn» di‎ýdi. Musa alaýhyssalam: «Men muhatyrymdan çykarypdyryn. Men ony unudypdyryn. Indi men beýle iş etmerin» di‎ýdi. Olar bir ýere gelip, halkdan tagam dilediler. Olara hiç kim hiç zat bermedi. Olar gijesi bilen aç ýatdylar. Görseler, galanyň bir diwary ýykylmaga ýakyn bolupdyr. Olar laý bilen diwaryň teýini düzedip goýdular. Hezreti Musa: «Bu halk bize tagam bermedi. Biz köçede ýatyp galdyk. Biz ýene bularyň diwaryny düzetdik» di‎ýdi. Hydyr alaýhyssalam: «Eý, Musa! Sen her bir iş etseň hem oňa närazy bolmajakdygyňy aýtdyň. Indi ýene närazyçylyk bildirseň, men seniň bilen hemra bolmaryn» di‎ýdi. Hezreti Musa: «Indi, asla närazy bolmaryn» di‎ýdi. Olar bu gije bir kempiriň öýünde boldular. Ol kempir bulary ýagşy kabul etdi. Ol daň atýança bularyň öňüňden ýag-süýdi aýyrmady. Ertesi olar kempirden: «Seniň näçe malyň bar?» diýip soradylar. Kempir: «Meniň bir geçim bar» di‎ýdi. Hydyr alaýhyssalam: «Ol geçini böri iýsin» diýip dileg etdi.

Add comment


Security code
Refresh