Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 08 April 2015 14:22

JADYLY DÜNÝÄ SYÝAHAT

JADYLY DÜNÝÄ SYÝAHAT

 

 

 

Köklerini uzak geçmişden alyp gaýdýan, ata-babalarymyz tarapyndan döredilip, uzak ýyllaryň paýhas eleginden geçirilip, timarlanylyp biziň eýýamymyza ýetirilen. Halkyň baý dur­muş tejribesiniň, pähim-parasatynyň önümi bolan erteki­lerde halk öz isleg-arzuwlaryny, geljege bolan umytlaryny, ynanç­la­ry­ny beýan edipdirler.

Halkyň ruhy önümi bolan ertekilerden türkmen halkynyň geçmişini, belli-belli döwürlerdäki ýaşaýyşlaryny, gün-güze­ran­­laryny, meşgullanan kärlerini, hünärlerini, däp-dessurla­ry­ny, ýaşaýyş şertlerini, hatda taryhyny hem öwrenmek bolýar.

Ertekiler boýunça taýýarlanan şu ýygyndy jadyly ertekileri özünde jemleýär. Jadyly ertekiler haýwanlar hakyndaky hem-de durmuşy ertekiler bilen deňeşdirilende juda mazmuna baý­ly­gy, çeperligi, göwrümliligi bilen tapawutlanýar. Ertekileriň bu görnüşinde durmuş toslama, jadyly hem durmuşy wakalar bilen utgaşdyrylyp beýan edilýär. Olarda köplenç adamzat bi­len jadyly güýçler çaknyşýar. Meselem, «Hatam Taý», «Alla­ber­di wezir», «Kerem», «Akpamyk», «Şa gyzy», «Körpe ogul», «Şamar», «Kelje», «Diwana», «Gülýaka», «Adyl şa» we ş.m. ertekilerde ýagdaý şeýledir.

Jadyly ertekileriň esasy alamatlary olarda adatdan daşary hy­ýaly güýçleriň heňe gelmejek hyýaly ýagdaýlardaky akyla sygmajak hereketleriniň häli-şindi gaýtalanyp durmagydyr. Meselem, Symrug guşuň arkasyna münüp, («Hatam Taý») ýa-da jübä sygar ýaly zada öwrülip, göze görünmän («Şamar») ar­şa çykmak. Jadyly ertekileriň gahrymanlary bir görseň hala mü­nüp uçup ýör, bir görseň hem jadyly tokmak bilen duşma­nyn­dan («Kör garga») ar alyp ýör.

«Şamarda» adamzatdan ýylan (aždarha) dünýä inip, ol hem adamlaryň arasynda ýaşap, şa gyzyna öýlenip ýör. Şamar gije gö­zel ýigit, gündizine ýylan bolup adamlar bilen gürleşip, iş salşyp ýör.

Şeýlelikde, ertekileri dörediji ynsanlar görlüp-eşidilmedik tä­sin-täsin gahrymanlary, wakalary oýlap tapypdyrlar. Mese­lem, «Hatam — Taý» ertekisinde Hatamyň öz arzuwyna ýet­mek­de ýa-da kimdir birini arzuwyna ýetirmekde hötde gelýän işleri adam güýji ýeterden has çylşyrymly hem kyn. Hatam eger Symrug guşuň arkasyna münüp arşa çykmasa, arşdaky Gülüň mekanyna ýetip bilmezdi. Ýa-da «Şamar», ertekisinde Şamaryň ogly jadynyň, tilsimiň güýji bilen göze görünmeýän zada öwrülmezden, gizlinlikde perileriň mekanyna düşüp, pe­ri­siniň gijelerine nirä ýitirim bolýandygyna akyl ýetirip bilmezdi we mähriban kakasy bilen arşda didarlaşmazdy.

Toslama esaslanylyp döredilen çeper eseriň beýleki tosla­ma­­lardan has ýokarda durýandygyny edebiýatçy alymlar bel­läp­dirler. Aýdaly, döwsüz erteki ýok. Emma adamzada golaý­lan­da allaowarradan tupan turuzyp, ýer sarsdyryp, ala-galmagal bolup gelýän äpet-äpet döwler adamlardan beden güýji bilen rüstem gelse-de, akyl-parasaty taýdan olaryň döwi pes gelýär. Hatda gazabyndan, adamhorlugyndan bütin bir ýurdy howp as­tyn­da goýup, olara ot ýakdyrmaýan, ýüzläp goşuny yza ser­pik­dirýän aždarhalar hem («Şa gyzy») iň soňunda haýsydyr bir mert ýigidiň alnynda dyza çökýär ýa-da onuň elinden gurban bolýar.

Jadyly ertekilerde wakalar hernäçe toslamalara ýugrulsalar-da, jadyly güýçler, tilsimler bilen adamlary islän zadyna öw­rüp, olara tor gursalar-da, barybir ynsan hem onuň güýji, akyl-parasaty, gahrymançylygy başky orunda durýar.

Erteki gahrymanlary üçin hötde gelnip bilinmejek güýç ýok. Olaryň bary adam erkine, güýjüne tabyn bolýar. Onda ähli janly-jandar adamzada hyzmat edýär. Ertekilerdäki hyýaly zat­lar, jadyly güýçler, toslamalar gahrymanlara hykykaty açmak­lyga kömek edýär.

Şeýlelikde, hernäçe hyýaly toslamalara baý bolsa hem, ja­dy­ly ertekiler halk durmuşyndan, geljeginden, halkyň ýaşaýyş şertlerinden, gün-güzeranyndan, isleg-arzuwyndan üzňe däl. Halkyň öz döreden zady ondan üzňe hem bolup bilmez.

 Hyýaly ertekilerde halk wakalary ynsan güýjünden daşary bo­lan jada ýugrup, öz öňünde goýýan ençeme maksatlaryny ha­syl edýär. Meselem, adatdan daşary güýçlere garşy göreş­mek, ýeňmek gahrymanlarda batyrgaýlyk döredýär. Batyr, ga­ra­dan gaýtmaz ýigitler haýsy döwrüň guwanjy däl. Galyberse-de ertekiler adamlarda, onda-da ýaşlarda mümkin däl zatlary, gud­ratlary amala aşyrmaga isleg döredýär, hyjuwlandyrýar. Her bir eýmenç, äpet güýçleri ýeňip geçip boljakdygyna ynam dö­redýär. Sebäbi adamzat özlerini gurşap alan älemiň näme­di­gi­ne göz ýetirmeklige, gelejegi bilmeklige çalşypdyr. Belki, uçar­laryň döremeginde halk hyýalynyň, jadysynyň hyzmaty bo­landyr. Uçýan halylar ýöne ýere oýlanylyp tapylan zatlar däl­dir. Adam aňy uzakdan görýär. Sebäbi ertekiler halkyň dur­mu­şynda möhüm akyl ýetirijilik, özboluşly ylym-bilim bolup hem hyzmat edendir. Ynsan öz çagasyny heniz okap bilme­ýär­kä, ýatdan aýdylan ertekiler bilen terbiýeläpdir. Aýratyn hem haý­wanlar hakyndaky hem beýleki ertekileriň üsti bilen olara halallygy, dogruçyllygy, dost sarpasyny tutmagy, enä-ata, aga-inä hormat goýmagy, ynsanperwerligi, watanperwerligi öwre­dip­dirler. Halk döredijiligini öwrenijiler entek bir harpy hem tanamaýan adamlar üçin ertekileriň gymmabaha taryhy resmi­na­malardygyny belläpdirler. Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruh­namasynda gyş giželerinde üýşüp-üýşüp diňlenilýän halky eserleriň täsiri barada ýakymly ýatlamalary ýazypdyr. «Tele­wi­zo­ryň ýok, radionyň gyt wagtynda uzyn gyş gijelerinde, salkyn tomus agşamlarynda goňşylar bilen mesawy söhbet etmek oňat dessurlardandy. Dessan diňlenilýän, gyzykly hem pähimli rowaýatlar aýdylýan şeýle gyş gijeleri, tomus ag­şamlary türkmen durmuşynyň iň ajaýyp görnüşleri bo­lup galdy. Olar biziň üçin edep mekdebidi. Ekabyr bolýan­çaň, eneň eteginde oturyp, Hydyr gören aýallaryň, ekabyr çykaňsoň, ataň ýanynda oturyp, Hydyr kimin ýaşulularyň gürrüňlerini diňlemek goňşuçylykda bolup geçipdi. Bu gör­nüşler tebigy, ýürege ýakyn hem türkmen durmuşynyň özi ýaly pessaý owazly pursatlardy»[1].

Juda durmuşy bu ýatlama arkaly halk döredijilik eserleriniň, ertekileriň nähili derejede söýülýändigine, sarpa goýulýan­dy­gy­na, olaryň adam aňyna ýetirýän täsirine iňňän aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Ertekilere türkmen halkynyň jomartlyk, sahylyk, myhman­pa­raz­lyk, şahandazlyk, adyllyk ýaly milli häsiýetleriniň siňdi­ril­megi, olaryň terbiýeleýjilik häsiýetiniň göz öňünde tutulan­ly­gyndandyr. Aýratyn hem toslamalara, ulaltmalara baý jadyly er­te­kilerde halk öz isleg-arzuwlaryny, göwün ýüwürtmelerini, oýlap tapan hyýaly hem jadyly wakalary hem gahrymanlaryň hereketleri, oý-pikirleri arkaly iňňän täsin ýüze çykarmagy ba­şa­rypdyr. Adalatly şa bilen asuda, erkana, bol-elin ýaşamagy is­le­ýän halk, şol adalatly, parasatly şany saýlamak üçin ýörite bir guşy oýlap tapypdyr ýa-da aýdaly, durmuşda, heý, düýşüň satylanyny gören-eşiden adam bolupmy? Tüýs erteki-dä, näme etseň, bolubam dur, ynanybam otyrsyň. Sebäbi onuň aňyrsynda ynsan üçin bähbitli ýagşy niýet, arzuw ýatyr.

«Satylan düýş» atly şeýle täsirli ertekide bir garyp goja özü­niň gören gowy düýşüni bir süri goýna çalşyp, ömrüniň ahy­ryn­da bol-elin ýaşamaga çykalga tapýar. Düýşüň gudratyna ýüre­gi bilen ynanan sada çopan bolsa, şol ynanjy bilen şa gyzy­na öýlenip, otursa-tursa hyýalyna gelmedik bagta ýetýär. Hal­kyň hyýaly erteki wakalarynyň serhetiniň bolmaýşy ýaly çäk­siz. «Hatam Taý» atly ertekide hatda Gülüň jesediniň doňup, alty­na öwrülmegi ýa-da beýleki käbir ertekilerde jadynyň güýji bilen adamlaryň doňdurylyp daşa öwrülmeginiň käbir babatda hakykat bilen baglanyşygynyň bardygyny gazuw-agtaryş işleri­ni geçirenlerinde ençeme alymlar ylmyň üsti bilen tassyk­lap­dyr­lar.

«Öwez ýalta» atly ertekide iňňän geň, täsin wakalaryň üsti bi­len özi ýalta, emma çaksyz halal, arassa ogluny halkyň dur­muş synagyndan geçirip terbiýeleýşinde ýokary ussatlyk bar.

«Baky nebisli», «Döw» atly ertekiler-de ýokarky «Öwez ýal­ta» atly ertekä kybapdaş, aňyrsy-bärsi görnüp duran çaklaň­ja ertekiler. Emma muňa garamazdan, olaryň taglym taýdan bir dessanlyk ýüki bar.

«Öwez ýaltada» baý Öwezi talaban tutanda, onuň öňünde iki şert goýýar. Ol halal hak isleýäne bir teňňe, haram hak is­le­ýäne ýüz teňňe töleýändigini aýdýar. Öwez ol söwdagäre bir teňňä talaban durup, bir teňňesine başga zat düşmänden soň, bir güjük bilen pişik satyn alyp, ony öýlerine ýollaýar. Ol iki jan­dar soňundan Öwez ýaltanyň ykbalynda ynsan hötde geler­den kyn işleri bitirip, ýigidi uly bagta ýetirýär. Onuň şa gyzyna öýlenmegine sebäp bolýar.

Jadyly ertekileriň dünýäsine aralaşdygyňça, biri-beýlekisin­den täsin, gyzykly wakalaryň, biri-birine meňzeýän, şol bir wagtyň özünde häsiýetleri gapma-garşy erteki gahryman­la­ry­nyň üstünden barýarsyň. Meselem, «Hatam Taý» ertekisinde sahylykda Gündogara meşhur bir gahryman, baýlygyny il-halka paýlap ýörkä, ikinji bir ertekiniň gahrymany Baky nebisli («Baky nebisli») sürüläp maly barka, näsag aýalynyň derdine derman gözläp (kellebaşaýak), onam ýarym mugtuna aljak bo­lup ýurtdan-ýurda aşýar.

Soňundan hem päli-niýeti düzüw bolmadyk, nebsi dama­gy­ny çalyp barýan Baky nebisli ertekide halkyň eline, diline dü­şüp, şeýle bir eýlenip, täzeden ýasalýar welin, onuň erteki gah­ry­manydygy ýadyňdan çykyp gidýär.

Halk Baky nebislini itiň yzyna salyp, şeýle bir gözden dü­şür­ýär welin, zehiniň, ýazyjylyk ukybyň daş ýaraýmasa, beýle meňzetmäni tapyp, açgöz-husydyň häsiýetini beýle derejede ussatlyk bilen açmak mümkin däl. Bolmanda, bazarda bir kel­lebaşaýagy ýarym mugtuna diläp, gözgülban bolup duran Baky nebisli mugut kelle tapar-da, itiň yzyna düşmezmi?! Ol jübü­sin­den puluny çykaranyndan janyny berenini gowy görýär. Onuň öýünde bolsa «owlagyň ýa-da geçiniň kellesini getirdiň» diýjek adam ýok. Sebäbi Baky nebislä maşgalasyndan belet adam barmy?! Owlajygyň kellesini göterip barýan itiňem bada ol kelläni nireden çilendigi, ogurlap alypmy ýa zir-zibiliň için­den tapypmy, belli däl. Baky nebisli bu hakda oýlanardan has ejiz, pes. Baky nebisliniň Taňrysam, dost-ýaram, maşgalasam di­ňe baýlyk.

It janawer rysgalany agzyndan aljak bolup söbügine münüp gelýän adamdan gorkusyna, kürsäp döwüň gowagyna girýär.

Baky nebisli üçin item gorkuly däl, döwem, janyny berjek, emma kellebaşaýagy mugt aljak. Ýöne ol bagty getirip, öz ha­las­gäriniň üstünden düşýär. Hemişe giň, geçirimli, dözümsiz halk bu gezegem geçirimlilik edýär. Halk — «ýalkasa ýaz, gar­ga­sa gyş». Baky nebislini erteki gahrymanyna öwrüp, ony aç­göz­lügi, husytlygy üçin gözden düşürip, ýedi gat ýere sokandan soň, ýene dözmän, onuň durmuşyny ýaza öwrüp goýberiberýär.

Halk öz döreden jadyly, hyýaly ertekilerinde zerurlyk ýüze çykanda ölüsinem direldiberýär. Ol ruhy taýdan bir wagt ölüp giden  Bakysyny  hem  oýunda-hyýalynda  ýok,   garaşylmaýan

 
   


 

Add comment


Security code
Refresh