Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 13 November 2014 08:28

Sazyň ynsanyň kalbynda dürli duýgulary oýaryjy görnüşleri

Sazyň ynsanyň kalbynda dürli duýgulary oýaryjy görnüşleri

 

 

 

Sazyň üç görnüşi bar. Sazyň birinji gör­nüşi adama lezzet ber­ýär, kalbynda ýakym­ly, ajaýyp we köşeşdiriji duýgyny oýar­­ýar. Gözel keşbiň gözümize ýakymly bolup görnüşi ýaly, saz hem biziň gulagymyza hoş owaz bolup e‎şidilýär.

Sazyň ikinji görnüşi höwes döredýär, köňülde joşgun oýa­ryp, aňymyza dürli zat­la­ryň keşbini getirýär. Bu saz adamyň kal­bynda belli bir pikirleri döredip, olary amala aşyrmaga itergi berýär. Şeýle saz ajaýyp suraty we heýkeli gören ýaly täsir ýetir­ýär. Bu görnüşli sazlaryň käbiri ýakym­ly tomaşany, başga birleri bolsa haý­sy­dyr bir duýga bolan ymtylyşy aňladýar. Dog­rudan hem, ökdelik bilen çekilen surata seretmek ýakymly. Çün­ki, surat haýsydyr bir zadyň ýa-da jandaryň häsiýetini, he­reketini we ukybyny görkezýär. Meselem, gadymy adam­lar butuň keşbini döredip, öz hudaý­la­rynyň hereketlerini, häsiýet­le­rini, güýç-kuw­watlaryny aňladypdyrlar. Olar ýeke-täk Allata­galany däl-de, ‎‎eýsem öz hudaýlaryny hormatlapdyrlar, onuň bi­len durmuşlaryny baglanyşdyrypdyrlar. Şeýle butlary gö­ren­digi barada tebip Jalinus[1] hem ýatlap geçýär. Biziň günlerimizde hem şeýle butlar Hindistanyň uzak ‎etraplarynda bar.

Sazyň üçünji görnüşi ynsanyň hyýaly duýgularyny oýarýar. Sazyň bu görnüşi joş­gun, hyjuw görnüşinde ruhy halymyzy aň­la­dyp, owaza gelýär. Ynsana hem, haýwanlara hem ses ber­lip, olar şatlykly ýa-da gaýgyly ýagdaýlaryna görä, özlerine mah­sus sesleri çykarýarlar. Sesleriň kömegi bilen adam sözleri düz­ýär. Sözlerden bolsa sözlem emele gelýär. Haýwanlaryň sesleri adamyň many aňladýan sözlerindäki seslerinden we nagma­la­ryndan tapawutlanýar. Bu ýerde gürrüň haý­sydyr bir duýgynyň astynda haýwanlardan çykýan gykylykdaky we adamyň döred­ýän aý­dymyndaky sesler hem nagmalar barada bar­ýar. Ynsa­nyň ýa-da haýwanyň duýgusyna görä çy­karýan sesi, meselem, olar şadyýan wagtla­rynda ýa-da howsala düşenlerinde, ýa-da gor­ky astynda bolanlarynda dürli-dürlüdir. Ada­myň sesi ruhu­nyň düşen beýleki hallaryna hem baglydyr. Ses gaýgyny, nä­zik­ligi, ga­har-gazaby we başga duýgulary hem aňladyp biler. Sesler we nagmalar diňleýjide hem şonuň ýaly duýgulary we ru­hy haly döredip, ruhlandyryp, köşeşdirip ýa-da rahat­lan­dy­ryp biler.

Haýsydyr bir sazy diňlän wagtymyzda lezzet almagymyzyň sebäbi duýýan we kabul ed­ýän zadymyzyň sebäbi bilen bir­meň­zeş­dir. Çünki, şatlanmak ýa-da gynanmak kabul edilýän duý­gynyň kämilligine ýa-da kämil däldigine baglydyr. Bu me­se­läni derňän Fi­sagorisiň[2], onuň şägirtleriniň we fizikleriň göz öňünde tutan maksatlaryna ýetendigini öň­de subut ‎edipdik. Adam dürli sesleri çykar­mak bilen göwnüne teselli bermäge ymtylýar, hyýa­ly hyjuw onda maksada ýeten haly dö­red­ýär. Bu hyjuw öz-özünden ýitýär. Çünki, ol hyýaly ymtylyşyň netije­sin­de ‎emele ge­lip­di. Bu ýa-da onuň ornuny tutjak maksat ga­zanylaýsa-da, ol ýok bolýar.

Adamyň ruhy tarapdan belli bir hala düşýändigi we şol ýag­daýyna laýyk sesi çykar­ýandygy mälimdir. Ruhy ýagdaýda çy­karylýan sesleri ‎eşitmek hem oňa miýesser bolýar.

Joşgunyň çykaran sesleri we olaryň döredýän täsirleri onuň ornuny tutýar. Ruhy ýagdaýyň miwesi bolan joşgunyň netije­sin­de çykan sesler we nagmalar aňda hyýaly şöh­le­lenmäni dö­red­ýär we pikiriň peýda bol­magyna getirýär.

Ýokarda sazyň üç görnüşiniň bardygyny belläpdik. Olaryň birinjisi lezzet berýär; ikinjisi joşguny oýarýar; üçünjisi bolsa hy­ýalymyza täsir ‎edýär. Tebigy saz adatça ynsanyň şu üç duýgusyna täsirini ýetirýär. Kämil saz ‎‎eserleri adamlaryň hem­mesiniň ýa-da köpüsiniň şol duýgularyň täsirine düşmeklerine mejbur ‎edýär.

Ýakymly duýgulary oýaryjy sazy biz dynç alýan wagty­myz­da diňleýäris. Ol ruhy galkynyş duýgusyny döredýär. Göç­gün­lilik we joşgunlylyk oýarýan saz ruhy aýratyn bir hala dü­şür­ýär. Hyýaly duýgulary oýarýan saz dilewarlyk bilen söz­lenen söz ýaly peýda berýär. Şygryýet bilen goşulanda sazyň tä­si­ri has güýçlenýär.

Ýakymly duýgulary oýaryjy sazyň birin­ji görnüşi ruhy joşguny we hyýaly duý­gy­ny döredýär. Goşgynyň sözleri ýa­kym­ly nag­ma­lar bilen goşulyşanda, diňleýjiniň ün­süni has-da özüne çekýär. Çeper şygyr bilen ýakymly heň goşulanda täsiri güýçli bolýar. Sazyň üç görnüşi bir saz eserinde gabat gelse, onda bu eseriň kämil, ýakymly we örän peýdaly boljakdygy gürrüňsizdir. Diýmek, has ajaýyp we has netijeli saz onuň üç gör­nü­şini hem özüne birleşdirýän, şygryýet bi­len goşulyşan saz eseridir. Şeýle ýag­daý­da saz eseri hemme tebigy hillere eýe bol­ýar. Bu ýerde gürrüň diňe adam sesiniň çykar­ýan owazy ba­rada barýar. Gurallar bilen ça­lyn­ýan saz üçin bu hilleriň käbiri häsiýet­lidir. Heňler diňe adam sesiniň kämilligi bilen kämil bolýar.



 

 

Add comment


Security code
Refresh