Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 29 June 2017 22:18

yşknama

yşknama

 

 

Ýaşaýyş

düýş.

Kalderon.

Syryl, dünýäň perdesi,

janlan

pynhan erteki,

Söýgi dünýäň ertesi,

Biziň weli, şu günmüz.

Agaçlaryň başlaryn darap asman ýelleri,

Meýmiredip kem

-

kemden,

yrap barýar göwünmiz

Ýaşaýyş

düýş söýleňde,

ýaşaýyş

düýş söýseň

-de,

Ýanyma süýş şemala

Saçyň ýaý

-

da, melegim.

Eger tutsam eliňden,

di

ý sen näme diýseň

-

de,

Ýöne ýalňyz dilegim,

oýanaýma, melegim!

Ýaşaýyş

düýş, ynanaý,

gadam bas düýş içre sen,

Bu seleňlik howa däl,

Ýok, ol şerap, ol heser.

Ýeriň aňry ujuna gideli biz isleseň,

Çünki ýollar tükenmez,

Togalaga çünki Ýer!

Kalbymyñ senasy (Goşgular we poemalar)

Nobatguly REJEBOW

Şemalmy bu çolanýa

n

ýa

-

da gara saçyňmy?

Ellerim ýüzsün seniň gara saçlaryň yzlap.

Huşuňdan jyda düşseň, goý egnime başyňny,

Men huşuma geleýin gar dek alkymyň ysgap.

Ýaşyl ýyldyrdy akýar leýlisaçlaň telinden,

Pynhan ýylgyryp, bakýar dogan Aý

-

da

melegim,

Günämi geç eger

-

de,

öpsem seniň lebiňden,

Ýaşaýyş

düýş,

söýgi

-

düýş, oýanaýma, melegim.

Gepçi deý pyşyrdaşsa,

pyşyrdaşsyn hyşalar,

Pysyrdaşsyn guş ýaly ýaprajyklar şahada.

Aşyklar hijre taýyn,

didara gowuşsalar,

Bagtdan ýaňa aglamaga barmy gaýry bahana...

Ýelden näzik näzen

in,

urunma

-

da gujakda,

Hala sarçlygyň bagş et,

Hala agla, melegim.

Aşyklar jananyna janyny biýr guçanda.

Ýaşaýyş düýş ahyry,

oýanaýma, melegim.

Eger yşka uçrasan,

ýürek çatlar uçmasaň,

Munça bolmaz uçmaham.

Dünýä niçik owadan!

Saňa gözlerim gidýär,

söýgä

duşup düýş görüp,

Soňam süýji ukudan ýar goýnunda oýanan!

Uklap ýatyr bu mahal ynsy

-

jynsy pelegiň,

Bu gowgasy kän pelek rahat ukusyn alsyn.

Ýaşaýyş düýş ahyry, oýanaýma, melegim,

Häzir diňe oýanan biziň bagtymyz bolsun!!!

 

Add comment


Security code
Refresh