Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 05 June 2017 19:23

oraza aýy

oraza aýy

 

Geldi sogap bilen türkmen iline,
Köñül genji,halk halaty oraza.
Päkleniš kalplara ,ýoldur pällere,
Heññamlaryñ sahawaty oraza.

Dostlar dogan bolar, doganlar hem dost,
Ýürekler bir bolar,mähir artar has,
Kalplarymyza dolar çog läleli ýaz,
Köññülleriñ nagšy-haty oraza.

Tañrynyñ bendesi erkiñ emrinde,
Erk tanapy sabyrly gul elinde,
Ruhy belent mydam Aršyn deñinde,
Sežde etmiš hak ymmaty oraza.

Doga-dileg kylyp saba -säherde,
Adam ogly kalbyn päklär bu ilde,
Tañra tagzym eder alkyšly bende,
Köññülleriñ šasy,tagty oraza.

Tañra ynanalañ durky daýanar,
Ruhy melhem bilen güýç-kuwwat alar,
Netin päkläp,Aršyñ deñine galar,
Haktagallañ hemaýaty oraza...

Orazañyz kabul bolsun mähriban adamlar..

Add comment


Security code
Refresh