Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 23 March 2017 23:11

Nowruz geldi ülkäme

Nowruz geldi ülkäme

 

 


Hoşroý ysyn ýaýradyp, güläp suwun sepeläp,
Ýürekleri joşduryp, Nowruz geldi ülkäme,
Gül-çeçege bûreldi daglar,düzler, depeler,
Çeşmeleri daşdyryp, Nowruz geldi ülkäme,

Baýyrlarda bägüller, depelerde derekler,
Ýörüń, seýle gideliń, düzler bizi gereklär,
Pyntyk ýaryp gülledi ülje, alma, erikler,
Gözleri gamaşdyryp, Nowruz geldi ülkäme,

Ene ýeri bezeýär, dömüp çykan maýsalar,
Derin syryp dur daýhan, maýsalara ser salyp,
Topbak bulut damjasyn, sepeledi bir salym,
Dünýä nurun saçdyryp, Nowruz geldi ülkäme,

Gök keteni geýipdir, çölüń gandym, sözeni,
Mahmal myhak bezäpdir, Dehistanyń düzüni,
Geçip barýar durnalar, toýnak gurap düzülip,
Dullarymyzy açdyryp, Nowruz geldi ülkäme,

Berkarardyr ýurdumyz, çar-künjümiz gülüstan,
Gün-günden gülläp ösýär, Garaşsyz Turkmenistan,
Bäş müń ýyllyk taryhyń, her eýýamyń bir dessan,
Mańa goşgy goşduryp, Nowruz geldi ülkäme,

Bahargül Mämiýewa

Bahar baýramy.


Toý toýlaýas uludan -
Milli bahar baýramy.
Ilim şeýle owadan,
Geldi bahar baýramy.

Toý gazany ojakda,
Bişip dur milli tagam.
Aýdym-sazyń şowhuny,
Goýmaz kalpda gussa-gam.

Dabarada bäsleşik
gyzykdyrýar baýramy.
Çekeleşip, ýaryşda,
ezber alýar baýragy.

Bir ýerde küşt depilýär,
Aýlawda - at çapyşyk.
Soń taýlaşýan ýaşlar kän,
baýram guni tapyşyp.

Baharda Nowruz guni
semeni datmak sogap,
Toý donun geýen ýurdum,
Sańa edýärin togap.

Çemen Annaberdiýewa

Add comment


Security code
Refresh