Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 19 March 2017 16:24

Reýhan bolup gel!

Reýhan bolup gel!

 

 

 


Gel, Nowruzym, gül düşe-de ýoluńa,
Reńbe-reń läleli, reýhan bolup gel!
Müşki-anbar saçyp sag-u-soluńa,
Kalba hyjuw, dile zyban bolup gel!

Zemin geýinipdir ýaşyl begresin,
Toý-baýrama besläp ýurduń degresin.
Bal semeni bezär toýuń suprasyn,
Päklik, arzuw, yşka pynhan bolup gel!

Watan mähri bar mähirden zyýada,
Gezsem synlap ony paý-u-pyýada,
Hak nazary düşen gözel diýarda,
Derelere aşyk, seýran bolup gel!

Synla gözelleriń ogryn bakyşyn,
Dińle bilbilleriń nagma kakyşyn,
Gel, synlaýyn messan-messan basyşyń,
Bir ajap nama hem dessan bolup gel!

Hallygözel Amangeldiýewa

Add comment


Security code
Refresh