Monday, 31 July 2017 08:55

ÜZÜMLI GÜRRÜŇ

ÜZÜMLI GÜRRÜŇ

 

 

 

Bir adam bir öýe myhman bolupdyr. Onuň myhman bolan öýüniň bişip oturan üzümi bar eken, emma ondan gelen myhmana bermändirler. Onda myhman:

— Biziň iller, biziň iller,

Biziň ilde üzüm iýrler - diýýär.

Onda öý eýesi myhman tizräk gitmezmikä diýip:

— Biziň iller, biziň iller,

Biziň ilde üzümi

Bu gün üzüp,

Ertir iýrler - diýen.



[i] 902 belgili bukja. Kirilisada. Kerkili Hekim Çaryýewden ýazyp alan S.Annanurowa. 1958 ý.

Add comment


Security code
Refresh