Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 17 July 2016 14:44

KYRK BIR DÜÝE

KYRK BIR DÜÝE

 

 

 

Bir wagtlar bir baý otuz dokuz düýäni zatdan ýükläp, Hywa argyşa ugran. Kyrkynjy düýä bolsa özi münüp, agyr kerweniň başyny çekipdir. Ol orta ýola baranda, düýelerini sanap görse, bir düýesi ýetmän duruberýär. Ol öz gözlerine ynanman, gaýta-gaýta sanaýar, ýöne şol biriniň kemligimiş. Baý ýiten düýesini gözlemek üçin kerweni yzyna öwürýär.

Ýolda onuň öňünden bir eşeklije ýaşuly çykýar. Nebsiniň ýesiri baý salam-helikden öňürti bir düýesini ýitirendigini aýdýar. Soňam şony görenini, görmänini, soraýar.

— Düýäň näçedi?

— Kyrkdy-la. Indi otuz dokuz...

Ýaşuly düýeleri sanap görýär-de:

— Düýäňä 41 sany, gaýta biri artygam - diýýär.



Şol ýerde.

Add comment


Security code
Refresh